Mejlisde Rumyniýanyň parlamentarileriniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi | TDH
Syýasat habarlary

Mejlisde Rumyniýanyň parlamentarileriniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

опубликованно 26.10.2017 // 846 - просмотров
 

Mejlisde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygy mynasybetli dabaralary gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Rumyniýanyň parlamentarileriniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Myhmanlar pursatdan peýdalanyp, türkmen deputatlaryny ýetip gelýän uly baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutladylar, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Duşuşyga gatnaşyjylar döwletara gatnaşyklarynyň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Bu gatnaşyklar ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşlerde, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen ýol goýlan netijeli gatnaşyklaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär.

Rumyn wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň ýöredýän içeri hem-de daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, ýurdumyzda, şol sanda hukuk ulgamynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň maksatlary we wezipeleri bilen tanyşdyryldy.

Iki ýurduň kanunçykaryjylaryna ýardam etmek, döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryna, medeni--ynsanperwer, bilim we ylym, sport hem-de syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklara aýratyn üns berildi.

Dabara gatnaşyjylar parlamentara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, şol sanda dürli derejedäki wekiliýetleri alyşmak arkaly işjeňleşdirmek barada pikirlerini beýan etdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter