Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň ilçisi işe başlady | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň ilçisi işe başlady

опубликованно 22.04.2015 // 853 - просмотров
 

Aşgabat, 22-nji aprel /TDH/. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Mohamed Abdelsattar Mohamed Elbadriden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany Türkmenistanyň Baştutanynyň adyndan jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, öz işini döwletara gatnaşyklaryny giňeltmek üçin peýdalanjakdygyna ynandyrdy.

Duşuşygyň barşynda ilçi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan, baş maksady halkymyzyň abadançylygy, türkmenistanlylaryň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bolan giň gerimli durmuş-ykdysady taslamalar bilen tanyşdyryldy. Türkmen döwletiniň innowasion taýdan ösmegine ýardam edýän ylym we bilim ulgamynda, şeýle hem ýaşlar syýasatynda geçirilýän özgertmelere, ilaty sagdyn durmuş ýörelgesine çekmek, eneligi hem-de çagalygy goramak boýunça wezipeleriň amala aşyrylmagyna aýratyn üns berildi.

Doly ygtyýarly wekil türkmen parlamentiniň düzümi we köptaraply işleri, Türkmenistanyň ösüşiniň häzirki döwründe Mejlisiň deputatlarynyň öňünde durýan wezipeler bilen hem tanyşdyryldy.

Ilçi ýurdumyzda bolup geçýän oňyn özgertmeleriň gerimine haýran galandygyny aýdyp, ak mermerli türkmen paýtagtynyň ajaýyp keşbiniň munuň aýdyň subutnamasydygyny belledi. Jenap Mohamed Abdelsattar Mohamed Elbadri Müsürde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli ylalaşdyryjylyk syýasatyna ýokary baha berilýändigini aýdyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da giňeltmek babatda birnäçe tekliplerini beýan etdi.

Söwda-ykdysady, ylym we bilim ulgamlary türkmen-müsür hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Iki halkyň taryhy we medeni ýakynlygyny nazara almak bilen, medeni alyşmalaryň giňeltmegiň möhümdigi bellenildi. Özara düşünişmegi we ynanyşmagy berkitmek, netijeli gatnaşyklary giňeltmek maksadynda iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhümdigi bellenildi.

***

Şu gün Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Mohamed Abdelsattar Mohamed Elbadri Daşary işler ministrliginde hem kabul edildi, şonda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegine garaldy.

Medeni maksatnamanyň çäklerinde dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili Türkmen halysynyň milli muzeýiniň gymmatlyklary we Aşgabat şäheriniň gözellikleri bilen tanşar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter