Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy daşary ýurtly kärdeşleri gutlaýarlar | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy daşary ýurtly kärdeşleri gutlaýarlar

опубликованно 26.10.2017 // 857 - просмотров
 

Türkmenistan ykdysady, durmuş we ylmy-tehniki ulgamlarda uly üstünlikler gazandy. Siziň ýurduňyz dünýä giňişliginde uly abraýa eýe boldy. Russiýa-türkmen gatnaşyklary strategiki hyzmatdaşlygyň ýokary derejesine çykdy. Biziň golaýda Aşgabatda geçiren gepleşiklerimiziň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň ähli ugurlarda netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynanýaryn. Munuň özi, gürrüňsiz, Russiýanyň we Türkmenistanyň halklarynyň jana-jan bähbitlerine laýyk gelýär, sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny pugtalandyrmaga ýardam edýär diýip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin gutlag hatynda belleýär.

Soňky ýyllarda Siziň ýolbaşçylygyňyzda Türkmenistan döwlet gurluşygy işinde uly üstünliklere eýe boldy. Syýasy durnuklylyk üpjün edilýär, ykdysadyýet okgunly ösýär, halkyň hal-ýagdaýy has-da gowulanýar. Siziň ýurduňyzyň bähbitlerine laýyk gelýän üstünlikli ösüşiň ýoly tapyldy. Dostlukly ýakyn goňşy hem-de strategiki hyzmatdaş hökmünde Hytaý bu üstünliklere tüýs ýürekden guwanýar.Men hytaý-türkmen gatnaşyklaryna uly üns berýärin, biziň hakyky dostlugymyza sarpa goýýaryn we biziň ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine hytaý-türkmen gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmek üçin Siziň bilen bilelikde tagalla etmäge taýýardyryn diýip, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin hatynda nygtaýar .

25 ýylyň dowamynda biziň ýurtlarymyzyň arasynda syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik we medeni gantaşyklar köp ugurlarda ösdürilýär. Siziň geçen ýylda Berline bolan saparyňyz biziň hyzmatdaşlygymyza kuwwatly itergi berdi. Biz bu hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy göz öňünde tutýarys. Demokratik edaralary, bazar ykdysadyýetiniň düzümlerini hem-de hukuk döwletini pugtalandyrmakda mundan beýläk-de goldaw berjekdigimize Sizi ynandyrýaryn diýip, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer hatynda belleýär.

Rumyniýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň, aýratyn hem Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň kuwwatyny ulanmak arkaly ykdysady we ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn diýlip, Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Werner Ýohannisiň hatynda aýdylýar.

Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen--Size abadançylyk, türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw edýärin -- diýip ýazýar.

Ähli ulgamlarda gazanylýan uly üstünlikler, ykdysadyýetiň yzygiderli pugtalandyrylmagy hem-de halkara giňişliginde abraýynyň barha artmagy häzirki Türkmenistanyň üstünliklerini aýdyň häisýetlendirýär. Biziň döwletlerimiziň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň belarus-türkmen hyzmatdaşlygynyň okgunly ösdürilmeginde mundan beýläk-de möhüm orun eýelejekdigine ynanýaryn diýlip, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň hatynda nygtalýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan döwletliligi pugtalandyrmak, halkyň abadançylygyny artdyrmak, ýurduň halkara giňişliginde abraýyny ýokarlandyrmak ýolunda uly üstünlikler gazandy. Dostlukly Türkmenistana ýakyn geljekde okgunly ösmegi arzuw etmek bilen, türkmen halkynyň Siziň ýolbaşçylygyňyzda belent sepgitlere ýetjekdigine ynanýaryn.
Däp bolan özara düşünişmek hem-de strategiki hyzmatdaşlyga gönükdirilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýurtlarymyzyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdürilmegine umyt edýärin diýlip, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň gutlagynda aýdylýar.

Täjigistan sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň berk tarapdary bolmak bilen, täjik-türkmen gatnaşyklaryna umumy sebit hyzmatdaşlygynyň ulgamynda uly ähmiýet berýär we onuň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda çykyş edýär. Siziň Täjigistana boljak resmi saparyňyzyň netijeleriniň ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hem-de geljege gönükdirilen hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynanýaryn diýip,Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon beýan edýär.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagt, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin diýlip, Iki mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdel Aziz Al Saudyň hatynda aýdylýar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygy mynasybetli Ysraýylyň halkynyň adyndan we öz adymdan Size tüýs ýürekden abadançylyk, Siziň ýurduňyza we halkyňyza mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw etmäge rugsat ediň diýip, Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Reuwen Riwlin hatynda ýazýar.

Geçen ýyllaryň dowamynda dürli ugurlarda netijeli ösen ikitaraplaýyn dostluk gatnaşyklarynyň hem-de hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we giňeldiljekdigine tüýs ýürekden ynanýaryn diýip,Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In hatynda belleýär.

Özara ösüşiň hem-de abadançylygyň bähbidine ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga berk ygrarlydygymyzy ýene-de bir gezek tassyklamak isleýärin diýlip, Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Enrike Penýa Nýetonyň hatynda aýdylýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter