Parlamentara gatnaşyklar pugtalanýar | TDH
Syýasat habarlary

Parlamentara gatnaşyklar pugtalanýar

опубликованно 13.10.2017 // 914 - просмотров
 

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti parlamentiň Başlygy A.Nurberdiýewanyň baştutanlygynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçiriljek Parlamentara Bileleşiginiň 137-nji Assambleýasyna gatnaşar. Forumda “Dinara we milletara gepleşikler arkaly medeni köppikirlilige hem-de parahatçylyga ýardam bermek” meselesine garalar.

Bu waka iri halkara parlament çäresi bolup, ýurdumyz üçin aýratyn möhüm ähmiýete eýedir, Türkmenistanda kanunçylyk binýadyny umumy ykrar edilen hukuk kadalaryna laýyk getirmek ugrunda çuňňur özgertmeler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow raýat jemgyýetiniň düzümleriniň ösdürilmeginde, ýurdumyzda köppartiýalylyk ulgamynyň emele gelmeginde, demokratik gymmatlyklary, adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramakda, olaryň jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady işjeňligini we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmakda milli parlamente esasy ornuň degişlidigini nygtaýar. Hususan-da, Esasy Kanunymyzyň kämilleşdirilmegi bilen bir hatarda ýurdumyzda adam hukuklaryny goramak boýunça ygtyýarly wekiliň – adalatçynyň edarasy döredildi.

Milli Liderimiz özygtyýarly Watanymyzyň çalt depginlerde ösdürilmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna gönükdirilen özgertmeleriň geçirilmeginde ýokary kanunçylyk edarasynyň işine ägirt uly ähmiýet berýär. Mysal üçin, ýaňy-ýakynda “Erkin ykdysady zolaklar hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi, ol ýurdumyzyň maýa goýum babatynda özüne çekijiligini ýokarlandyrmaga hem-de dünýä hojalyk ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna ýardam, milli ykdysadyýetimiziň ösüşine täze itergi berer.

Parlamentara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy we giňeldilmegi dünýä derejesinde, halkara düzümlerinde Türkmenistanyň syýasy-diplomatik ädimleriniň işjeňleşdirilmegine ýardam berýär. Daşary syýasat ulgamynda bitarap döwletimiz tarapyndan ählumumy meseleleriň çözgüdi boýunça öňe sürülýän başlangyçlary goldamak we wagyz etmek parlamentarileriň esasy wezipesi bolup durýar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň dürli ýurtlaryň parlamentleri bilen döreden parlamentara dostluk toparlarynyň sanynyň artdyrylmagy, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary hem-de beýleki halkara düzümleri bilen ýola goýlan özara bähbitli gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegi parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliginiň netijeli herekete getirilýändigine şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde özara gatnaşyklary muňa mysal bolup biler, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Soçide geçirilen mejlisine gatnaşmagy muny tassyklaýar. Döwlet Baştutanymyz duşuşykda çykyş edip, Türkmenistanyň özüniň Bitaraplyk derejesini hasaba almak bilen we GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde Arkalaşygyň çäklerinde mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge, özara bähbitli syýasy, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ygrarlydygyny aýtdy.

RF-niň Federasiýa Geňeşiniň Federal Ýygnagynyň başlygy Walentina Matwiýenkonyň sentýabr aýynda Aşgabada bolan sapary türkmen-russiýa parlament gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilýändiginiň subutnamasy boldy.

Ondan öňräk, 2017-nji ýylyň maý aýynda VIII Newa ekologiýa kongresinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygyň barşynda W.Matwiýenko Russiýanyň Türkmenistanyň GDA-nyň Parlamentara assambleýasyna doly hukukly gatnaşyjysy bolmagyna gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

Işçi toparlarynyň çäklerinde komitetleriň derejesinde geçirilýän duşuşyklar parlamentarileriň hyzmatdaşlygynyň ulgamynda esasy orun eýelemelidir diýip, Walentina Matwiýenko muňa, hususan-da, 2015-nji ýylyň ahyrynda RF-niň Federasiýa Geňeşiniň Federal Ýygnagynyň hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň arasynda Hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekilmegi ýardam berýär.

Şonda Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwienko şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetini Parlamentara Bileleşigiň 137-nji assambleýasynyň çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.

Mejlisiň wekiliýetiniň Newa ekologiýa kongresine, ondan ozal bolsa Kazanda geçirilen “Russiýa-yslam dünýäsi” Halkara ykdysady sammite gatnaşmagy türkmen parlamentiniň işjeň we köpugurly işleriniň subutnamasydyr.

Ýeri gelende aýtsak, Newa ekologiýa forumynda türkmen parlamentarileri Türkmenistany Araly halas etmegiň Döwletara gaznasyna başlyklyk ediji ýurt hökmünde beýan edendigini bellemeli. Şunuň bilen baglylykda, olar
“Aral deňziniň häzirki meseleleri we geljekki mümkinçilikleri” ady bilen geçirilen tegelek stoluň işine gatnaşdylar. Ekologiýa diplomatiýasyny Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlary hökmünde tassyklap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara gatnaşyklarynyň ynsanperwer we ekologiýa ulgamynyň wajypdygyna ahlak ýörelgeleriniň ähmiýetine esasy üns berýär we adam durmuşynyň gymmatlyklaryny, onuň mynasyp şertlerini esasy orna çykarýar.

Newa forumynyň maksatnamasynyň işewür bölüminiň çäklerinde, GDA agza döwletleriň Parlamentara assambleýasynyň guramaçylarynyň biri hökmünde çykyş etmek bilen, ekologiýa düşünjeliligiň ösdürilmegine, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň giňişliginde sebitara we serhetýaka hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine, ekologiýa ulgamyna degişli tehnologiýalaryň ösdürilmegine, sagdyn gurşawyň, adam durmuşynyň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine gönükdirilen kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça teklipleri görkezdi.

GDA-nyň Parlamentara assambleýasy 2016-njy ýylda Parlamentara birleşiginiň 11-nji assosirlenen agzasy boldy. Parlamentara Bileleşigindäki şeýle dereje GDA-nyň Parlamentara assambleýasynyň, Ýewropanyň Parlament assambleýasynyň, Latyn Amerika parlamentiniň, Merkezi Amerika parlamentiniň we Ýewropa parlamentiniň birnäçe hyzmatdaşlarynda bar.

GDA-nyň Parlamentara Bileleşiginiň wekiliýetiniň baştutany Walentina Matwiýenkonyň belleýşi ýaly, “Parlamentara Bileleşigiň 137-nji assambleýasy ählumumy parlamentara hereketiniň ösüşine mynasyp goşant goşýar”.

Parlamentara Bileleşigi gadymy halkara parlament guramasy bolup durýar. Ol 1889-njy ýylda esaslandyryldy we dünýäniň 123 ýurdunyň parlamentarilerini we 11 parlamentara guramalary özünde jemledi. Parlamentara Bileleşigi özüniň tutuş taryhynyň dowamynda parlamentarizminiň ösdürilmegine, adam hukuklarynyň saklanmagyna, şeýle hem milletara parahatçylygyň ýola goýulmagyna we halkara howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ýardam berýär. Munuň özi dünýäde iň abraýly parlament guramalarynyň biri bolup durýar.

Assambleýa gatnaşyklarynyň düzümi boýunça Parlamentara Bileleşigiň taryhynda giň möçberlisidir. “Demokratiýa hakyndaky Ählumumy jarnama: biziň dürlüligimiziň umumylygy ýörelgeleriniň 20 ýyllygyna” kararnamanyň kabul edilmegi onuň esasy wakalarynyň biri bolar.

Bu maksatnama mowzuklaýyn mejlisleriň we sessiýalaryň geçirilmegini; Zenan—parlamentarileriň forumyny we Parlamentara Bileleşiginiň Ýaş parlamentarileriniň forumyny özünde jemleýär. Şeýle hem ol Parlamentara bileleşiginiň, demokratiýa we adam hukuklary baradaky komitetiň, Birleşen Milletler Guramasynyň işi baradaky komitetiň, durnukly ösüş, maliýe we söwda baradaky komitetiň, parahatçylyk we halkara howpsuzlygy meseleleri baradaky komitetiň assambleýasynyň ýolbaşçy komitetini öz içine alýar.

Parlamentara geňeşi, Afrika, Arap, Aziýa—Ýuwaş Umman, Ýewraziýa, Latyn Amerikasy ýaly geosyýasy toparlaryň altysynyň we “On iki+” toparynyň (Günbatar we Merkezi Ýewropa ýurtlary, Kanada, başga-da birnäçe döwletler) mejlisi geçiriler. Sankt-Peterburgda assambleýanyň geçirilýän günlerinde Parlamentara Bileleşigiň täze başlygy saýlanylar.

Parlamentara Bileleşigiň 137-nji assambleýasynyň çäreleri “Ekspoforum” kongres-sergi merkezi, Tabriýa köşgi we Parlament merkezi ýaly üç meýdançada geçiriler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter