Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň V mejlisinde eden ÇYKYŞY | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň V mejlisinde eden ÇYKYŞY

опубликованно 23.04.2015 // 917 - просмотров
 

(Aşgabat şäheri, 2015-nji ýylyň 23-nji apreli)

Hormatly Halkara ahalteke atçylyk assosiasiaýasynyň agzalary!
Gadyrly myhmanlar!
Hanymlar we jenaplar!

Şu gün gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky V mejlisini geçirýäris. Sahawatly türkmen topragyna – şöhraty äleme dolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň Watanyna hoş geldiňiz!

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň V mejlisine biz Ministrler Kabinetiniň agzalaryny, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryny, jemgyýetçilik guramalarynyň we telewideniýäniň ýolbaşçylaryny, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlaryny, şeýle hem beýleki ýolbaşçylary çagyrdyk.

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň ähliňizi Halkara ahalteke atçylyk assosiasiaýasynyň döredilmeginiň bäş ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, rowaçlyk, atçylygy ösdürmek, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!

Biz şu mejlisde atçylygy, şol sanda atçylyk sportuny ösdürmek bilen bagly meselä serederis. Assosiasiýanyň işjeň agzalaryny döwlet sylaglary bilen sylaglarys. Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VI mejlisiniň geçiriljek wagtyny we ýerini kesgitläris. Şeýle hem, Assosiasiýanyň öňünde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys we degişli çözgütleri kabul ederis.

Hormatly atşynaslar!
Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!

Ýaňy hem belläp geçişim ýaly, şu ýyl Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilenine bäş ýyl dolýar. Bu gysga döwrüň içinde dünýäniň çar künjünden köpsanly ahalteke atçylyk assosiasiýalary, edara görnüşli taraplar we hususy atşynaslar Assosiasiýanyň agzalygyna kabul edildi. Häzirki döwürde dünýäniň 29 döwletinden 132 sany edara görnüşli we şahsy tarap Assosiasiýanyň agzasy bolup durýar. Olaryň sany ýylsaýyn artýar we atçylyk pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň gerimi barha giňeýär.

Müňýyllyklaryň dowamynda halk seçgisi netijesinde türkmen topragynda kemala gelen, gözelligiň we kämilligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek boýunça häzirki döwürde giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde halkara derejesinde giňden bellenýän Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän dabaraly çäreler hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Şu ýyl hem türkmen bedewiniň şanyna bagyşlanyp geçirilýän baýramçylyk çärelerine dünýäniň dürli ýurtlaryndan 500-den gowrak wekiliň gatnaşýandygyny bellemek isleýärin.

Hormatly Halkara ahalteke atçylyk assosiasiaýasynyň agzalary!
Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!

Biz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyny döretmek bilen, ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak, olaryň baş sanyny artdyrmak we şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça berk binýady döretdik.

Ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda ynsan kimin duýgur, eýesine wepaly we gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen, ýelden ýüwrük bedewleri ösdürip ýetişdirmäge, olaryň seçgi-tohumçylyk işlerini has-da kämilleşdirmäge aýratyn üns beripdirler.

Pederlerimiziň bu ugurda alyp baran işlerini türkmen atşynaslary häzirki döwürde hem mynasyp dowam edýärler. Türkmenistanda atçylyk pudagyny ösdürmek boýunça döwlet tarapyndan yzygiderli we anyk maksada gönükdirilen tutumly işler amala aşyrylýar.

Muňa mysal edip, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gökdere obasynda 600 baş ahalteke tohum atyny ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen döwrebap atçylyk toplumynyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny görkezmek bolar. Bu toplumyň çäginde atşynaslarymyz üçin ähli şertler göz öňünde tutulan 114 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlary we beýleki durmuş maksatly desgalar bar.

Şeýle hem, Halkara we Aşgabat atçylyk sport toplumlarynyň çapuw ýodalary politrek düşegi düşelip döwrebaplaşdyryldy.

At çapyşyklaryny we atly sport bäsleşiklerini halkara talaplaryna laýyklykda geçirmek, türgenler we bedew janköýerleri üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Aşgabat atçylyk sport toplumynyň durkuny täzelemek işleri alnyp barylýar.

Bulardan başga-da, ýurdumyzda atçylyk pudagyny has-da ösdürmek, at çapyşyklaryny, uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiklerini geçirmek, päsgelçiliklerden bökmek, şeýle hem at üstündäki oýunlary ýerine ýetirmek boýunça ussat türgenleri taýýarlamak maksady bilen, Aşgabat atçylyk sport toplumynyň çäginde okuw merkezi we ýapyk manež guruldy.

Milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda we atçylyk sungatymyzy ösdürmekde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň hem mynasyp paýy bar. Bu topar dünýäniň onlarça döwletinde geçirilen sirk oýunlary boýunça abraýly halkara festiwallaryna gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdi. Behişdi bedewlerimiziň atçylyk sportunda hem, sirk oýunlarynda hem ukyp-başarnygynyň örän ýokarydygyny görkezdi.
Bu topar 2014-nji ýylda Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen XVI Halkara sirk festiwalyna gatnaşyp, birnäçe döwletleriň sirk ussatlarynyň arasyndaky bäsleşikde baş baýraga mynasyp boldy.

2014-nji ýylda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň göçme mejlisi Hytaý Halk Respublikasynda geçirildi. Bu döwletiň Pekin şäherinde ahalteke bedewiniň medeni seýilgähiniň düýbi tutuldy.

Türkmen seýisleriniň we ýetginjek çapyksuwarlaryň hünär we bilim derejelerini ýokarlandyrmak maksady bilen, olaryň Bahreýn Patyşalygyna hem-de Beýik Britaniýa okuwa ugradylmagyny we geçirilýän köp sanly beýleki çäreleri atçylyk pudagyny ösdürmek boýunça amala aşyrýan işlerimiziň aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar.

Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!

Siziň bilşiňiz ýaly, 2014-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň hem-de Okeaniýa döwletleriniň Milli olimpiýa komitetleriniň arasynda taryhy Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Şol dabarada 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarada we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sanawyna atçylyk sportunyň päsgelçiliklerden böküp geçmek (konkur) görnüşi hem goşuldy. Munuň özi, ahalteke bedewleriniň atçylyk sportunda şöhratly ýoluny mynasyp dowam etmäge we sportuň bu görnüşi boýunça ýokary ukybyny doly açyp görkezmäge mümkinçilik berer.

Ýurdumyzda atşynaslaryň çekýän yhlasly zähmetine mynasyp baha bermek maksady bilen, «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» we «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly atlar döredildi. Biz geljekde hem öz ykbalyny behişdi bedewlerimize baglan atşynaslarymyzyň çeken halal zähmetine mynasyp baha bereris.

Hormatly atşynaslar!
Hormatly adamlar!
Hanymlar we jenaplar!

Siziň bilşiňiz ýaly, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň «Behişdi ahalteke atlary» žurnaly döredildi we ol häzirki döwürde türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýär. Žurnalyň sahypalarynda ýerleşdirilýän gymmatly maglumatlar dünýäniň dürli ýurtlarynda ahalteke atlaryny ösdürmek, köpeltmek we seýislemek bilen meşgul bolýan janköýerlere tejribe alyşmaga mümkinçilik berýär.

Şeýle hem, internet ulgamynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiaýasynyň ýörite saýty döredildi. Bu Internet saýty dünýäniň dürli ýurtlarynda ösdürilip ýetişdirilýän ahalteke bedewleri barada doly we takyk maglumatlary ýygnamaga ýardam berýär.

Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!

Häzirki döwürde ahalteke bedewleri özüniň gaýtalanmajak syn-sypaty we owadanlygy bilen bedew muşdaklaryny özüne çekip, dünýäniň köp döwletlerinde ösdürilip ýetişdirilýär. Assosiasiýanyň döredilen gününden bäri, dünýäde behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmek isleýänleriň, at muşdaklarynyň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny bellemek has-da ýakymlydyr. Häzirki döwürde atçylyk boýunça türkmen atşynaslary bilen dünýäniň ençeme döwletleriniň atşynaslarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Biziň bu ugurdaky gatnaşyklarymyzyň barha pugtalanjakdygyna we ösdüriljekdigine berk ynanýaryn. Nusgalyk gözelligi özünde jemleýän, milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewlerimizi ösdürip ýetişdirmek, merdana ata-babalarymyzdan miras galan gadymy seýisçilik ýoluny dowam etmek, ýaş nesillerimizde bedewlerimize bolan söýgüni artdyrmak maksady bilen, biz geljekde hem giň gerimli işleri alyp bararys.

Hormatly atşynaslar!
Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!

Şu günki geçirilýän mejlisiň hem meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende götermäge, dünýäniň dürli künjeginde behişdi bedewlerimizi ösdürip ýetişdirýän atşynaslaryň özara peýdaly tejribe alyşmagyna ýardam berjekdigine berk ynanýaryn.

Sizi Türkmen bedewiniň baýramy bilen hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmeginiň bäş ýyllygy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, atçylygy ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter