Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkeziniň baştutanyny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkeziniň baştutanyny kabul etdi

опубликованно 21.04.2015 // 874 - просмотров
 

Aşgabat, 21-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin Sebit merkeziniň ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan baştutany ilçi Miroslaw Ýençany kabul etdi.

Myhman pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyza hem-de ähli türkmen halkyna şu ýyllaryň dowamynda beren kömegi we goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunuň netijesinde onuň ýolbaşçylyk edýän merkeziniň işi örän netijeli häsiýete eýe boldy.

Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistany ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hasaplaýar. BMG-niň sebitdäki iri düzümleriniň biriniň ştab-kwartirasynyň hut Aşgabatda ýerleşdirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Mälim bolşy ýaly, türkmen paýtagtynyň seçilip alynmagy Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisi tarapyndan goldanyldy. Olar Türkmenistanyň abraýynyň barha artýandygyny hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny biragyzdan ykrar etdiler. Bu syýasat bolsa parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek boýunça öňe sürlen halkara başlangyçlarynda aýdyň beýanyny tapdy.

2007-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda dabaraly ýagdaýda açylan BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin Sebit merkezi şu geçen ýyllaryň dowamynda sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga hem-de ýüze çykýan ähli meseleleri parahatçylykly we ylalaşykly çözmek boýunça netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam berip geldi.

Birleşen Milletler Guramasynyň bu parahatçylyk döredijilik düzüminiň ştab-kwartirasy sebitde durnukly ösüşiň bähbidine gyzyklanma bildirilýän we oňyn gepleşikler üçin möhüm meýdança öwrüldi. Merkezi Aziýa sebitiniň ähli ýurtlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda yzygiderli geçirilýän okuw maslahatlary, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikler köpsanly duşuşyklar umumy meselelere ünsi jemlemäge mümkinçilik berdi. Şol wajyp meseleleriň hatarynda dünýäde howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmekde anyk netijeleri gazanmak üçin gural hökmünde öňüni alyş diplomatiýasy, serhetýaka suw-energetika serişdelerini dolandyrmak, serhetýaka jenaýatçylygyna we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek, goňşy Owganystandyky ýagdaý bilen baglanyşykly meseleler bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň BMG bilen strategiki hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklap, ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanan syýasaty durmuşa geçirmek bilen giň halkara hyzmatdaşlygyna hemişe ygrarly boljakdygyny, häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmäge işjeň gatnaşjakdygyny nygtady. Türkmen döwletine Bitaraplyk derejesiniň berilmegi hem muňa ýardam edýär. Bitaraplyk derejesiniň berilmeginiň 20 ýyllygyna möhüm çäreleriň ençemesi bagyşlandy. Şu ýyl bu çäreler ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda giňden we dabaraly ýagdaýda geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň BMG-niň esasy düzümleýin edaralary we gulluklary bilen ýola goýlan gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanmak bilen belläp, Miroslaw Ýençanyň uzak möhletleýin esasda ýola goýlan oňyn gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de giňeltmek işine ägirt uly goşant goşandygyny belledi.

BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisi wezipesine bellenilen, Sebit merkeziniň ýolbaşçysy özüniň köpýyllyk işine berlen ýokary baha üçin hoşallyk bildirip, öz nobatynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Garaşsyz Türkmenistanyň üçünji müňýyllygyň esasy maksatlaryny gazanmaga gönükdirilen tagallalaryna sarpa goýýandygyny we hemmetaraplaýyn goldaýandygyny nygtady. Golaýda Türkmenistanyň BMG-niň Gender deňligi we zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça edarasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy hem muňa mysal bolup biler.

Türkmenistanda işlemek meniň üçin uly hormat sarpa boldy. Meni bu ýurt bilen iň gowy duýgular we täsirler baglanyşdyrýar – diýip, Miroslaw Ýença aýtdy hem-de Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda ählumumy abadançylygyň hem-de ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.

Milli Liderimize we ähli türkmen halkyna myhmansöýerlik, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň dekabrynda guruljak hem-de 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlaryna çakylyklary alandygy üçin hoşallyk bildirip, BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin Sebit merkeziniň ýolbaşçysy döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly jňe barýan Türkmenistana gelip görmäge hemişe şat boljakdygyny aýtdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter