Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

07.01.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.ALLAKULYÝEW hakynda

Söhbet Allakulyýewi Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.


07.01.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY ALLANAZAROW B.A hakynda

Allanazarow Babajan Ataýewiçi, işde goýberen kemçilikleri üçin, Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.


07.01.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY A.B.AGAMYRADOW hakynda

Agamyrat Berdimyradowiç Agamyradowy Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.


06.01.2019 | Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň we welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlary bellemek hakynda


06.01.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy

Roždestwonyň şatlykly hem-de Täze ýylyň bagtly bolmagyny arzuw edýärin.


06.01.2019 | Ýaponiýanyň Premýer-ministri Osaka şäherini EXPO 2025-iň geçiriljek ýeri hökmünde saýlanylmagyny goldandygy üçin türkmen Liderine minnetdarlyk bildirdi

Parižde ýerleşen Halkara sergiler edarasynyň Baş Assambleýasynyň çäklerinde geçirilen saýlawlarda EKSPO 2025 Bütindünýä sergisiniň geçiriljek ýeri hökmünde Osaka-Kansaýyň saýlanandygyny Siziň Alyhezretiňize habar bermek meniň üçin uly hormatdyr. Türkmenistanyň beren goldawy üçin Ýaponiýanyň Hökümetiniň adyndan hoşallygymy beýan edýärin.


05.01.2019 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gurbansoltan Amanowa Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.


05.01.2019 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.


05.01.2019 | Türkmenistanyň Baş arçasy – GDA ýurtlaryndakylaryň iň belendidir

«Älem» Medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasynyň belentligi depesine gelşik berýän sekizburç ýyldyzy bilen 38 metrdir. Ol GDA ýurtlaryndakylardan iň belendidir. Azerbaýjanyň we Ermenistanyň paýtagtlarynda oturdylan Täze ýyl arçalary Aşgabat arçasyndan 1 metr pesdir. Özbegistanyňky – 3 metr, Belarusyňky- 8 m, Täjigistanyňky – 10 m, Russiýanyňky- 11 m, Gyrgyzystanyňky, Gazagystanyňky we Grusiýanyňky -13 metr keltedir.


04.01.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilen täze, 2019-njy ýyldaky ilkinji hökümet mejlisini geçirdi. Mejlisde mähriban halkymyzyň mundan beýläk hem abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy bilen bagly hem-de döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter