Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

30.04.2019 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2019-njy ýylyň geçen dört aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi.


30.04.2019 | Türkmen awtomobil sürüji- türgenleri Astrahan oblastynda geçirilen halkara ýaryşynda şowly çykyş etdiler

Astrahan oblastynda geçirilen ralli-reýd boýunça Russiýanyň çempionatynyň --“Kagan altyny-2019” ýaryşynyň ikinji tapgyry tamamlandy.


30.04.2019 | Bahreýniň Patyşasy Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň barha ösdüriljekdigne ynam bildirdi

Siziň Alyhezretiňiziň biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek ugrundaky tagallalaryňyza ýokary baha bermek bilen, Size iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn hem-de Beýik Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize üstünlik we rowaçlyk dileýärin.


30.04.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda

«Kazyýet hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 25-nji, 43-nji, 54-nji, 56-njy, 72-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:


29.04.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, welaýatlary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhüm wezipelerine garaldy.


28.04.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşdy

Ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giň gerim bilen geçirilip, oňa köp sanly dabaraly çäreler bagyşlandy. Behişdi ahalteke bedewi olaryň baş gahrymany boldy.


28.04.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli gutlaglary kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip atlandyrylan ýylda giňden we dabaraly bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Milli parlamentiň ýolbaşçysyndan, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryndan, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlerinden gutlaglary kabul etdi.


28.04.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, «KamAZ» paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Sergeý Kogogin, «Tatneft» paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Nail Maganow, «UK» KER-Holding» jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiniň ýolbaşçysy Hamis Mahýanow bilen duşuşdy.


28.04.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň tebigaty goramak, suw we oba hojalyk ministrini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Saud Arabystany Patyşalygynyň tebigaty goramak, suw we oba hojalyk ministri Abdulrahman Abdulmohsen Al Fadleýi kabul etdi.


28.04.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emiriniň maşgala agzasyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Katar Döwletiniň Emiriniň dogany Şeýh Tani Bin Hamad Bin Halifa Al Tanini kabul etdi.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter