Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

05.09.2018 | Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara

«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda ata Watanymyz, mähriban halkymyz berkarar döwletimiziň taryhynda uly we möhüm waka öwrüljek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygynyň toýuna uly üstünlikler, ýokary ruhubelentlik bilen barýar. Berkararlygyň we bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň hem-de rowaçlygyň ak ýolunda belent maksatlara ruhlandyrýan baş baýramymyzyň şanyna Garaşsyz, Bitarap döwletimizde gazanylýan üstünliklere egsilmez buýsanç duýgularyny has-da pugtalandyrýan aýdym-sazly dabaralar, medeni-jemgyýetçilik çäreleri geçirilýär.


04.09.2018 | Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň täze gurluşyklarynda işleriň barşy bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça dikuçarda paýtagtymyzda alnyp barylýan iri gurluşyklaryň, birnäçe desgalaryň, şäheriň durmuş düzümini ösdürmek, abadanlaşdyrmak boýunça maksatnamanyň iş ýüzünde ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy. Milli Liderimiz uçuşyň dowamynda paýtagtymyzyň ekologiýa ýagdaýyna aýratyn üns berdi.


04.09.2018 | Üç günde — 17 medal

Çarwadarlaryň III Bütindünýä oýunlarynyň üçünji gününde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň gazananlarynyň üsti medallaryň ýene-de bäşisi bilen ýetirildi. Olaryň hatarynda üç altyn, bir kümüş we bir bürünç medallar bar. Ýaryşa gatnaşýan halklaryň milli göreşiniň görnüşlerinde üstünlikli çykyş etmek biziň türgenlerimiz üçin oňat däbe öwrüldi.


04.09.2018 | Ulaglogistik düzümi döretmek boýunça halkara maslahat

Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Merkezi Aziýada sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (MASYH) agza ýurtlarynyň ýük daşaýjylarynyň assosiasiýasynyň federasiýasynyň 9njy mejlisi geçirildi.


03.09.2018 | Çar­wa­dar­la­ryň Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ryn­da ýe­ne-de 9 me­dal ga­za­nyl­dy

Çar­wa­dar­la­ryň III Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry­nyň ikin­ji gü­nün­de Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ga­za­nan­la­ry­nyň üs­ti dür­li gym­mat­lyk­da­ky me­dal­la­ryň 9-sy — dört al­tyn, bir kü­müş we dört bü­rünç me­dal bi­len ýe­ti­ril­di. Bi­ziň tür­gen­le­ri­mi­ze gu­şak­lar­da mil­li gyr­gyz guşakly gö­re­şi bo­lan alyş bo­ýun­ça ýa­ryş­lar­da üs­tün­lik ýar bol­dy.


02.09.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ahalte­ke at­çy­lyk top­lu­my­na bar­dy

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç gü­ni ir sä­her bi­len Ahal­te­ke at­çy­lyk top­lu­my­na gel­di. Bu ýer­de döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ede­bi dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­dy hem-de aja­ýyp ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne ideg et­di.


02.09.2018 | Türk­men at­çy­ly­gy — dün­ýä met­bu­ga­ty­nyň sa­hy­pa­syn­da

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let sir­ki dynç gü­ni no­bat­da­ky möw­sü­mi­ni aç­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bi­len Di­ýa­ry­myz­da tä­ze­den di­kel­di­len sirk sun­ga­ty soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­my­zyň me­de­ni dur­mu­şyn­da hem-de paý­tag­ty­my­zyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň we myh­man­la­ry­nyň dynç alyş gün­le­rin­de gör­ne­tin ha­dy­sa öw­rül­di.


02.09.2018 | Çar­wa­dar­la­ryň Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ryn­da mil­li to­pa­ry­myz üç me­dal ga­zan­dy

Gyr­gyz Res­pub­li­ka­syn­da açy­lan Çar­wa­dar­la­ryň III Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ryn­da türk­men päl­wan­la­ry dür­li de­re­je­li üç me­dal ga­zan­dy­lar. Tä­jik mil­li gu­şak­ly gö­re­şi bo­lan “guş­ti­ni mil­li ka­mar­ban­di” gö­re­şi bo­ýun­ça ýa­ryş­lar ýy­gyn­dy to­pa­ry­myz üçin ne­ti­je­li bol­dy.


02.09.2018 | Türk­me­nis­tan üs­ta­şyr ho­wa gat­naw­la­ry ba­bat­da hyz­mat­daş­ly­gy ber­kid­ýär

Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­la­r bi­len ho­wa gat­naw­la­ry ba­bat­da öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek bo­ýun­ça “Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry” gul­lu­gy­nyň iş­gär­le­ri­niň öňün­de go­ýan we­zi­pe­le­ri­ni ama­la aşyr­mak bi­len, Türk­me­nis­tan üs­ta­şyr gat­naw­la­ry­nyň des­sin­li­gi­ni we yg­ty­bar­ly­ly­gy­ny hal­ka­ra öl­çeg­le­re la­ýyk­lyk­da do­ly üp­jün ed­ýär.


02.09.2018 | XVIII to­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ry ta­mam­lan­dy

In­do­ne­zi­ýa­da “Bung Kar­no” sta­dio­nyn­da XVIII to­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ýa­py­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. Bu to­ma­şa ýa­ryş­la­ry ge­çir­ýän ýur­duň öz­bo­luş­ly mil­li öwüş­gin­le­ri­ne bes­len­di. Ýa­gyş hem bu da­ba­ra­nyň kö­pö­wüş­gin­li hä­si­ýe­ti­ne päs­gel be­rip bil­me­di.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter