Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

20.12.2018 | Ýulduz Jumabaýewa — agyr atletika boýunça halkara ýaryşyň baýragyna eýe boldy

Agyr atletika boýunça Kataryň 5-nji halkara kubogy ugrunda Dohada geçirilýän ýaryşlarda türkmen topary ilkinji medaly gazandy.


19.12.2018 | Pudaklaýyn forumlar — 2018: Ählumumy logistika we Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary

Ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky döwletara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýän hem-de ýurdumyzda ulag ulgamy babatda geçirilýän pudaklaýyn maslahatlar bu ugurdaky özara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmeginiň möhüm şerti bolup durýar.


18.12.2018 | Pudaklaýyn forumlar — 2018: ýangyç-energetika toplumynyň gazananlary we geljegi

Geçen duşenbe güni, 17-nji dekabrda ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri bilen geçiren wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän halkara derejeli pudaklaýyn işewür forumlaryň möhümdigine ünsi çekdi.


18.12.2018 | «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» diýen ýygyndynyň nobatdaky jildi

Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän “Ösüşiň täze belentliklerine tarap” diýen ýygyndynyň nobatdakysy — 11-nji jildi çapdan çykdy.


17.12.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.


17.12.2018 | Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň owgan ugruny dikeltdi

Şu gün paýtagtymyza ulag we üstaşyr hyzmatdaşlyk hakynda baglaşylan Ylalaşyga laýyklykda, “Lazurit” (Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe) ugry boýunça ilkinji synag gatnawyny amala aşyrýan ýük ulaglar kerweni geldi.


17.12.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hanym Salome Zurabişwilä Gruziýanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16.12.2018 | Skaýranning boýunça Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşda ýeňijiler belli boldy

Paýtagtymyzyň “Saglyk ýolunda” şu ýyl skaýranning boýunça Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrunda ylgaw ýaryşlary tamamlandy. Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň howandarlygynda “Agama” alpinist topary ýaryşyň guramaçysy boldy.


15.12.2018 | Ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda Täze ýyl arçalarynyň yşyklary nur saçdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda asylly däbe öwrülen belent başly Täze ýyl arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky giň meýdançada oturdylan iň belent arçada geçirildi. Bu ýerde Täze ýyly garşylamak dabaralary ýaýbaňlandyrylýar.


15.12.2018 | Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi açyldy

Şu gün paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň däbe öwrülen sergisi açyldy. Ony Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkiýäniň “Meridýen Uluslararasi Fuarçilik” kompaniýasy bilelikde gurady.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter