Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Metbugat öýi toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy | TDH
Syýasat habarlary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Metbugat öýi toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

опубликованно 29.04.2015 // 2075 - просмотров
 

Aşgabat, 29-njy aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Aşgabat şäherinde gurlan Metbugat öýi toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde bina edien neşirýat ulgamyna degişli täze desga hormatly Prezidentimiziň bu möhüm pudagyň ösdürilmegi ugrunda edýän aladasynyň aýdyň netijesi bolup durýar.

Häzirki döwürde neşirýat senagaty dünýäde iň sazlaşykly we çalt depginlerde ösýän hem-de maglumat we aragatnaşyk ulgamynyň möhüm pudagyna öwrüldi. Ylmyň we tehnikanyň batly depginlerde ösmegi bazar talaplaryna laýyklykda neşirýat tehnologiýasynyň yzygiderli kämilleşdirilmegine mümkinçilik berýär. Neşirýat ulgamyny ösdürmek, ýurdumyzda çap edilýän gazetleriň, žurnallaryň we kitaplaryň sanyny artdyrmak, neşir işiniň hilini ýokarlandyrmak, şeýle hem neşirýat hyzmatlarynyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, täze Metbugat öýi toplumynyň gurlup ulanmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Täze toplumy Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň buýurmasy boýunça bir konsorsiuma girýän Türkiýe Respublikasynyň “EREGE Inşaat Taahhýut Sanaýi we Tijaret LTD Şti” bilen Awstriýa Respublikasynyň “Heidelberger Druсmasсhinen Eastern Europe Gmbh” kompaniýalary bina etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň netijesinde soňky ýyllarda neşirýat işi öz ösüşinde kuwwatly itergä eýe boldy. Her ýylda neşir edilýän kitaplaryň möçberlerini we görnüşlerini artdyrmak döwletimiziň ylym-bilim ulgamynyň ösüşine gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda neşirýat pudagy sazlaşykly ösýär, neşir önümleriniň, şol sanda jemgyýetçilik-syýasy, çeper we ylmy edebiýatlaryň, okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň, şeýle hem çagalar üçin niýetlenen bezegli kitaplaryň, nusgalyk neşirleriň ýokary hil derejesini üpjün edýän öňdebaryjy tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Paýtagtymyzda “Kitap—hyzmadaşlygyň we ösüşiň ýolunda” atly halkara sergi-ýarmarkalary, ylmy maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Olarda ylmy we dünýä neşirýat ulgamynyň üstünlikleri, ýeten derejeleri görkezilýär.

Pudagyň hünärmenleri geçen ýyl özleri üçin gurlup ulanmaga berlen 12 gatly döwrebap ýaşaýyş jaýyna göçüp berdylar. Häzirki döwürde neşirýat ulgamynyň işgärleri üçin ýene-de bir ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy dowam edýär. Şu gün bolsa döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen hem-de hünärmenleriň neijeli işlemegi, hünär taýdan ösmegi üçin ähli mümkinçilikleri özünde jemleýän Metbugat öýi toplumy olaryň ygtyýaryna berildi.

Ir säher bilen paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän toplum baýramçylyk lybasynda bezelipdir. Toplumyň öňündäki meýdançada binanyň açylyş dabarasyna hemme zat taýýar edilipdir.
Bu ýerde milli Liderimizi Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, Aşgabat şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän ilçihanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilleri, daşary ýurtly işewürler, hormatly ýaşulular, döredijilik işgärleri we talyp ýaşlar milli Liderimizi uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Dabara gatnaşyjylaryň arasynda öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap toplumda işlemek bagty miýesser eden Metbugat öýüniň hünärmenleri we işgärleri bar.

Milli lybasdaky gyzlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gül desselerini gowşurdylar. Asyrlar aşyp gelýän asylly däbe görä, hormatly ýaşulular millii Liderimize duz-çörek hödür etdiler. Döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerrinde uly üstünlikler arzuw edildi.

Medeniýet we sungat ussatlary dabara mynasybetli aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar. Watanymyzy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni esaslandyran mähriban Arkadagymyzy wasp edýän aýdymlar ýaňlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şowhunly el çarpyşmalar astynda toplumyň merkezinde ýerleşýän Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň edara binasynyň toý bagyny kesdi we binanyň içine girdi.

Döwlet Baştutanymyz toplumyň gurluşy, onuň enjamlaşdyrylyşy, netijeli işlemek ugrunda döredilen şertler bilen tanşyp başlaýar.
Toplumyň umumy eýeleýän meýdany 8 gektara barabar bolup, onuň düzümine Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň 4 gatly binasy, Metbugat merkezi, “Çaphanahyzmatlary” döwlet kärhanasy, “Türkmenmetbugat üpjünçilik” maddy-tehniki üpjünçilik kärhanasy, mejlisler zaly, ýapyk ulag duralgalary, sport meýdançalary hem-de beýleki kömekçi desgalar bar.

Soňra hormatly Pezidentimiz bu ýerde ýerleşýän neşirýat gullugynyň muzeýine gelýär. Onda Türkmenistanda neşirýat gullugynyň döreýşi we ösüşi barada gürrüň berýän köne neşirler goýlupdyr. Seýrek duş gelýän golýazma neşirleri, häzirkizaman ýokary hilli neşir önümleri, şol sanda täze çap edilen kitaplaryň döwrebap görnüşleri görkezilýär.

Milli Liderimiz muzeý gymmatlyklary bilen tanyşýar. Muzeýiň merkezi künjeginde döwlet Baştutanymyzyň elinden çykan kitaplar goýlupdyr. Olaryň hatarynda “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik neşiri, “Döwlet guşy”, “Bilim—bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk” ýaly kitaplary, hormatly Prezidentimiziň çykyşlarynyň ýygyndylary, milli medeni mirasymyza we beýleki ugurlara bagyşlanan kitaplary, durmuş-ykdysady we ylmy-medeni taýdan sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistan, halkymyzyň köpasyrlyk taryhy däpleri barada gürrüň berýän ajaýyp kitaplar bar. Türkmenistanda çap edilýän gazetleriň we žurnallaryň, dürli görnüşli kitaplaryň arhiw nusgalary, ilhalar ynsan Mälikguly Berdimuhammedowyň we Berdimuhammet Annaýewiň zehininden kemal tapan dürli göwrümdäki eserleriň nusgalary muzeýiň görnükli ýerinde goýlupdyr.

Şeýle hem muzeýde türkmen alymlarynyň, akyldarlarynyň, türkmen we dünýä edebiýatynyň nusgawy eserleriniň ýokary derejede çap edilen işleri, bezegli albomlar, senenamalar, mahabat we sowgatlyk önümleri bar.

Neşirýat gullugynyň muzeýinde goýlan gymmatlyklar bilen tanşanyndan soň, hormatly Prezidentimiz binanyň “Türkmenistan” we “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetleriniň asyl nusgasynyň taýýarlanýan kompýuter bölümine bardy. Bu ýerde gazetleriň nusgalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Ýeri gelende aýtsak, toplumda alnyp barylýan işleriň ählisi awtomatlaşdyrylypdyr, bölümleriň hemmesinde häzirkizaman ösen tehnikalary, kompýuterler ornaşdyrylypdyr. Şeýle hem bu ýerde Wallsсreen ekranlary bilen enjamlaşdyrylan otagda toplumy dolandyrmak işi kompýuterler arkaly amala aşyrylýar. Bu ýerde ornaşdyrylan häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary önümçiligi ýokary derejede awtomatlaşdyrmaga, önümçilik tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde neşirýatlar bilen utgaşykly hem-de tiz iş alyp barmaga, goýberilýän önümleriň hilini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Maksatnama üpjünçilikli Asystem Monorifm ulgamy dolandyrmagyň elektron görnüşini özünde jemleýär, ähli önümçilik düzümleriniň tabşyrylan işleri yzygiderli ýerine ýetirmegini kämilleşdirýär. Şeýle hem ol ammarlarda sarp edilýän serişdeleriň hem-de ýerine ýetirilýän işleriň möçberine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň önümçiligi dolandyryş işi bilen tanyşlygyň barşynda bu ýerde işleýän hünärmenler bilen söhbetdeş bolýar. Hünärmen döwlet Baştutanymyz täze enjamlaryň işleýiş tertibini görkezdi. Ol bu ýerde oturdylan ekranyň üsti bilen neşiriň öňüsyrasynda gelip gowşan çap listiniň nusgasyny görüp bilýär we enjamlaryň ýagdaýyna, neşir edilýän önümleriň çykyş tizligine we olaryň hiline gözegçiligi amala aşyrýar. Umuman, bu enjam Prineсt kompýuter ulgamynyň üsti bilen işläp duran ýagdaýynda gerek ugur boýunça sazlanyp bilner. Işiň barşynda berilýän reňkiň galyňlygyny we çap edilýän zolaga düşýän çyglandyryjy garyndynyň berliş ýagdaýyny kada laýyk getirilip bilýär.

Şunuň ýaly döwrebap tehnologiýalaryň ulanylmagy netijesinde ýurdumyzda çap edilýän gazetler we žurnallar ýewropa ölçegleri esasynda neşir ediler. Toplumda çap edilýän döwürleýin neşirleriň ölçegleri biraz gysga bolar, ýöne bu makalalaryň sanyna we olaryň hiline täsirini ýetirmez. Şunda, bu usul bir ýylyň dowamynda ýüzlerçe tonna kagyzy tygşytlamaga mümkinçilik berer.

Bu bölümiň işi bilen tanşyp we onda zähmet çekýän hünärmenlere täze üstünlikleri arzuw edip, döwlet Baştutanymyz binanyň önümçilik we ammar bölümine bardy. Bu ýerde dürli desgalar, esasy önümçilik jaýlary bar.

Bölümde işler biri-birinden tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy, önümleriň görnüşi boýunça önümçiligi guramagyň tehnolgiýalary bilen tapawutlanýan 15 sany önümçilik bölüminiň üsti bilen amala aşyrylýar.

Täze enjamlaryň we tehnologiýalaryň hasabyna toplumyň kuwwatlylygy 3 milliard 180 million 400 müň reňk çap basmasyna deňdir. Şunda, Metbugat merkeziniň kuwwatlylygy öňküden iki ýarym esse ýokarlandy.

Soňra hormatly Prezidentimiz toplumyň kagyz kesýän bölümine bardy we bu ýerde oturdylan iň täze enjamlaryň işiniň aýratynlyklary bilen tanyşdy.

Ýeri gelende aýtsak, önümçilik bölümlerinde oturdylan enjamlaryň halkara derejesinde ykrar edilen ekologiýa kadalaryna laýyk gelýändigini, olar seçilip alnanda adam saglygyna bolan täsiriň nazarda tutulandygyny bellemeli. Aýratyn-da, bu enjamlaryň sesiniň pesdigini, ähli önümçilik desgalayrynda enjamlaryň oturdylmagy üçin zerur şertleriň döredilendigini, onuň tozany özüne çekmeýän reňkler bilen boýalandygyny nygtamaly.

Bölümde işleýän hünärmen döwlet Baştutanymyza bu ýerde oturdylan döwrebap enjamlaryň kagyz kesmek işini kämilleşdirmäge, aýratyn-da, Soma uly top kagyzlardan kitap we žurnal hem-de beýleki neşir önümlerini taýýarlamak üçin zerur bolan ölçegdäki kagyzlary taýýarlamak işini göwnejaý ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýändigini gürrüň berdi. Bu enjamyň üsti bilen bir minudyň dowamynda üç top kagyzdan 130 metr kagyzy taýýarlamaga ukyply kuwwaty bar. Ol ozal ulanylýan enjamlardan önümçilik kuwwaty bilen tapawutlanýar. Bu bolsa neşir önümleriniň önümçiligini tizleşdirmäge we olaryň ýokary hil derejesini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz soňra toplumyň nobatdaky bölüminiň işi bilen tanyşdy. Bu ýerde alnyp barylýan neşir işinde ýörite bir gezeklik çap galyplary ulanylýar. Bu tehnika erk edýän ýaş hünärmen çap galyplary taýýarlananda häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary hem-de Suprasetter 106 we Lüscher XPose 230 galyp ýasaýjy enjamlaryň ulanylýandygyny gürrüň berdi.

Bu çap enjamlary bir gezekde bäşden sekize çenli dürli reňkli çap önümlerini, kagyz gatlaryny agdarýan goşmaça enjamlaryň hasabyna bolsa kagyzyň bir bölegini birbada iki tarapyndan çap etmäge ýardam edýär. Çap önümini doly, şeýle hem ultrafiolet lakyň peýdalanylmagy bilen aýry-aýry ýerlerini laklamak mümkindir.

Bu ýerde bir sahypada birnäçe çylşyrymly şekilleri ýerleşdirmäge ukyply, köp reňkli neşirleri çap edýän enjam bolup, ol neşir işiniň has-da kämilleşdirilmegini üpjün edýär. Çap önüminiň goraglylygyny üpjün etmek üçin Komfi Sagitta 76 we Komfi Delta 52 güberçekli laminasiýa basmak mümkinçiligi bolan täze laminasiýa enjamlary ulanylýar.

Soňra döwlet Baştutanymyz gazet çap edilýän bölümiň şertleri bilen tanyşdyryldy. Bu ýerde oturdylan enjamlaryň her biri bir sagadyň içinde 64 müň nusgalyk gazeti çap etmäge ukyplydyr. Her bir çap ediş enjamynda QI IDS reňke gözegçilik etmegiň awtomatik ulgamy oturdylandyr, ol çap edilýän kagyza tutuşlygyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiz önümçilik işleri bilen tanşyp, degişli ýolbaşçylara gazetleri çap etmekde peýdalanylýan metal gatlarynyň galyndylaryny gaýtadan işlemek boýunça meselä garamak barada tabşyryk berdi.

Soňra enjamyň işlemegini üpjün edýän hünärmeniň haýyşy boýunça ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda milli Liderimiz önümçilik ulgamyna badalga berdi. Ýap-ýaňy çap edilen “Aşgabat” gazetini eline alyp, döwlet Baştutanymyz onuň çap edilişine hem-de ulanylýan kagyzyň hiline baha berdi.

Soňra milli Liderimize MANROLAND Gromoman usuly bilen toplum kagyzda ofset görnüşinde neşir önümleriniň üç görnüşini – gazetleri, şol sanda köp sahypaly gazetleri, žurnallary we kitaplary çap ediliş ulgamy görkezildi. Häzirki zaman Ferag ulgamy çaphana önümlerini awtomatiki usulda ibermäge we gaplamaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde milli Liderimiz iň bir uly ähmiýetli neşirleriň biri bolan başlangyç synp okuwçylary üçin harplyklaryň çap edilmegine badalga berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyza Gurbanguly Berdimuhamedow täze metbugat toplumynyň mümkinçilikleri bilen tanyşmagyň dowamynda taýýar çap önümleri çatmak boýunça bölüm görkezildi. Bu ýerde neşirleriň taýýarlanylyşyny çaltlandyrmak we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, olaryň sahypalary berkidilende, ýurdumyzyň çaphana önümçiliginde ilkinji gezek termosapak bilen çatmak usuly peýdalanyldy.

Soňra milli Liderimiz ýumşak we gaty daşly çap önümleriniň taýýarlanylyşy bilen tanyşdy. Ýumşak daşly kitaplar üçin tikinsiz berkitmek boýunça ulgam peýdalanylýar. Şunda ozal adatça ulanylýan termoýelimler, şeýle hem türkmen çaphana senagatynda ilkinji gezek peýdalanylýan poliuretan ýelimler hem ulanylýar, ol kitaplaryň berkligini üpjün edýär.

Gaty daşly kitaplary çap etmek üçin sowgatlyk we aýratyn ähmiýetli neşirleriň taýýarlanyş usulyny tizleşdirýän awtomatik ulgam peýdalanylýar. Integral sahaplama usuly ilkinji gezek çaphana önümçiligine ornaşdyryldy. Bu tehnologiýa Petratto SAB 100 M kesiji-ýelmeýji enjam arkaly ýerine ýetirilýär. Bu usulda gaty daşly ýeňiljek kitaplar çap edilýär, şeýlelikde, bu integral usul “önümiň” agramyny azaltmaga mümkinçilik berýär, bu okuw kitaplary neşir edilende aýratyn ähmiýete eýedir.

Mekdep okuw kitaplarynyň çap edilişinde ornaşdyrylýan öňdebaryjy tehnologiýanyň artykmaçlyklaryna aýratyn üns berip, milli Liderimiz başlangyç synp okuwçylary üçin matematika boýunça bu ýerde görkezilen ozal çap edilen we täze çap edilen okuw kitaplarynyň nusgalaryny deňeşdirip, täze nusgalaryň hil derejesine ýokary baha berdi we degişli ýolbaşçylara mekdeplerde täze nusgadaky okuw kitaplary boýunça okatmagy haýal etmän ýola goýmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz häzirki zaman enjamynyň üznüksiz işine badalga berýär we onda “Kitaby dädem Gorkut” kitaby çap edilip başlanylýar. Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalarynda milli Liderimize bu neşiriň ilkinji nusgasy gowşurylýar. Hormatly Prezidentimiz çaphana ulgamynda täze mümkinçilikleriň açylmagy neşir önümleriniň diňe bir mukdarynyň artdyrylmagyna we hiliniň ýokarlandyrylmagyna mümkinçilik bermän, olary ajaýyp görnüşde bezemek üçin hem şert döreder.

Bu baradaky gürrüň döwlet Baştutanymyzyň toplumyň ikinji gatynda ýerleşýän sanly çap ediş usulyny ulanmak arkaly neşir önümlerini tiz çap edýän bölüm bilen tanyşlygyň barşynda hem dowam etdirildi. Bu ýerde oturdylan enjamlaryň mümkinçilikleri barada gürrüň bermek bilen, hünärmen olarda iň bir gysga wagtyň içinde bir nusgadan durýan, şeýle hem az sanly sowgatlyk kitaplaryny neşir etmegiň mümkindigini aýtdy. Hususan-da, milli Liderimize Braýl elipbiýi usulynda hem-de az sanly kitaplary çap etmek üçin niýetlenilen enjamlar görkezilýär. Türkmen çaphanaçylarynyň ygtyýarynda sowgatlyk üçin aýry-aýry kitaplaryň nusgalaryny taýýarlamak, şol sanda arassa gaýyşdan we altyn çaýylan kitaplary taýýarlamak üçin enjamlaryň peýda bolandygyny bellemek möhümdir. Metbugat öýi toplumynda şeýle hem buýrujylaryň tassyklamagy üçin gyssagly suratda synag nusgalaryny taýýarlaýan enjam oturdyldy.

Bu häzirkizaman tehnologiýalary esasynda bölümde ýakynda bolup geçen taryhy waka – Türkmenistanyň “TürkmenÄlem 52oE” ilkinji aragatnaşyk hemrasynyň ýakynda amala aşyrylan uçurylyşyna bagyşlanyp ýumşak daşly täze kitap tiz ýagdaýda çap edildi, milli hemramyzyň Älem giňişligine uçurylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirilýän iri möçberli özgertmeleriň üstünlige beslenýändiginiň aýratyn aýdyň alamatyna öwrüldi. Milli Liderimiz ýap-ýaňy çapdan çykan, ajaýyp görnüşde suratlar bilen bezelen kitap bilen tanşyp, bu ýerde oturdylan öňdebaryjy tehnologiýanyň ýokary hil derejesini üpjün etmäge mümkinçilik berýändigine kanagatlanma bildirdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Metbugat öýi toplumynyň, şeýle hem bu ýerde ýerleşýän gazetleriň işgärleriniň boş wagtynda medeniýetli dynç almaklary üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Toplumda işden boş wagty işgärleriň sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr, bu ýerde çaýhana, naharhana, mejlisler zaly hem bar.

Çaphana önümçligi bilen tanyşlygynyň ahyrynda, milli Liderimize Prinect elektron ulgamynyň mümkinçilikleri görkezildi, ýurdumyzyň çaphana senagatynda ilkinji gezek ornaşdyrylýan bu ulgam arkaly çap işine başlamazdan ozal, şeýle hem çap etmegiň barşynda we ol tamamlananda ulanylýan serişdeleri we ýerine ýetirilýän işleri bitewi görnüşe birleşdirip, önümçiligi dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Ýokary tehnologiýaly enjamlarda işleýän hünärmenleriň Germaniýada tapgyrlaýyn taýýarlyk okuwlaryny geçendiklerini bellemek gerek.

Hormatly Prezidentimiz çaphana senagatynyň işgärleriniň hünär derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň zerurdygyny, olaryň enjamlary netijeli ulanmagy, çylşyrymly tehnologiýa işlerini we önümçiligi başarnykly dolandyrmagy üpjün etmeginiň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşýan Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylaryna we wekillerine ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän iri möçberli dabaralara we şanly wakalara işjeň gatnaşýandyklary üçin minnetdarlygyny beýan etdi. Bu häzirki zaman toplum iň öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edildi we diňe ýurdumyzyň içki zerurlyklaryny üpjün etmekden başga-da, daşary ýurtlaryň buýurmalaryny hem kanagatlandyrmaga ukyplydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ýygnananlary täze Metbugat öýi toplumynyň açylmagy bilen ýene bir gezek gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu toplumyň ýurdumyzyň çaphana senagatyny ösdürmekde möhüm orun eýelejekdigini aýtdy we bu günki şanly waka mynasybetli Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň adyndan Metbugat öýi toplumyna täze ulaglar sowgat gowşuryldy.

Hormatly Prezidentimiz Metbugat öýi toplumynyň açylyş dabarasyny tamamlap, oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter