Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Areti” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Areti” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

опубликованно 26.10.2017 // 822 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Areti” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi.

Myhman döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň baş baýramy—Garaşsyzlyk güni bilen gutlap, berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat hem-de ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi. I.Makarow ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen özara bähbitli gatnaşyklara gyzyklanmasyny tassyklap, Watanymyzyň ykdysady ösüşiniň geljeginiň häzirki wagtda daşary ýurtlaryň işewür toparlaryny özüne çekýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen bazarynyň gyzyklanma bildirýän taraplaryň hemmesi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin açykdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz senagat toplumyny hem-de durmuş düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan iri möçberli maksatnamalaryň dürli ugurlarda netijeli özara hereket etmäge täze giň mümkinçilikleri açýandygyny aýtdy.

Igor Makarow “Aretiniň” Türkmenistanyň Baştutany tarapyndan dürli ulgamlarda başy başlanýan milli özgertmeleriň hem-de strategiki maksatnamalaryň öňe ilerledilmegine işjeň gatnaşyp, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga we möhüm durmuş wezipelerini çözmäge ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady.

Işewüriň ynandyryşy ýaly, onuň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de örän çynlakaý we jogapkärli çemeleşer.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter