Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda gurlan kottežler toplumynyň açylyşyş dabarasyna gatnaşýar | TDH
Syýasat habarlary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda gurlan kottežler toplumynyň açylyşyş dabarasyna gatnaşýar

опубликованно 23.10.2017 // 945 - просмотров
 

Paýtagtymyz Aşgabatda ýüzlerçe maşgala täze görnüşli jaýlara göçüp geldiler. Aşgabat şäherini ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde kottežler toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

Täze göçüp gelenleri gutlamak we ýokary amatlykly bolan ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, şeýle hem ýurdumyzyň ýolbaşçy toparlary gatnaşdy.

Ýaşaýyş jaý toplumynda her biri bir maşgala niýetlenen 2 gatly kottežleriň 208 sanysy, şeýle hem 4 we 6 öýli 3 hem-de 4 gatly kottež görnüşli jaýlaryň on alty sanysy Aşgabadyň günorta-günbatar künjeginde Seýdi we Mollanepes köçeleriniň ugrunda bina edildi.

Kottežleriň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan öz serişdelerine gurlandygyny, şeýle-de gurluşyk kompaniýalary tarapyndan 15-nji tapgyrda dürli pudaklara degişli 18 sany 12 gatly ýaşaýyş jaýlaryny, 11 sany söwda merkezlerini, çagalar bagyny we 600 okuwça niýetlenen orta mekdebi, seýilgäh we beýleki durmuş maksatly desgalaryny gurlandygyny bellemeli.

Bulardan başga-da şäheriň bu künjünde ýol-ulag düzümi doly ýagdaýda abatlaşdyryldy.

Ýurdumyzyň raýatlaryna berilýän ýeňillikli karz serişdeleri şäherleriň we obalaryň ilaty üçin amatly ýaşaýyş jaýlarynyň elýeterliligini üpjün etdi. Şunda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň giň gerimde alnyp barylmagy netijesinde, Aşgabatda her ýylda müňden gowrak maşgalalar täze jaýlara göçüp barýarlar.

Kottež görnüşli jaýlaryň gurluşygy raýatlaryň has oňaýly we amatly ýaşamaga mümkinçiliklerini has-da giňelder we bu jaýlar döwrüň talaplaryna we ýaşaýjylaryň öz isleglerine doly gabat geler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter