Aleksandr Tislenko “Altkomyň” Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýardygyny tassyklady | TDH
Syýasat habarlary

Aleksandr Tislenko “Altkomyň” Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýardygyny tassyklady

опубликованно 26.10.2017 // 853 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Altkom” maliýe-senagat toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Aleksandr Tislenkony kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, milli Liderimizi şanly sene—döwlet Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygy bilen gutlap, ähli türkmen halkyna bagt, parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi. A. Tislenko özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanmanyň uludygyny belläp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň durmuş-ykdysady ösüşiň giň gerimli maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrýan Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýardygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli gutlaglar hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryny senagatlaşdyrmak babatda ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen uzakmöhletleýin netijeli gatnaşyklar üçin açykdygyny nygtady. Milli Liderimiz “Altkom” maliýe-senagat toparynyň işewür gatnaşyklary berkitmek islegini goldady.

A.Tislenko ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň daşary ýurtly işewürlere Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin giň şertleri döredýändigini belläp, “Altkom” maliýe-senagat toparynyň çalt depginler bilen ösýän Türkmenistana öz mümkinçiliklerini we iş tejribesini teklip etmäge taýýardygyny belledi. Topar çig maly çykarmakdan işläp taýýarlamaga hem-de gurluşyk serişdelerini taýýarlamakdan dürli maksatly desgalary taslamaga we gurmaga çenli pudaklaryň birnäçesinde ýöriteleşdirilendir.

Duşuşygyň ahyrynda myhman kabul edilendigi üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirip, ýurdumyz bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmaga isleginiň uludygyny tassyklady hem-de öz kompaniýasyna bildirilen ýokary ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter