“Interbudmontaž” kompaniýasynyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdi | TDH
Syýasat habarlary

“Interbudmontaž” kompaniýasynyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdi

опубликованно 26.10.2017 // 834 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Interbudmontaž” ukrain gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy Wladimir Petrugy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen Liderini milli senenamamyzyň şöhratly senesi--uly ösüşleri gazanmak ýolunda ýurduň ajaýyp üstünliklerini alamatlandyrýan Garaşsyzlyk güni bilen mähirli gutlady. Şunda iri düzümleýin taslamalar durmuşa geçirilýän Türkmenistan bilen ukrain kompaniýasynyň mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda dostlukly Ukrainanyň işewür toparlary bilen özara bähbitli gatnaşyk etmegi maksat edinýändigini belledi.

Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde dürli ähmiýetli köpsanly desgalar yzygiderli bina edilýär, bu ulgamda öňdebaryjy tehnologiýalaryň we işläp taýýarlamalaryň işjeň ornaşdyrylmagy bilen, inženerçilik-tehniki ulgamlar doly döwrebaplaşdyrylýar. Bularyň ählisi uzakmöhletleýin esasda netijeli işewür hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Myhman “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň amatly maýa goýum ýagdaýyny nazara almak bilen, işewürligi üstünlikli alyp barmak üçin hemme şertler üpjün edilen depginli ösýän türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtap, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de örän çynlakaý we jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy ukrain kompaniýasyna bildirilýän ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk hem-de alyp barýan uly möçberli işlerinde täze ajaýyp üstünlikleri arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter