Türkmenistanyň DHÇMB-niň geleşikleriniň jemi bahasy ABŞ-nyň 24 million dollaryna golaý boldy | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistanyň DHÇMB-niň geleşikleriniň jemi bahasy ABŞ-nyň 24 million dollaryna golaý boldy

опубликованно 04.11.2017 // 870 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna tüýjümek önümler, nah mata we ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 24 million dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 1 million 325 müň manatlykdan gowrak pagta-süýümi we azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter