Türkmenistanyň Prezidenti “John Deere” amerikan kompaniýasynyň wekilini kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti “John Deere” amerikan kompaniýasynyň wekilini kabul etdi

опубликованно 26.10.2017 // 802 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “John Deere” kompaniýasynyň oba hojalyk we seýilgäh-bagçylyk enjamlary bölüminiň baştutany Markwart fon Pentsy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy uly baýramçylyk—Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygy bilen mähirli gutlady hem-de milli Liderimize we tutuş halkymyza iň oňat arzuwlaryny aýtdy.

Işewüriň nygtaýşy ýaly, “John Deere” kompaniýasy ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň 25 ýyla golaý döwrüne tüýs ýürekden buýsanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetiň ösüşinde, şol sanda oba hojalygy ýaly möhüm pudakda uly netijeler gazanyldy.

Döwlet Baştutanymyz gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dünýä işewürliginiň, şol sanda amerikan işewürliginiň öňdebaryjy wekilleri bilen özara bähbitli işewür gatnaşyklar üçin Türkmenistanyň hemişe açykdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny döwrebaplaşdyrmaga we kuwwatyny artdyrmaga ilkinji derejeli ähmiýet berilýändigini nygtap, “John Deere” kompaniýasynyň ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň öňden gelýän hem-de ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridigini kanagatlanma bilen nygtady.

Söhbetdeşligiň barşynda myhman türkmen oba hojalykçylary bilen has-da ýygjam gatnaşyklary ýola goýmaga, özara hereketleriň ugurlaryny hem-de ýurdumyza getirilýän oba hojalyk tehnikalarynyň görnüşlerini, hususan-da, pagta ýygnaýjy we däne ýygnaýjy kombaýnlaryň, traktorlaryň, şeýle hem dürli oba hojalyk we seýilgäh-bagçylyk enjamlarynyň täze görnüşlerini giňeltmäge kompaniýanyň ýokary gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda kompaniýanyň wekili “John Deere” kompaniýasynyň işewürligi üstünlikli alyp barmaga hemme şertler döredilen geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny pugtalandyrmak üçin mundan beýläk-de hemme tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter