Birža söwdalarynda eksport geleşikleriniň bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryna barabar boldy | TDH
Ykdysadyýet

Birža söwdalarynda eksport geleşikleriniň bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryna barabar boldy

опубликованно 14.10.2017 // 928 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Türkiýeden, Pakistandan, Latwiýadan we Gyrgyzystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen flanel matasyny, ýüplügi we nah matanyň galyndylaryny, pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 3 million 930 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýanyň we Pakistanyň işewürler toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 508 müň manatdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 1 million 678 müň manatdan gowrak azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter