Döwlet Baştutanymyz käbir hökümet agzalaryna käýinç yglan etdi | TDH
Syýasat habarlary

Döwlet Baştutanymyz käbir hökümet agzalaryna käýinç yglan etdi

опубликованно 01.11.2017 // 1229 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, gözegçilik edýän pudaklarynda işi talabalaýyk ýola goýmandygy üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Babaýew Maksat Mämmetsaparowiçe käýinç yglan edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, ýolbaşçylyk edýän Gullugy boýunça tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy Gurdow Amanmyrat Tagandurdyýewiçe berk käýinç yglan edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, ýolbaşçylyk edýän Ministrligi boýunça tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministri Bäşimow Derýaguly Mäminowiçe berk käýinç yglan edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, ýolbaşçylyk edýän Birleşigi boýunça önümçilik tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy Annanepesow Maksat Kowusowiçe käýinç yglan edildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter