Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň Sebit duşuşygy | TDH
Syýasat habarlary

Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň Sebit duşuşygy

опубликованно 06.05.2015 // 855 - просмотров
 

Aşgabat, 6-njy maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň Sebit duşuşygy geçirildi. Wekilçilikli maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýurdumyzyň käbir ministrlikleriniň we edaralarynyň, ýurdumyzda işleýän halkara guramalarynyň wekilleri, GDA ýurtlarynyň, Owganystanyň, Eýranyň, Gruziýanyň, Latwiýanyň we Estoniýanyň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara hereketi 1863-nji ýylda esaslandyrylan hem-de dünýäde işgärleriniň we meýletinçileriniň 100 milliondan gowragyny birleşdirýän halkara ynsanperwer hereketi bolup durýar. Hereketiň işi adamlaryň ömrüni we saglygyny goramaga hem-de ynsan şahsyýetine hormat goýulmagyny üpjün etmäge, halklaryň arasynda özara düşünişmegiň, dostlugyň, hyzmatdaşlygyň we parahatçylygyň gazanylmagyna ýardam etmäge, olaryň milleti, jynsy, dini, synpy ýa-da syýasy garaýyşlary boýunça kemsitmelere ýol bermezlige gönükdirilendir.

Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň Baş sekretary jenap Elhaj As Si duşuşygyň gün tertibini yglan edip, öz çykyşynda bu gün Federasiýanyň we milli jemgyýetleriň öňünde durýan wezipeleriň möhümdigini belledi. Olaryň iň esasysy milli jemgyýetleriň aýratyn iş şertlerini nazara almak bilen, dolandyryş ulgamyna täzeden seretmek boýunça strategiýany işläp taýýarlamak bolup durýar.

Halkara guramanyň ýolbaşçysy türkmen döwletiniň baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemmetaraplaýyn goldaw bermeginde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşandyny goşýar diýip belledi. Raýatlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, ilatyň saglygyny goramak, ýaş nesli türkmen hakynyň iň gowy däpleri bolan rehimlilik, ýakynyňa duýgudaşlyk bildirmek ruhunda terbiýelemek şolaryň esasy wezipeleri bolup durýar.

Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleriniň Halkara hereketi öz işinde ynsanperwerlik, bitaraplyk, garaşsyzlyk, meýletinlik, bütewilik we köpugurlylyk ýaly ýörelgelerine esaslanmak bilen, öz işini Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň hem-de Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary bilen baglanyşdyrýar.

TGÝMJ 1995-nji ýyldan bäri Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň deňhukukly agzasy bolup durýar. Häzir bu gurama ynsanperwer taslamalaryň birnäçesini üstünlikli amala aşyrýar. Şol taslamalaryň maksady jemgyýetiň pes goralýan toparlaryna lukmançylyk we durmuş kömegini bermek, dürli keselleriň öňüni almak, ilaty mümkin bolan adatdan daşary ýagdaýlara we tebigy betbagtçylyklara taýýarlamak bolup durýar. Bu düzümiň işi saglygy goraýyş, bilim ulgamlarynda we beýleki ugurlarda döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmak bilen gös-göni baglydyr. Zenanlar we ýaşlar guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk möhüm ugurlaryň biri bolup durýar.

Daşary ýurtly myhmanlar türkmen döwletiniň Baştutanynyň ilatyň durmuş taýdan pes goralýan toparlaryna, şol sanda köp çagaly enelere maddy we durmuş ýeňillikleriniň we artykmaçlyklarynyň giň gerimli we köp taraplaýyn ulgamyny döretmäge çemeleşmelerine ýokary baha berdiler. Çykyş edenler ýurduň ilaty üçin mugt bilim almak ýaly ýeňillikleriň kepillendirilendigini çuňňur kanagatlanma bilen bellediler. Bu bolsa jemgyýetiň üstünlikli ösmegi üçin ägirt uly ähmiýete eýedir.

Duşuşygyň barşynda TGÝMJ-niň soňky ýyllarda ýerine ýetiren işleri, şol sanda reproduktiw saglygy, käbir aýratyn howply keselleriň öňüni almak, ýaşlaryň arasynda çilimkeşlige garşy göreşmäge gönükdirilen giň gerimli çäreleri geçirmek babatda ýerine ýetiren işleri hakynda jikme-jik hasabat berildi.

Maslahata gatnaşyjylaryň pikirine görä, duşuşykda öňde goýlan maksada ýetildi, çünki bu ýere ýygnananlary asylly wezipe birleşdirdi. Onuň esasy ýörelgesi – möhüm ynsanperwerlik gymmatlyklaryny – adamyň ömrüni, saglygyny we mertebesini goramak ýaly gymmatlyklary berkarar etmek bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we yzygiderli ýöredýän ynsanperwer syýasaty hut şol ýörelgelere esaslanýar diýip, çykyş edenler belledi.

Bu ýere ýygnananlar maslahatyň çäklerinde milli jemgyýetleriň ýerlerde geçirýän işleri bilen tanyşdylar. Şonda ynsanperwerlik işlerini amala aşyrmak ýaly ugurda esasy ýörelgeleriň hukuk binýadynyň syny bilen tanyşdyryldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Milli jemgyýeti öz ösüşiniň ähli tapgyrlarynda rehimlilik, adamyň ömrüni we saglygyny goramak maksatlaryny durmuşa geçirip geldi diýlip bellenildi. Berkararlyk we bagtyýarlyk döwründe TGÝMJ türkmen halkynyň gadymdan gözbaş alýan belent ynsanperwer däplerini dowam edip, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleriniň Halkara hereketinde öz ýurduna abraý bilen wekilçilik edýär.

“Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň Türkmenistanda hukuk ýagdaýy hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň arasyndaky Ylalaşyga” gol çekilmegi sebit duşuşygynyň jemleýji resminamasy boldy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar netijeli ynsanperwer gatnaşyklaryň ählumumy bähbitleriniň hatyrasyna gürrüňsiz üstünlik gazanjakdygyna ynam bildirdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter