Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysyny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysyny kabul etdi

опубликованно 08.05.2015 // 843 - просмотров
 

Aşgabat, 8-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň täze bellenen ýörite wekili, BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy ilçi Petko Draganowy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Munyň mähirli salamyny we ähli türkmen halkyna beýan eden iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Jenap Petko Draganow BMG-niň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtap, ýurdumyzyň sebit we ählumumy derejede abadançylygyň hem-de gülläp ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeleýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmany jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa dünýäniň strategiki sebitleriniň biri bolan Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek işinde üstünlikler arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş sekretaryna mähirli salamyny beýan edip, Birleşen Milletler Guramasy we onuň iri düzümleri bilen özara gatnaşyklaryň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Şu ýyl Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Rezolýusiýasy tarapyndan berkidilen hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygyny belläp geçýär. Milli Liderimiz ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan syýasaty durmuşa geçirip, hemişe giň halkara hyzmatdaşlygyna ygrarly boljakdygyny, häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmäge işjeň gatnaşjakdygyny aýtdy.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz hem-de BMG-niň Sebit merkeziniň ýolbaşçysy köp ugurlary öz içine alýan we soňky döwürde hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutanynyň öňe süren halkara başlangyçlarynyň, şol sanda ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze binýadyny kemala getirmek, ählumumy ýaragsyzlanmak, Owganystandaky ýagdaýy parahatçylyk ýoly bilen kadalaşdyrmak hem-de bu ýurduň ykdysady taýdan dikeldilmegini üpjün etmek, serhetýaka suw serişdelerini netijeli ulanmak we daşky gurşawy goramak babatdaky başlangyçlarynyň örän wajypdygy bellenildi.

Nygtalyşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistany ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hasaplaýar. 2007-nji ýylda BMG-niň iri sebit düzüminiň ştab-kwartirasynyň Aşgabatda ýerleşdirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda bu merkez sebit meselelerine gözegçilik etmek we seljermek boýunça netijeli işleri alyp barýar, Merkezi Aziýanyň ösüşiniň möhüm meseleleri boýunça dürli çärelere gatnaşýar.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili hormatly Prezidentimize BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň çylşyrymly ýagdaýlaryň öňüni almaga, häzirki döwrüň howplaryna hem-de wehimlerine garşy bilelikde göreşmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen işini hemmetaraplaýyn goldaýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Jenap Petko Draganow öz tarapyndan bilelikdäki işiň baý tejribesine daýanýan we uly kuwwata eýe bolan bu netijeli gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etdirilmegine hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz we BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin Sebit merkeziniň ýolbaşçysy hoşlaşanlarynda ýurdumyzyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter