Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

28.06.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Mejlisde Prezident maksatnamasynyň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine garaldy, şeýle hem mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


28.06.2018 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Atadurdy Haldurdyýewiç Baýramow Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) konsuly wezipesine bellenildi.


27.06.2018 | Medeniýet hepdeligi — 2018: dabaraly jemlenme

Türkmenistan Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi belleýär. Ahal jülgesinde, “Nowruz ýaýlasynyň ak öýünde” Medeniýet hepdeligi — 2018-iň ýapylyş dabarasy hem-de bu baýramçylyk mynasybetli sungat ussatlarynyň gala-konserti boldy.


27.06.2018 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna

Sizi «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda ilkinji gezek bellenýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.


26.06.2018 | Magtymguly adyndaky teatryň sahnasynda — “Hüýrlukga — Hemra” operasy

Medeniýet hepdeliginiň bäşinji gününiň çäklerinde Ahal welaýatynyň Änew şäherinde “Küşt depip, gazal aýdyp...” atly konsert geçirildi. Onda ýurdumyzyň folklor we tans toparlarynyň çykyşy boldy. Bu çäräniň maksady aýdym we tans däplerini, ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni gymmatlygynyň sanawyna girizilen küştdepdini giňden wagyz etmekden ybaratdyr.


26.06.2018 | «Söwda we hyzmat — 2018» atly sergi-ýarmarka

Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde “Söwda we hyzmat — 2018” atly sergi-ýarmarka açyldy. Ol ýurdumyzda haryt bolçulygyny yzygiderli artdyrmak we hyzmatlar ulgamynda gazanylan üstünlikleri hem-de bu ulgamlaryň geljekki ösüşini görkezmelidir.


26.06.2018 | «Söwda we hyzmat - 2018» atly sergi-ýarmarka gatnaşyjylara

Sizi «Söwda we hyzmat - 2018» atly sergi-ýarmarkanyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda guralýan bu sergi-ýarmarkanyň söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde ýokary netijeleri gazanmaga ýardam berjekdigine ynanýaryn.


26.06.2018 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň işgärlerine

Sizi Garaşsyz we hemişelik Bitarap döwletimiziň prokuratura edaralarynyň işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


25.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly hem-de döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meseleleri girizildi.


25.06.2018 | Galla oragynyň depginleri: Mary welaýaty

Mary welaýatynyň gallaçylary 25-nji iýundaky ýagdaýa görä, 265 müň tonna golaý bugdaý taýýarladylar. Döwlet buýurmasy 70 göterime golaý berjaý edildi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter