Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň we daşary ýurtly raýatlaryň günäsini geçmek barada Permana gol çekildi | TDH
Jemgyýet

Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň we daşary ýurtly raýatlaryň günäsini geçmek barada Permana gol çekildi

опубликованно 25.10.2017 // 1077 - просмотров
 

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda daşar ýurt raýatlarynyň günäsini geçip, olar mundan beýläk çeza çäresini çekmekden boşadyldy.

Bu kararlar beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini hem-de ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostlugy has-da pugtalandyrmak maksatly kabul edildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter