Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

опубликованно 23.04.2015 // 950 - просмотров
 

Aşgabat, 23-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine, şeýle hem käbir möhüm resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Mejlise ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri çagyryldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek, kiçi we orta telekeçiligi goldamak, oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin amatly şertleri döretmek babatda durmuşa geçirilýän döwlet çäreleri, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer soňky ýyllarda ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändigini, bu ugurda sebitara gatnaşyklarynyň işjeň häsiýete eýe bolýandygyny belledi. Bu babatdaky gürrüňi dowam etmek bilen, wise-premýer Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň altynjy mejlisiniň şu ýylyň 27-30-njy apreli aralygynda Duşenbe şäherinde geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň maliýe we bank edaralarynyň işleriniň pudaklaýyn ösüş maksatnamasynda kesgitlenen möhletlerde ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň zähmete ukyply ilatynyň ykdysady işjeňligini nazara alyp, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň wekilleriniň, welaýatlaryň we Aşaglat şäheriniň häkimlikleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanda iş bilen üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Bellenilişi ýaly, maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegine, onuň halkara ölçeglerine laýyk getirilmegine we iş bilen üpjün etmek meseleleriniň amatly usullarynyň işlenip taýýarlanylmagyna oňyn täsirini ýetirer. Döwlet Baştutanymyz bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mundan başga-da, hormatly Pezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda öňdebaryjy tejribe alyşmak we ösen tehnologiýalary işjeň onaşdyrmak babatda bilelikdäki hökümetara toparlarynyň işine möhüm ornuň degişlidigini belläp, Duşenbe şäherinde geçiriljek türkmen-täjik hökümetara toparynyň altynjy mejlisinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleler boýunça gazanyljak ylalaşyklaryň netjeli häsiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň alyp barýan işleri, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy ösdürmegiň häzirki döwründe döwlet gurluşynyň ileri tutulýan ugurlaryny hasaba almak bilen, deputatlaryň öňünde goýan wezipelerini durmuşa geçirmegiň barşynda ýerine ýetirilýän çäreler barada habar berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň Mejlisiniň halkara hyzmatdaşlygy we parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça alyp barýan işleri barada aýdyldy.

Mejlisiň kanunçylyk işi döwlet syýasatyny, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli oňyn özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň netijeli guraly bolup durýandygyny aýdyp, milli Liderimiz deputatlaryň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, raýatlyk institutlarynyň berkidilmegine, jemgyýetde demokratik ýörelgeleriň tassyk edilmegine gönükdirilen çäreleri işjeňleşdirilmelidigini belledi.

Mejlisiň halkara derejesinde geçirýän işleriniň möhümdigini, onuň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini şertlendirýändigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz milli ileri tutulýan ugurlary we bähbitleri, olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişini, şeýle hem ýurdumyzda hukuk, demokratik, ykdysady we täzeçillik ugurlaryny ösdürmegi nazara almak bilen, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin oňaýly şertleriň döredilmeginiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny nygtady.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler ministrliginde alnyp barylýan işler barada hasabat bermek bilen, şu ýylyň 3-4-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň Italiýa Respublikasyna boljak iş saparyna görülýän taýýarlyk barada aýtdy. Mälim bolşy ýaly, maý aýynyň başynda Milan şäherinde “EXPO-2015” Bütindünýä sergisi açylýar. Onda Türkmenistanyň milli bölümi bolar.

Döwlet Baştutanymyz saparyň barşynda ählumumy forumda geçiriljek Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşar. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiziň Italiýa Respublikasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar meýilleşdirildi. Garaşylyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Italiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşar.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, soňky ýyllarda Türkmenistanyň iri halkara sergilerine işjeň gatnaşýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Munuň özi ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçiliklerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek, dürli pudaklardaky gazananlaryny, üstünliklerini äşgär etmek we şol bir wagtyň özünde öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek babatda oňyn mümkinçilikdir.

Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyzyň Milanda geçirilýän “EXPO-2015-e” gatnaşmagynyň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz Italiýa Respublikasyna boljak iş saparynyň we beýleki meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Bu iri möçberli nobatdaky serginiň meselelerine degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň bölüminiň ýurdumyzyň azyk önümleriniň önümçiligi ýaly möhüm ulgamda gazanan üstünliklerini we kuwwatlyklaryny giňden wagyz etmelidigini, onuň ýurdumyzyň ýokary hilli önümlerini hem-de onuň daşary ýurtlara eksportuny mahabatlandyrmaga ýardam bermelidigini aýdyp, bu babatda wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna degişli görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz Türkmen-italýan gatnaşyklaryna degip geçmek bilen, hyzmatdaşlygyň dostluk, netijeli we özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna eýedigini aýdyp, saparyň çäklerinde meýilleşdirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň welaýatlarynda gowaça ekişiniň depginiň barha güýçlenýändigi we şunuň bilen birlikde, güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerini, ilkinji nobatda, gowaça ekişini, galla oragyny üstünlikli geçirmegiň strategiýaysyny seljermegi talap etdi. Döwlet Baştutanymyz agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmagyň, şeýle hem oba hojalyk tehnikasynyň bökdençsiz işlemegiň üpjün etmegiň möhümdigini belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa öňümizdäki milli baýramçylyklara – Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, Aşgabat şäheriniň güni, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçiriljek medeni çärelere taýýarlyk görlüşi, şeýle hem bu senelere gabatlanylyp durmuş-medeni maksatly desgalaryň açylmagy mynasybetli guraljak dabaralar barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde döwrebap Metbugat öýi toplumynyň açylyşyna görülýän taýýarlyk barada habar berildi.

Wise-premýer ählihalk baýramçylyklar mynasybetli giň möçberli medeni-köpçülikleýin çäreleriň maksatnamasynyň taýýarlanandygyny aýtdy. Onuň çäklerinde, maslahatlar, duşuşyklar, sergiler, konsertler geçiriler. Bu çäreler paýtagtymyzyň hem-de welaýatlarymyzyň medeni merkezlerinde, ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň seýilgählerinde guralar. 8-nji maýda Ýeňiş güni mynasybetli uruş weteranlaryna, uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar. Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli “Arkadag”, “Abadançylyk”, “Ýyldyz”, “Ylym”, “Ak bugdaý”, “Sagdynlyk” ýadygärlik binalary açylar.

Wise-premýer 29-njy aprelde ulanmaga beriljek Metbugat öýi toplumynyň açylyşyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berip, onuň işe girizmeginiň neşirýat pudagynyň işiniň gowulandyrmaga mümkinçilik berjekdigini, halkara ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli önümleri çykarmaga ýardam etjekdigini belledi. Täze enjamlaryň we tehnologiýalaryň hasabyna toplumyň kuwwatlylygy öňküden iki ýarym essä çenli artdyrylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we maý aýynyň ajaýyp milli baýramçylyklara baýdygyny belläp, olaryň ählisiniň ýurdumyzda giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilmegini nygtady. Milli Liderimiz baýramçylyk dabaralarynyň täze taryhy eýýamyň ruhuna laýyklykda geçirilmelidigini aýdyp, olaryň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Ýeňiş güni mynasybetli geçiriljek çärelere ünsi çekip, 1941-1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşyjylara, wepat bolan esgerlere we olaryň ýanýoldaşlaryna türkmen döwletinde hemişe uly sarpa goýuljakdygyny we olar barada hemişe alada ediljekdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Metbugat öýüniň täze binasynyň açylyşy barada aýdyp we onuň Döwlet neşirýat gullugynyň hem-de tutuş neşirýat pudagynyň işini kämilleşdirmek üçin uly ähmiýete eýedigini nygtap, wise-premýere açylyş dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän senagat pudagyndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem milli Liderimiziň himiýa pudagyny ösdürmek babatda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan ýurdumyzyň ekerançylaryny kaliý döküni bilen üpjün etmek boýunça geçirilýän işler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň strategiki pudaklarynyň biri hökmünde himiýa senagatynyň oba hojalygyny we obasenagat toplumyny üstünlikli ösdürmekde, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedigini belledi.

Milli Liderimiz pudagyň öňünde uly wezipeleriň durýandygyny, mineral dökünleriň öndürilýän möçberini has-da artdyrmak boýunça işleriň depgini güýçlendirmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere anyk netijeleri gazanmak babatda möhüm çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Wise-premýer milli bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada aýtmak bilen, bu ulgamda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri umumybilim, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde okuw usulyýetine özgertmeleriň girizilmegini nazara almak bilen, “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 35-nji maddasynyň birinji we ikinji bölümlerinde görkezilen bilim hakyndaky resminamalaryň täze nusgalarynyň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy. Olaryň hatarynda orta bilim hakyndaky şahadatnamanyň, başlangyç hünär bilim hakyndaky diplomyň, orta hünär bilimi hakyndaky diplomyň, şeýle hem ýokary bilimli hünärmeniň diplomynyň nusgalary bar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna bu resminamalaryň döwlet nusgalarynyň görnüşlerini tassyklamak hakyndaky Kararyň taslamasy hödürlendi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we ösdürilmegine, onuň halkara ölçeglerine laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarylmagyna döwletimiziň möhüm ähmiýet berýändigini belläp, bu möhüm ugurda alnyp barylýan işleriň degişli derejede dowam etdirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz kararyň taslamasyna gol çekip, wise-premýere ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan bilim özgertmeleriniň durmuşa geçirilişiniň barşyny gözegçilikde saklamagy we ähli degişli wezipeleriň öz wagtynda, toplumlaýyn esasda çözülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow ýangyç-energetika toplumynyň dürli ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy we nebitgaz senagaty üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak babatda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna nebitgaz pudagynyň hünärmenleriniň hünärini ýokarlandyrmak boýunça Aşgabatda guruljak okuw merkeziniň taslamasy hödürlenildi. Okuw merkeziniň gurluşygy tamamlanandan soň, ol “Türkmengaz” döwlet konserniniň garamagyna berler.

Wise-premýer şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna täze okuw merkeziniň düzümine girjek umumy ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz çykarýan we nebitgaz himiýa senagaty ýaly möhüm pudaklarynda täze desgalary gurmak we öňden barlarynyň durkuny täzelemek, olary dünýäniň esasy kompaniýalarynyň öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de enjamlar bilen üpjün etmek boýunça giň möçberli maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigini belledi. Milli Liderimiz häzirki zaman önümçilik toplumlaryny netijeli dolandyrmagyň öz wagtynda milli işgärleri taýýarlamak boýunça möhüm wezipeleri goýýandygyny nygtady. Şol işgärler bolsa geljekde täze kärhanalarda we senagat desgalarynda işlär.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen taslama babatda käbir bellikleri aýdyp, wise-premýere täze okuw merkezini döwrebap enjamlar, aragatnaşyk serişdeleri we ýörite edebiýatlar bilen üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň howa ulag ulgamynyň kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň howa menzillerinden geçýän ýolagçylaryň sanyny we üstaşyr ýükleriň möçberini artdyrmak boýunça geçirilýän işler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň girdejililigini üpjün etjek çäreler barada durup geçip, täze howa menzillerini gurmagyň gurluşygynyň we öňden bar bolanlarynyň durkunyň täzelenmeginiň, döwrebap uçarlary satyn almak baradaky uzakmöhletleýin maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň şol wezipeleri çözmäge gönükdirilendigini belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy we milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem Energetika ministrligi tarapyndan Abadan döwlet elektrik stansiýasyny düýpli abatlamak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer ýurdumyzyň energetika ulgamynyň kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyny üpjün etmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini çözmek maksady bilen, Abadan döwlet elektrik stansiýasynyda pudagyň hünärmenleri tarapyndan bölekleýin we düýpli abatlaýyş işleriniň geçirilendigini aýtdy. Munuň özi öndürilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň goldaw bermeginde Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagynda häzir işleýän gazturbinaly elektrik stansiýalaryny döwrebaplaşdyrmaga we olaryň täzelerini gurmaga gönükdirilen giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini, täze elektrik geçirijileriň çekilýändigini, paýlaýjy elektrik podstansiýalarynyň onlarçasynyň gurulýandygyny, paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň hem-de ilatly ýerleriniň energiýa üpjünçiligi ulgamynyň täzelenýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz pudaklaýyn taslamalar durmuşa geçirilende iň täze tehnologiýalary, ýokary netijeli, ygtybarly enjamlary we serişdeleri ulanmak meselesine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem Italiýanyň Milan şäherinde geçiriljek Bütindünýä “EKSPO-2015” sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bu wekilçilikli forum 2015-nji ýylyň 1-nji maýy—31-nji oktýabry aralygynda “Dünýäni azyk bilen üpjün ederis: ýaşaýyş-durmuşyň bähbidine energiýa” diýen şygar astynda geçiriler.

Ýurdumyza uly wekiliýet wekilçilik eder. Köpugurly bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni 3-nji maýda geçiriler. Onuň çäklerinde resmi çäreleri, tanyşdyryş dabaralaryny we konserti geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň “EKSPO-2015” ýaly möhüm ähmiýetli foruma gatnaşmagynyň ýurdumyza halkara jemgyýetçiligine özüniň gazanan üstünliklerini giňden görkezmäge we şunuň bilen birlikde dürli ulgamlarda dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çäklerini giňeltmäge nobatdaky mümkinçiligi döredýändigini nygtady.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň “EKSPO-2015” sergisine gatnaşmagynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berip, göz öňünde tutulan çäreleriň maglumat üpjünçiliginiň ýurdumyzyň häzirki güni barada has doly düşünje almaga, türkmen halkynyň dünýäniň halklary bilen dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etmelidigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmagyň meýilnamasyny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Aşgabat şäherini ösdürmegiň ýakyn geljek üçin maksatnamasynda, şeýle hem paýtagtymyzyň etraplaryny abadanlaşdyrmak boýunça meýilnamalarda göz öňünde tutulan işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki mejlise çagyrylan ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni şanly baýramçylyk çäreleriniň döwrüň talabyna laýyk derejede geçirilmegini üpjün edýän ähli çäreleriň görülmelidigine çekdi.

Döwlet Baştutanymyz bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna, harby gullukçylaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna we olar üçin ähli amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen harby özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň görülmelidigini belledi. Harby gullukçylara berilýän watansöýüjilik terbiýäniň netijeli häsiýete eýe bolmagynda şahsy düzümleriň arasynda geçirilýän çäreleriň möhüm ähmiýeti bardyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” ady bilen geçirilýän biraýlygyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň, şeýle hem baýramçylyk dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň welaýatlaryny we paýtagtymyzy ösdürmek babatda öňdebaryjy tejribeleriň, kämil tehnologiýalaryň netijeli ulanylmalydygyny, şonuň bilen bir hatarda, daşky gurşawy aýawly goramak maksady bilen ekologiýa taýdan ähmiýetli desgalaryň gurluşygyna ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda mejlise gatnaşýan welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimlerine birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, pagtaçylar üçin jogapkärli döwrüň bellenen möhletlerde geçirilmegi üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy.

Milli Liderimiz welaýatlarda we Aşgabat şäherinde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň, aýratyn-da, möhüm ähmiýetli binalaryň gurluşygynyň berk gözegçilikde saklanmagy tabşyryp, Oba milli maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek, ilatyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, welaýatlaryň ykdysadyýetini kuwwatlandyrmak barada anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz häzirki günlerde uly şowhun bilen dowam edýän we ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli guralýan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, bu babatda degişli düzümler bilen sazlaşykly işi ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleleriň gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, Berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter