Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýede hatyra çärelerine gatnaşdy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýede hatyra çärelerine gatnaşdy

опубликованно 24.04.2015 // 896 - просмотров
 

Çanakgala, 24-nji aprel (TDH). Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Milli Liderimiz şol ýerde Birinji jahan urşunyň iň uly söweşleriniň biri bolan Çanakgalanyň golaýyndaky söweşiň 100 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, ýurtlaryň hem-de halklaryň arasynda özara ynanyşmak we düşünişmek ýagdaýyny berkitmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. 20 ýyl mundan ozal — 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde türkmen döwletiniň özboluşly halkara — hukuk derejesini — hemişelik Bitaraplyk derejesini berkiden ýörite Rezolýusiýasy biragyzdan kabul edildi. Şanly sene mynasybetli 2015-nji ýyl ýurdumyzda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edildi.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän oýlanyşykly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Garaşsyz hem-de Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň we durnuklylygyň daýanjy bolup durýar. Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm düzümleriniň biriniň — BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň ştab-kwartirasynyň açylmagy munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Bu merkez sebitde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine özara gyzyklanma bildirilýän netijeli gatnaşyklar üçin açyk meýdança öwrüldi.

Türkmenistan özüniň Bitaraplyk derejesine daýanyp, beýleki döwletler bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär, häzirki zamanyň wajyp wezipelerini çözmekde abraýly halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Türkmen Lideriniň oňyn halkara başlangyçlary, ilkinji nobatda, bütin dünýäde parahatçylyk, ýaragsyzlanmak, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň möhüm şertleri bolan energetika howpsuzlygynyň hem-de daşky gurşawy goramagyň täze binýadyny kemala getirmek baradaky başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp boldy.

Çanakgala şäheriniň howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar garşyladylar.

Döwlet Baştutanymyzyň ulag kerweni howa menzilinden Çanakgala şäheriniň deňiz menziline tarap ugrady, soňra bolsa paromda beýleki kenara — “Kilitbahir” portuna geçdi.

Çanakgalanyň Dardanel bogazynyň birbada iki kenaryny eýeleýändigini bellemelidiris. Ony iki deňziň — Mermer we Egeý deňizleriniň suwlary birleşdirýär. Şeýlelikde, bu şäher iki kontinentde: onuň demirgazyk bölegi Ýewropada, günorta bölegi bolsa Aziýada ýerleşýär.

Çanakgala barada köp rowaýatlar döredildi... Gelibolu ýarymadasy (Gallipol ýarymadasy) üç müň ýylyň dowamynda dünýä taryhynda, rowaýatlarda we gadymy siwilizasiýalaryň kyssalarynda beýan edilýän sebitleriň biridir. Ol Gerodotyň taryhy işlerinde, Gomeriň meşhur “Iliada” eserinde ýatlanylýar.

Ýüz ýyl mundan ozal, ýagny 1915-nji ýylda Çanakgalanyň golaýynda köp aýlap dowam eden gazaply söweş boldy. Bu söweş deňizde — Dardanel bogazynda, gury ýerde —Gelibolu ýarymadasynda ýaýbaňlandyryldy. Bu adamzat taryhynda uzaga çeken we iň gandöküşikli uruşlaryň biri bolan Birinji jahan urşunyň (1914-1918-nji ýyllar) uly söweşleriniň biri boldy. Taryhy maglumatlarda bellenilişi ýaly, Birinji jahan urşuna şol döwürde döwlet özygtyýarlylygyna eýe bolan 59 döwletiň 38-si gatnaşdy. Her bir uruşda bolşy ýaly, diňe bir söweşen esgerleriň arasynda däl, eýsem, uruş döwrüniň heläkçiliginden ejir çeken parahat ilatyň arasynda hem ägirt uly adam pidalary boldy...

1973-nji ýylda geljekki nesillere parahatçylygyň nähili ýol bilen gazanylýandygyny görkezmek üçin, bu sebit milli park diýlip yglan edildi. Wepat bolan britan, fransuz, täze zelandiýaly, awstriýaly hem-de türk esgerleriniň hatyrasyna milli parkda ornaşdyrylan ýadygärlikler bütin dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň hem-de pugtalandyrmagyň möhümdigi barada oýlanmaga mejbur edýär.

Döwletiň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny gorap, gahrymançylygyň, edermenligiň hem-de gaýduwsyzlygyň beýik nusgasyny görkezen ildeşlerine baş egmegiň nyşany hökmünde Türkiýe Respublikasynda her ýylyň ýaz paslynda Çanakgala söweşiniň senesi bellenilýär.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň awtoulag kerweni “Kilitbahir” portundan wepat bolan türk esgerleriniň “Mehmetçik” ýadygärligine tarap ugrady. Baharyň şu gününde bu ýere müňlerçe adam ýygnandy.

Şu hatyra çäresiniň geçirilýän ýerine gelende hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň hut özi garşylady. Ol çakylygy kabul edendigi üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirdi. Munuň özi taraplaryň ikisiniň hem tutuş sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmaga ýardam edýän köp asyrlyk dostluk we doganlyk däplerine ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Türk Lideriniň çakylygy boýunça Çanakgala söweşiniň 100 ýyllygyna bagyşlanan hatyra çärelerine gatnaşmak üçin bu ýere Ýewropanyň, Aziýanyň, Amerikanyň, Afrikanyň 70-den gowrak ýurdundan döwlet we hökümet baştutanlarynyň, ýokary wezipeli adamlaryň gelendigini bellemelidiris.

Düýn Stambulda, Halkara kongresler we sergiler merkezinde “Birinji jahan urşunyň 100 ýyllygy” atly ylmy maslahat geçirildi.

Beýleki wekiliýetleriň baştutanlary bilen bilelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow VIP — myhmanlar üçin bellenen ýere barýar.

... “Mehmetçik” ýadygärliginiň öňündäki meýdançada asudalyk höküm sürýär. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan ýadygärlige gül dessesini goýýar.

Bu çärä tamamlanandan soň, ýygnananlar bir minut dymmak bilen wepat bolanlary hatyralaýarlar. Hormat garawulynda duran esgerler topdan ot açyp, salýut berýärler.

Soňra Çanakgalanyň golaýyndaky söweşde wepat bolanlaryň, azatlyk, parahatçylyk we abadançylyk ýörelgelerini gorap, söweşlerde janyny gurban edenleriň hatyrasyna aýat-doga okalýar.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan ýygnananlaryň öňünde çykyş etdi. Ol çykyşynda 100 ýyl mundan ozal söweşe gatnaşanlaryň nesillerini raýdaşlyga çagyrdy. Munuň özi bütin dünýäde ählumumy parahatçylygy berkarar etmegiň möhüm şerti bolup durýar.

Şondan soňra köp milletli çagalar topary aýdymlary ýerine ýetirdi. Olarda ýaş nesliň sesi bilen halklaryň dostluga, agzybirlige we bagtyýarlyga ymtylmasy beýan edildi.

Şondan soňra belent mertebeli myhmanlar ýörite bellenen ýere barýarlar we şol ýerden deňiz gämileriniň dabaraly ýörişine hem-de uçarlaryň uçuşyna syn edýärler.

Çanakgalada bolmagynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýn bilen duşuşdy.

Iki döwletiň Baştutanlary mähirli görşüp, türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Şol gatnaşyklar däbe öwrülen dostlukly häsiýete eýe bolup, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda—abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Mamnun Huseýn döwletara gatnaşyklarynyň okgunly depginini bellemek bilen, Türkmenistanyň we Pakistanyň täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin açylýan mümkinçilikleri nazara almak bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge tarap ugra ygrarlydyklaryny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň Liderleri ikitaraplýayn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça pikir alşyp, olaryň hatarynda söwda-ykdysady we ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny hem-de beýleki birnäçe pudaklary görkezdiler.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy taraplar üçin uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar. Onuň durmuşa geçirilmegi Aziýa sebitiniň döwletleriniň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine uly goşant bolar, dünýäniň energetika howpsuzlygyny berkitmäge hyzmat eder, yklymda syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň tutuş ulgamyna goşmaça durnuklylygy çaýmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, Pakistanyň bu iri möçberli taslamanyň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna üýtgewsiz gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Şunuň bilen bir hatarda, söhbetdeşler döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz we möhüm bölegi bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmek barada pikirlerini aýtdylar.

Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň Liderleri özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara meseleleriniň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunda Pakistanda Türkmenistanyň ýöredýän, oňyn Bitaraplyk ýörelgesine esaslanan parahatçylyk söýüjilik syýasatyna, şeýle hem türkmen Lideriniň öňe sürýän, umumy abadançylygyň we ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän halkara başlangyçlaryna ýokary baha berilýändigi we hemmetaraplaýyn goldaýandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň ýurdumyz üçin hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygyna beslenendigini belläp, Türkmenistanyň netijeli daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen dünýäniň ähli döwletleri we ilkinji nobatda, sebit boýunça goňşy ýurtlar, şol sanda Pakistan Yslam Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygyny nygtady. Milli Liderimiz Pursatdan peýdalanyp, pakistanly kärdeşini bu şanly senä bagyşlanyp, şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli Halkara maslahata gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mamnun Huseýn türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine daýanyp, geljekde hem hemmetaraplaýyn berkidilip, täze mazmun bilen baýlaşjakdygyna ynam bildirdiler hem-de Türkmenistanyň we Pakistanyň dostlukly halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Şu günki çäreler tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Çanakgala şäheriniň howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter