Türkmenistanyň Prezidenti daýhanlaryň zähmet ýeňişleri hakyndaky hasabatlaryny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti daýhanlaryň zähmet ýeňişleri hakyndaky hasabatlaryny kabul etdi

опубликованно 25.10.2017 // 832 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň häkimlerinden ýurdumyzyň pagtaçy kärendeçileriniň “ak altyn” taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlaryny kabul etdi. Balkan welaýatynyň häkimi bolsa sebitiň gök ekerançylarynyň gazanan zähmet ýeňşi barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz obasenagat pudagynyň işgärleriniň öndürijilikli zähmeti netijesinde, ýurdumyza azyk bolçylygynyň üpjün edilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Watan harmanyna ýyl-ýyldan bugdaýyň bol hasylyny tabşyrýan gallaçylaryň işine aýratyn ähmiýet berilýändigini, olaryň güýzlük bugdaý ekişini öz wagtynda tamamlandyklaryny kanagatlanma bilen belledi.

Öz üstüne alan borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, ýurdumyzyň pagtaçy kärendeçileri ýetişdirilen hasyly iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak ugrunda depginli zähmetlerini dowam edýärler. Döwletimiz babadaýhanlaryň ýokary öndürijilikli zähmeti, bugdaýdan, gowaçadan we beýleki oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almagy üçin ähli zerur şertleri döredýär.

Ilki bilen ellerinde pagtadan doldyrylan horjun bolan her welaýata wekilçilik edýän çagalar hormatly Arkadagymyzy hasyl ussatlarynyň gazanan zähmet ýeňişleri bilen gutladylar. Döwlet Baştutanymyz körpeleriň çykyşlary we arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirip, olara baýramçylyk sowgatlaryny gowşurdy. Milli Liderimiz çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasyny” ýerine ýetirmegiň barşynda täze sepgitler gazanyldy. Bu maksatnama Watanymyzyň yzygiderli gülläp ösüşine, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna hemmetaraplaýyn goldaw bermäge gönükdirilendir.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter