Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

21.05.2019 | Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresine gatnaşyjylara

Ilki bilen siziň ähliňizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


20.05.2019 | Resmi habar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda ýaşaýan ilatyň howpsuz ýaşaýyş-durmuş, ykdysady we ekologiýa şertlerini üpjün etmek, seýsmik howplulyk derejesini kesgitlemek, hasaba almak we ýüze çykyp biljek ýertitremeleriň täsirini peseltmek, şeýle hem «Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda seýsmik töwekgelçiligi peseltmek» maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


20.05.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Wengriýanyň daşary işler we daşary söwda ministrini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Wengriýanyň daşary işler we daşary söwda ministri Peter Siýýartony kabul etdi.


19.05.2019 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 63-si hasaba alyndy.


18.05.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly çärelere gatnaşdy

Şu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi goşa baýram hökmünde dabaralandyrýar. Munuň özi mähriban Watanymyzyň özygtyýarlylygyny, halkymyzyň bozulmaz agzybirligini we bitewüligini aňladýan şanly senelerdir.


18.05.2019 | Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň hormatyna aýdym-sazly dabaralar

Şu gün paýtagtymyzyň gözel ýerinde, açyk asmanyň astynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ählihalk baýramçylygyna bagyşlanan döredijilik agşamy — dabaraly konsert geçirildi.


18.05.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlarymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlady

Sizi milli senenamamyzda möhüm sene — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


17.05.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly bilelikdäki mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi.


17.05.2019 | Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň hormatyna ylmy-amaly maslahat geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öň ýanynda Türkmenistanyň Mejlisi ýurdumyzyň Demokratik partiýasy, jemgyýetçilik guramalary hem-de Bilim ministrligi bilen bilelikde ylmy-amaly maslahat geçirip, onuň işine gatnaşmak üçin parlamentiň deputatlaryndan başga-da, partiýa we jemgyýetçilik işgärlerini, alymlary hem-de syýasatşynaslary, zähmetkeşler toparlarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekillerini, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryny hem-de ýaşlary çagyrdy.


17.05.2019 | Täze döwrebap ýyladyşhana toplumy açyldy

Şu gün, giňden bellenilýän umumymilli baýramçylygyň — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öň ýanynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gozgan geňeşliginiň çäginde häzirki zaman ölçeglerine kybap gelýän derejede gurlan täze ýyladyşhananyň açylyşy boldy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter