Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

опубликованно 17.04.2015 // 832 - просмотров
 

Aşgabat, 17-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň öňünde durýan möhüm wezipelere we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem mejlisiň barşynda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy we birnäçe resminamalar kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtmak bilen, wise-premýer Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň maliýe ýagdaýyna geçirilen seljermeleriň netijeleri barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň maliýe we bank edaralarynyň işleriniň pudaklaýyn ösüş maksatnamasynda kesgitlenen möhletlerde ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň guralyşynda
haýal-ýagallyga ýol berendigi we ykdysady seljermeleriň öz wagtynda geçirilmändigi üçin wise-premýerler A.Goçyýewe hem-de P.Taganowa nägilelik bildirp, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň döwrüň talabyna laýyk derejede gurnamak babatda birnäçe tabşyryklary berdi

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzda durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak w ösdürmek, döwletimiziň halkara başlangyçlaryna goldaw bermek hem-de milli parlamentiň kanunçykaryjylyk işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Bellenilişi ýaly, iş toparynyň mejisinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça gelip gowşan tekliplere seredildi we seljerildi, şeýle hem onuň täze redaksiýasynyň taslamasy taýýarlanyldy. Onuň hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň Baş Kanunyny kämilleşdirmek baradaky Konstitusion toparyň garamagyna beriljekdigi barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz milli parlamentiň kanunçykaryjylyk işi durmuş ulgamyny nazarlaýan döwlet syýasatynyň we ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginiň möhüm guraly bolup durýandygyny belläp, milli parlamentiň işiniň halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, raýat edaralarynyň berkidilmegine we jemgyýetde demokratik ýörelgeleriň pugtalandyrylmagyna gönükdirilmelidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz bu işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde, ýerlerde bar bolan meseleleriň oňyn çözülmeginde deputalaryň saýlawçylar bilen ýygjam duşuşyklarynyň, ýerli häkimiýet guramalary we jemgyýetçilik guramalary bilen aragatnaşygynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny nygtady.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyp, öňdebaryjy tejribeleriň öwrenilmeginiň hem-de ornaşdyrylmagynyň we dünýä ölçegleriniň milli hukuk ulgamynda peýdalanylmagyny nazara almagyň wajypdygyny belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň 11-14-nji aprelde Koreýa Respublikasyna bolan döwlet saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, 12-nji aprelde döwlet Baştutanymyzyň Tegu şäherinde VII Bütindünýä suw forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşandygy bellenildi. Milli Liderimiz forumyň belent münberinden çykyş edip, ýurdumyzyň garaýyşlaryny we oňyn başlangyçlaryny beýan etdi. Şol başlangyçlar bolsa häzirki zamanyň möhüm ählumumy meselelerini çözmäge, şol sanda BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamaga gönükdirilendir.

13-nji aprelde Seul şäherinde geçirilen ýokary derejedäki türkmen-koreý gepleşikleriniň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekilendigi bellenildi. Bu resminamalar däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň strategiki häsiýete eýedigine, iki ýurduň mundan beýläk hem köp ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge meýillidigine şaýatlyk edýär.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümetiniň wekiliýetiniň agzalary döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça koreýaly hyzmatdaşlary, şol sanda Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyklaryň birnäçesini geçirdiler. Olaryň barşynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de okgunly ösdürmegiň mümkinçilikleri babatda döwletara gatnaşyklarynyň geljegi gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy.

Wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasyna boljak iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada hem hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, soňky ýyllarda türkmen-koreý gatnaşyklarynyň hil taýdan täze ösüşe we many-mazmuna eýe bolandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Seulda ýokary derejede geçirilen gepleşikler we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine anyk çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga ýardam edýän dürli derejede yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklar hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady ulgamda türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ägirt uly kuwwata eýedigini aýdyp, öňdebaryjy ýokary tehnologiýalar ulgamynda netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmegiň wajypdygyny belledi. Häzirki döwürde Türkmenistan bu tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga çalyşýar. Däp bolan medeni-gumanitar gatnaşyklary pugtalandyrmak hem uly ähmiýete eýedir. Bu ulgamda bilim we ylym, saglygy goraýyş, sport hem-de syýahatçylyk ugurlary boýunça özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin oňat mümkinçilikler bar.

Milli Liderimiz aýdylanlary jemläp, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen, şol sanda özüniň daşary syýasy we daşary ykdysady işiniň strategiki ugurlarynyň biri hökmünde Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary, şeýle Günorta- Gündogar Aziýa döwletleriniň assosiasiýasy (ASEAN) bilen oňyn gatnaşyklary ösdürmek babatda netijeli hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň netijeleri boýunça gol çekilen resminamalarda berkidilen ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň ählisiniň iş ýüzünde yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny belläp, wise-premýere, daşary işler ministrine bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Türkiýe Respublikasyna boljak iş saparyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Bu sapar iki ýurduň we halklaryň arasyndaky däp bolan dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolunda nobatdaky ädim bolmalydyr.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowa söz berilýär. Ol möwsümleýin oba hojalyk işlerini ýerine ýetirmegiň barşy barada hasabat berdi. Welaýatlarda gowaça ekişiniň depgininiň günsaýyn ýokarlanýandygy bellenildi. Şunuň bilen birlikde, güýzlük galla ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek boýunça işler dowam edýär.

Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramyna taýýarlyk görmek barada hasabat berdi. Baýramçylyk çärelerine dünýäniň 50 ýurdundan daşary ýurtly myhmanlaryň 500-den gowragynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Aşgabatdaky dabaralaryň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň V mejlisi, “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly VII halkara ylmy maslahaty, ýöriteleşdirilen halkara sergi-ýarmarka guralar.

Baýramçylyk mynasybetli Köpetdag şaýolunyň ugrunda ýerleşýän uzak aralyga atly bäsleşik meýdançasynda ýaryş hem-de Halkara atçylyk sport toplumynda bedewleriň päsgelçilikden bökmek boýunça bäsleşik, dürli aralyklara at çapyşyklary geçiriler. Hususan-da, Aşgabat atçylyk sport toplumynda ýetginjek çapuksuwarlaryň arasynda ilkinji gezek baýramçylyk at çapyşyklary guralar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýazky oba hojalyk çärelerini, ilkinji nobatda bolsa gowaça ekişini we ýakyn wagtda başlanjak galla oragyny geçirmegiň meýilnamasyny ýene-de bir gezek seljermegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz bu barada anyk tabşyryklary berip, ekerançylykda ähli zerur agrotehniki kadalaryň ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik edilmeginiň, oba hojalyk pudagynda öňdebaryjy tehnologiýalary, ylmyň soňky gazananlaryny işjeň ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan çäreleri ýokary derejede guramak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz dünýäde meşhur ahalteke bedewlerine uly gyzyklanma bildirilýändigini hem-de munuň şu ugurda netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine degerli badalga berýändigini nygtap, döwletimiziň hemmetaraplaýyn goldaw bermegi netijesinde türkmen seýisleriniň we atşynaslarynyň ahalteke bedewiniň tohumynyň arassalygyny saklamak, bu ajaýyp bedewleriň keşbini kämilleşdirmek hem-de sanyny artdyrmak boýunça netijeli işleri alyp barýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşikleriniň, halkara bäsleşikleriniň we sergi- ýarmarkalaryň guralmagynyň türkmen halkynyň atşynaslyga degişli iň oňat ýörelgeleriniň ösdürilmegine, ýurdumyzyň atçylygynyň we atçylyk-sport mekdebiniň halkara atçylyk pudagyna işjeň goşulyşmagyna, behişdi bedewleriň dünýädäki şan-şöhratynyň artdyrylmagyna ýardam berýändigini aýtdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ahalteke bedewi ata Watanymyzyň döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly hereketini alamatlandyrýan hem-de türkmen halkynyň milli mirasynyň, döredijilikli zehininiň nesilden-nesle geçýändigini aýdyň görkezýän ajaýyp nusga öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke bedewlerimiziň milli we dünýä medeniýetiniň taryhy gudraty bolmagynda galyp, Türkmenistanyň durmuşyň dürli ugurlarynda uly üstünliklere eýe bolmagynyň ajaýyp nyşany bolup durýandygyny aýratyn nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçiriljek medeni çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Wise-premýer ýurdumyzda giňden bellenilýän milli baýrama bagyşlanyp geçiriljek giň möçberli çäreler barada durup geçdi. Olaryň hatarynda maslahatlar, sergiler, duşuşyklar, konsertler bar. Bu çäreler muzeýlerde, kitaphanalarda, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň halyçylyk kärhanalarynda, şeýle hem ýurdumyzyň ähli sebitlerindäki atçylyk-sport toplumlarynda geçiriler.

22-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda yglan edilen döredijilik bäsleşigine hödürlenen eserleriň sergisiniň geçiriljekdigi habar berildi. Bu bäsleşigiň jemleýji tapgyryny bolsa, 24-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidentiniň ahatleke atçylyk toplumynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Aprel aýynyň 25-nde Aşgabat atçylyk sport toplumynda ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda guraljak at çapyşygy mynasybetli dürli medeni çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreleriň dowamynda paýtagtymyzdaky hem-de welaýatlarymyzdaky çagalar çeperçilik mekdepleriniň okuwçylarynyň türkmen atlarynyň gözelligini beýan edýän şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi guralar. Ýurdumyzyň ýetginjek aýdymçylarynyň we tansçylarynyň çykyşlaryna tomaşa ediler.

Baýramçylyk gününde – 26-njy aprelde Halkara ahalteke atçylyk toplumynda ahalteke bedewleriniň gözelligini beýan etmek ugrunda guralan döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň eserleriniň, şeýle hem şekillendiriş, heýkeltaraşlyk, zergärçilik eserleriniň sergisi guralar. Ýurdumyzyň tanymal aýdymçylary, bagşy-sazandalary, folklor-tans toparlary Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda Garaşsyz hem-de Bitarap Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerini, türkmen bedewini wasp edýän çykyşlary ýerine ýetirerler. Şol gün welaýat merkezlerindäki atçylyk sport toplumlarynda konsertler geçiriler. Baýramçylyk mynasybetli sahna oýunlary, konsertler, ýörite tele we radio gepleşikler, dokumental filmler, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde makalalar taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli sebitlerinde baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde, türkmen toýuna mahsus görnüşde geçirilmegini üpjün etmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz Türkmenistanda geçirilýän baýramçylyk çäreleriniň, şol sanda ahalteke bedewlerine bagyşlanan döredijilik bäsleşikleriniň behişdi bedewleri bütin dünýäde wagyz etmek we olaryň şan-şöhratyny artdyrmak işinde, şeýle hem atçylyk pudagynda mundan beýläk-de maksada okgunly işleri alyp barmakda möhüm orun eýeleýändigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýene-de bir iri maýa goýum taslamasyny – dizel ýangyjyny wodorod bilen arassalaýan hem-de wodorod öndürýän bölekli kokslama we katalitik kreking desgalarynyň benzinlerinden wodorod bilen kükürdi arassalaýan desgalary gurmak taslamasyny durmuşa geçirmäge görülýän taýýarlyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Günorta Koreýanyň “LG International Corp.” we “Hyundai Engineering Co, LTD” kompaniýalar konsorsiumynyň arasynda bu desgalaryň taslamasyny düzmek we gurmak baradaky şertnama hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna bolan döwlet saparynyň çäklerinde gol çekildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna degişli kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmegiň wezipelerine ünsi çekdi. Şol wezipeleriň çözülmegi bolsa ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmaga, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga we degişlilikde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, täze ýataklary çalt özleşdirmegiň, türkmen energiýa serişdelerini daşary ýurtlara ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň hasabyna ýangyç serişdelerini çykarmagyň möçberlerini artdyrmak, nebitgaz çykarýan senagatyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak, täze nebithimiýa kärhanalaryny gurmak wezipeleri hem durýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumynda innowasion tehnologiýalary giňden ulanmagyň dünýäniň esasy nebitgaz kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň, daşary ýurt maýalaryny çekmegiň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda desgalary gurmak hakyndaky” Karara gol çekip, wise-premýere ýakyn geljekde nebiti gaýtadan işleýän senagatda durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan täze düzümleýin taslamalary ilerletmek boýunça işleriň depginini güýçlendirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary şäherinde medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin niýetlenen, türkmeniň ak öýi görnüşindäki 3 müň orunlyk binany gurmak hakyndaky Karara gol çekdi. Döwlet Başutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Mary welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary B.Hojamuhammedowa şol taslamanyň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler, paýtagtymyzdaky senagat kärhanalarynyň birnäçesiniň işini düzümleýin özgertmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.

“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň “Argaç” ýüň egiriji kärhanasynyň, Dokma senagaty ministrliginiň “Bahar” tikin önümçilik birleşiginiň hem-de Aşgabat gön zawodynyň önümçilik işlerini kämilleşdirmek we göçürmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dokma senagatynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň senagat ulgamynda möhüm orun eýeleýändigini belläp, bu pudakda geçirilýän düzümleýin özgertmeleriň esasy maksadynyň bäsdeşlige ukyply önümleri çykarmagyň möçberlerini artdyrmakdan, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmakdan, maýa goýumlaryny çekmekden ybaratdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz bitewi tehnologiýa ulgamyny düzýän dokma kärhanalarynyň işini utgaşdyrmak, serişdeleri has netijeli peýdalanmaga ýardam edýän işleri talabalaýyk guramak boýunça wise-permýere birnäçe görkezmeler berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada aýdyp, Türkmenistanda innowasiýa işini ösdürmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin maksatnamasyny we ony tassyklamak babatda degişli resminamanyň taslamasyny taýýarlamak meselesi boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şu maksatnamanyň ylmy-tehnologik ulgamdaky barlaglary hil taýdan täze derejä ýetirip, ylmyň gazananlarynyň önümçilige netijeli ornaşdyrylmagyna ýardam berjekdigi, milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmakda innowasion tehnologiýalaryň öňdebaryjy orny eýelemegini üpjün etjekdigi, şu ugurdaky netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine täzeden badalga berjekdigi nygtaldy. Şu maksatnamada göz öňünde tutulan çäreleriň degişli kanunçylyk we kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagyna, ylmy hem-de innowasion işe hemmetaraplaýyn kömek berilmegine, bu işe ýaşlaryň giňden çekilmegine ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryndan has işjeň peýdalanylmagyna gönükdirilen döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlar bilen baglylykda, şu maksatnamanyň möhüm ähmiýetlidigine ünsi çekdi hem-de ony täzeden işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz anyk netijeleri gazanmak maksady bilen, ylym hem-de tehnologiýalar boýunça işleriň gerimini mundan beýläk-de giňeltmek we kämilleşdirmek, ylmyň önümçilik bilen gös-göni aragatnaşygyny ýola goýmak üçin zerur şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy innowasion taýdan ösdürmekde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna, ylmy-barlag institutlaryna möhüm ornuň degişlidigini, olaryň ministrlikler we pudak edaralary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek arkaly işlemelidigini belläp, wise-premýere şu ugra degişli birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew Aşgabat şäherini ösdürmegiň nobatdaky 15-nji tapgyrynda döwrebap binalaryň we desgalaryň gurluşygy hakyndaky kararyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygy barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan guralan bäsleşikleriň netijesinde hereket edýän degişli Pudagara toparynyň gözden geçiren taslamalary boýunça potratçylar seçilip alyndy.

Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň baş şäherinde nobatdaky tapgyrda 1472 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlary gurlar. Olaryň hatarynda 12 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 18-si, dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 8-si, şeýle hem üç gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 8-si, mundan başga-da, iki gatly kottež görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň 208-si bar. Bu desgalaryň köpüsiniň gurluşygy ýerli gurluşyk kompaniýalaryna ynanylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen resminamany umuman tassyklap, Aşgabady ösdürmegiň 15-nji tapgyryndaky taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň abadançylygynyň has-da ýokarlandyrylmagyna ýardam etjekdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegine ýerli telekeçileriň gatnaşmagynyň, hususyýetçileriň milli ykdysadyýetimiziň ösüşine mynasyp goşandyny alamatlandyrýandygyny nygtap, hususy telekeçileri ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda hem işjeň ulanmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz degişli Karara gol çekip, ähli gurulýan desgalaryň keşbiniň barha özgerýän paýtagtymyzyň binagärlik babatda ajaýyp sazlaşygy emele getirmelidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz gurluşyk işleriniň döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelmelidigine ünsi çekip, paýtagtymyzda binalaryň öz wagtynda we ýokary hilli gurlup gutarylmagyna berk gözegçilik etmek babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň hem-de “Türkmentelekom” döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň paýly gatnaşmagynda telefon aragatnaşyk hyzmatlary boýunça “Aşgabat şäher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudaklaýyn düzümleriň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi, ýokary derejeli enjamlaryň hem-de täze işläp taýýarlamalaryň ulanylmagy netijesinde ýurdumyzda aragatnaşygyň, tele we radio kommunikasiýalaryň, sanly ýaýlymlaryň köp şahaly ulgamynyň üstünlikli hereket edýändigini, maglumat gorlarynyň terminalynyň işlenip taýýarlanylýandygyny nygtady. Sanly beketleri hem öz içine alýan ösen awtomatlaşdyrylan telefon beketleriniň ulgamy ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlaryny, giň göwrümli Internete girmek hem-de maglumatlary ibermek üçin ýokary tizlikli ýaýlymlar bilen üpjün edýär. Döwletara telefon ugruny giňeltmek maksady bilen, transmilli optika –süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek işleri dowam edýär.

Milli Liderimiz şäher telefon aragatnaşyk ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak işleri barada aýdyp, “Aşgabat şäher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek hakyndaky” Karara gol çekdi we wise-premýere öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek babatda gelip gowuşýan teklipleriň içgin öwrenilmeginiň zerurdygy barada tabşyryk berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, “Elektrik energetikasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Energetika ministrliginiň hem-de Adalat ministrliginiň hünärmenleri tarapyndan elektrik energiýasyndan we ýylylyk energiýasyndan peýdalanmak, şeýle hem elektrik ulgamlarynyň goralmagyny üpjün etmek boýunça geçirilen degişli işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwletimiziň goldaw bermeginde Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagynda häzirki hereket edýän elektrik energetika düzümlerini döwrebaplaşdyrmaga we täze häzirki zaman gaz turbinaly elektrik beketlerini gurmaga gönükdirilen iri möçberli taslamalaryň amala aşyrylýandygyny, täze elektrik geçirijileriniň çekilýändigini, onlarça kiçi elektrik beketleriniň bina edilýändigini, paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň hem-de ilatly ýerleriniň energiýa üpjünçilik ulgamynyň täzelenýändigini aýtdy. Milli Liderimiz pudaklaýyn taslamalary durmuşa geçirmekde iň täze tehnologiýalaryň, ýokary netijeli, ygtybarly enjamlary hem-de serişdeleri ulanmagyň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz degişli resminamalary taýýarlamak meseleleriniň üstünde durup geçmek bilen bu ugurdaky işleri dowam etmegiň zerurdygyny aýtdy. Munuň özi ýurdumyzyň içinde elektrik energiýasyny sarp etmegiň ýylyň-ýylyna artýan möçberlerini üpjün etmäge, şeýle hem häzir hereket edýän ugurlar boýunça hem-de täze ugurlar boýunça eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam berer.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem 23-nji aprelde Aşgabat şäherinde geçiriljek türkmen-italýan işewürler maslahatyna görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berdi. Maslahatyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge täze çözgütler we çemeleşmeler işlenip taýýarlanylar.

Duşuşyga gatnaşmak üçin Italiýa Respublikasyndan iri wekiliýet topary Türkmenistana geler. Duşuşygyň maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň minstrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyklar göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ykdysady mümkinçilikleriniň ýokarydygyny belläp, göni işewür gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň we haryt dolanyşygynyň artdyrylmagyna ýardam edýän şunuň ýaly duşuşyklaryň geçirilmeginiň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň netijeli guralydygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz işewür çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklary berip, möhüm ugurlar boýunça ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişii bilen baglanyşykly meseleleriň we täze maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň mümkinçilikleriniň nazarda tutulmalydygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz maslahatyň işi iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, haryt dolanyşygynyň düzüminiň hilini gowulandyrmalydygyny hem-de maýa goýum taslamalarynyň paýyny artdyrmalydygyny we täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna ýardam bermelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işiniň döwrüň talabyna laýyk gelmeýändigini belläp, wezipe-borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy A.Işanowa käýinç yglan edip, degişli resminama gol çekdi we ýol berlen kemçilikleriň gysga wagtda düzedilmegini talap etdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki käbir möhüm meselelerine hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemlemek bilen, oňa gatnaşyjylara türkmen halkynyň parahatçylykly we bagtyýar durmuşynyň bähbidine ýaýbaňlandyrylan işlerde uly üstünlik arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter