Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

11.07.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti «Tatneft» açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktoryny kabul etdi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyşda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “Tatneft” açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Nail Maganowy kabul etdi.


11.07.2018 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkiminiň orunbasary Hajygeldi Baýramdurdyýewiç Orjykowyň üstüne ýüklenildi.


10.07.2018 | Türkmen gimnastikaçysy «Aziýanyň ýaňy» festiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde 4 — 8-nji iýulda geçirilen “Aziýanyň ýaňy” atly sirk sungatynyň XI halkara festiwalynda Türkmenistanyň wekili kümüş baýraga mynasyp boldy.


10.07.2018 | Ylham joşguny — döredijiligiň çäksiz çeşmesi

Şu gün zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz boş wagtyny «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynyň dowamyny işlemäge, aýdym-saz döredijiligine bagyşlady.


10.07.2018 | Ýaş işgärleri taýýarlamak döwlet ähmiýetli işdir

Ministrler Kabinetiniň 5-nji iýulda bolan giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekip, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny, 2018-nji ýylda orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklady.


09.07.2018 | Watanymyz sport ruhubelentligi hem-de döredijilik zehini bilen beýgelýär

Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň alty aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 9 — 23-nji iýul aralygynda ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň dynç alşa çykýandygyny yglan etdi.


09.07.2018 | «Miras» žurnaly: milli medeni miras wagyz edilýär

Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň her çärýekde çykýan ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň birinji sany 2018-nji ýyl üçin neşiriň sanlarynyň tapgyryny açýar, ol öz sahypalarynda halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasy barada söhbet edýär.


09.07.2018 | Türkmen dzýudoçylary Hytaýyň Taýbeýinde geçirilen ýaryşda iki medaly eýelediler

Dzýudo boýunça Hytaýyň Taýbeýinde tamamlanan Aziýanyň açyk halkara ýaryşynda türkmen türgenleri iki medala mynasyp boldular. Bäsleşiklere 23 ýurtdan iki ýüze golaý türgen gatnaşdy, olar ähli sebit konfederasiýalaryna wekilçilik edýärler.


09.07.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Akihito hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abä ýurtda ýagan güýçli ýagyşlaryň netijesinde köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren giň gerimli suw joşguny we süýşgünler zerarly, gynanç hatlaryny iberdi.


09.07.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň Tekirdag welaýatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren otly heläkçiligi zerarly, gynanç hatyny iberdi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter