Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi

опубликованно 25.10.2017 // 922 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere, hem-de Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň maddy- enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça bu edaralaryň öňünde durýan möhüm wezipelere garaldy.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary ýurdumyzyň goranmak ukybynyň pugtalandyrylmagyna, harby düzümleriň täze enjamlar we ulag serişdeleri bilen enjamlaşdyrylmagynyň hasabyna milli goşunyň kuwwatynyň artdyrylmagyna, harby işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen Harby doktrinany üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen görülýän anyk çäreler baradaky hasabatlary bilen çykyş etdiler. Şeýle hem milli senenamamyzdaky şanly sene mynasybetli geçiriljek harby ýörişe taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.

Şeýle hem ähli ugurlarda kanunçylygyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek boýunça alnyp barylýan işler, Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň muzemezligi, migrasiýanyň işi barada maglumatlar aýdyldy. Ýurdumyzda jemgyýetçilik-düzgün tertibini saklamak, korrupsiýa garşy göreşmek boýunça Döwlet maksatnamasynda bellenen çäreleriň durmuşa geçirilişi hasabatlarda bellenip geçildi. Kazyýet ulgamyny kämilleşdirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hem hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ý.Soýegowy başga işe geçmegi sebäplieýeleýän wezipesinden boşatmak hakynda degişli resminama gol çekdi.Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy wezipesine A.Osmanowy belledi.

Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň goranmak häsiýetli Harby doktrinasynyň çäklerinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň barha döwrebaplaşýandygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, Watanymyzyň goragçylarynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, doly derejeli zähmet çekmegi, durmuşy we dynç almagyiçin zerur şertler döretmäge, harby gullykçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň durmuş goraglylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar.

Mejlisde beýleki möhüm meselelere hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter