Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar | TDH
Syýasat habarlary

Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar

опубликованно 09.05.2015 // 2404 - просмотров
 

Aşgabat, 9-njy maý (TDH). Şu gün Türkmenistanda şanly sene – 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygy giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde XX asyryň iň gazaply urşunyň söweş meýdanlarynda gaýduwsyzlyk bilen söweşip, edermenligiň we gahrymançylygyň deňsiz-taýsyz nusgasyny görkezen türkmenistanly gahrymanlar sarpalanýar.

Halklaryň umyt-arzuwlary, olaryň Beýik Ýeňşiň hatyrasyna çeken edermenlikli zähmeti öz beýanyny tapan bu nurana baýramçylyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan türkmen halkynyň durmuşynda aýratyn orun eýeleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler biziň gaýduwsyz ildeşlerimize – 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlarymyza çäksiz minnetdarlygymyzyň, olara bildirilen sarpanyň aýdyň beýanydyr.

Şol gazaply uruşdan bäri köp ýyllar geçse-de, türkmen halky urşa giden gaýduwsyz ata-babalarymyzyň gahrymançylygyny, tylda galanlaryň zähmet edermenligini we maşgala ojaklaryny goran zenanlarymyzy, enelerimizi hemişe hatyralaýar. Olaryň durmuşy häzirki nesiller üçin gaýduwsyzlygyň mekdebine öwrüldi. Türkmenistanlylaryň öçmez-ýitmez zähmet edermenligi häzirki wagtda türkmen halkynyň Garaşsyz hem Bitarap türkmen döwletinde bagtyýar durmuşda ýaşaýandygynyň girewi boldy.

Ýurdumyzyň her bir raýatynyň mukaddes borjy mähriban topragymyzdaky parahatçylygy we ylalaşygy gözüň göreji ýaly goramakdan, Watanymyzyň şöhratyny artdyrmakdan ybaratdyr. Wagtyň geçmegi bilen bu şöhratly baýram barha çuň many-mazmuna eýe bolup, nesilleri we halklary, biziň şu günki gazanýan üstünliklerimizi we mähriban topragymyzy basybalyjylardan goramak, onda parahatçylygy we asudalygy, özleriniň ýakynlarynyň hem-de geljekki nesilleriň parahat durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek üçin fronta giden türkmenistanly esgerleriň edermenligini baglanyşdyrýan mukaddeslik bolup hyzmat edýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baýramçylyk Gutlagynda adamzadyň taryhynda aýratyn ähmiýete eýe bolan, çäksiz guwanç we buýsanç duýgularyny döredýän Ýeňiş baýramynyň adamlaryň parahat, asuda we bagtyýar durmuşyny alamatlandyrýandygy bellenilýär. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly: “Bu ajaýyp baýram halklary ýakynlaşdyrýar, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrýar....Arzyly maksada-şanly Ýeňşe bolan beýik ynam doganlyk halklar bilen birlikde, Türkmenistanyň halkyny hem sütemiň, zulumyň, gulçulygyň garşysyna adalatly we barlyşyksyz göreşde has-da jebisleşdirdi. Aradan onýyllyklaryň geçendigine garamazdan, gazaply uruş ýyllarynyň kalplarda yz goýan hasraty dünýä halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň kalbynda hem agyr ýatlamalar bolup ýaşaýar”.

... Asylly däbe görä, ir säherden dünýäniň ähli halklarynyň häzirki we geljekki nesilleriniň ýagty geljegi üçin wepat bolanlary hatyralamak üçin “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň köp sanlysy ýygnandy. Hormat garawulynda türkmen halkynyň ajaýyp däplerini dowam etdirýän, gaýduwsyz ata-babalarymyzyň watançylyk sargytlaryny birkemsiz ýerine ýetirýän ýaş esgerler nyzama düzülipdir. Bu ýere ýygnananlaryň arasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň we onuň etraplarynyň häkimleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, hormatly ýaşulular, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, daşary ýurtly myhmanlar bar.

Uruş weteranlary, şeýle hem tylda edermenlikli zähmet çeken adamlar bu çäräniň hormatly myhmanlary boldular. Ýadygärligiň öňündäki meýdançada weteranlar bilen bir hatarda, mähriban topragymyzy, Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we parahatçylygy goramak ynanylan türkmen esgerleri nyzama dur.

Her bir türkmen raýaty eziz Watanymyzy we mähriban topragymyzy goramagy özüniň mukaddes borjy hasaplaýar. Olar bu borjy birkemsiz ýerine ýetirmek üçin şirin janyny gurban etmäge taýýardyr. Adamzadyň parahat durmuşyna we ösüşine uly zyýan ýetiren XX asyryň gazaply uruş ýyllary bütin dünýäniň halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň kalbynda ýatlama bolup ýaşaýar. Urşuň başlanandygy baradaky habary eşidip, türkmenistanlylaryň müňlerçesi meýletinlik bilen urşa gitdiler. Olar geljekki nesilleriň parahat we bagtyýar durmuşy, adamzadyň azatlygy üçin beýleki doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip söweşdiler.

Parahatçylykly durmuşyň we tutuş adamzadyň azatlygynyň goragyna aýaga galan halklaryň edermenligini, häzirki we geljekki nesilleriň ýagty geljeginiň hatyrasyna wepat bolanlary hatyralamak üçin şu gün ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady. Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

... Üç ýarym sagatdan soň hormatly Prezidentimiziň uçary Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynyň “Wnukowo-2” Halkara howa menzilinde gondy, bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentini resmi adamlar garşyladylar.

Döwlet Baştutanymyz howa menzilinden Kremle tarap ugrady. Bu ýerde, Tugraly zalda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylaýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş güni mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin Moskwa gelen belent mertebeli myhmanlar – döwlet we hökümet baştutanlary bilen Gyzyl meýdandaky merkezi münbere tarap ugraýar. Ol ýerde baýramçylyk harby ýörişi geçirildi.

Türkmen halky beýik Ýeňşe uly goşant goşdy. Gazaply uruş ýyllary türkmenistanly esgerleriň müňlerçesi beýleki halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, janyny aýaman söweş meýdanlarynda edermenlik we gahrymançylyk görkezdiler. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhammet Annaýew hem bar, häzirki wagtda onuň gahrymançylykly durmuş ýoly türkmen ýaşlary üçin hakyky watançylygyň, edermenligiň we kasama wepalylygyň nusgasyna öwrüldi.

Ýeňiş güni mynasybetli geçirilen harby ýöriş tamamlanandan soň Türkmenistanyň Prezidenti “Wnukowo-2” Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Watanymyza ugrady.

Adamzat taryhynda iň gazaply we rehimsiz uruşlaryň biriniň söweş meýdanlarynda görkezen gaýduwsyzlygy we edermenligi üçin biziň ildeşlerimiziň müňlerçesi söweşjeň ordenler we medallar bilen sylaglandy. Türkmenistanly esgerleriň ýüzden gowragy Gahryman diýen belent ada mynasyp boldy. Watanymyzyň azatlygyny we garaşsyzlygyny goran edermen we gaýduwsyz ata-babalarymyzyň şan-şöhraty mähriban halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy we Milli Gahrymanlarymyzyň atlary “Hatyra” hem-de “Şöhrat” neşirlerinde ebedileşdirildi.

Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda 1941-1945-nji ýyllaryň uruş weteranlary döwletimiziň aýratyn aladasy bilen gurşalandyr. Muny gadymdan bäri özüniň gahrymanlaryna, mähriban topragymyzy gaýduwsyzlyk bilen goraýanlara uly hormat-sarpa goýan türkmenleriň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan däpleri talap edýär. Uruş weteranlarynyň hem-de şol gazaply kyrkynjy ýyllaryň kynçylyklaryny başdan geçiren raýatlarymyzyň oňat ýaşamagyny üpjün etmek Türkmenistanyň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça uruş weteranlary, tylda zähmet çekenler we uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlary üçin berilýän köp sanly ýeňillikleriň netijesinde olaryň ähli amatlyklaryň hözirini görüp, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredildi. Her ýyl Beýik Ýeňiş mynasybetli uruş weteranlaryna we söweş meýdanlarynda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryna dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar.

Öz nobatynda, uruş we zähmet weteranlary Watana wepaly gulluk etmegiň nusgasyny görkezýärler, jemgyýetimiziň mundan beýläk-de agzybir we jebis bolmagyna saldamly goşant goşýarlar, ýaş nesle parasatly sargytlar we öwüt-ündewleri berýärler, ýaş nesilde watançylyk, gahrymançylyk, gaýduwsyzlyk we edermenlik ýaly belent duýgulary terbiýelemek boýunça asylly işleri alyp barýarlar. Milli Liderimiziň beýik Ýeňşiň 70 ýyllygy mynasybetli türkmen halkyna iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly: “Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy söýmegi, ynsan mertebesini belent tutmagy, ene-ata sarpa goýmagy ündeýän, ak ýürekli, lebzi halal, zähmetsöýer, belent ahlakly bolmagy wagyz edýän, hakyky watançylary terbiýelemekde görelde bolýan ýaşuly nesillerimiz biziň buýsanjymyzdyr”.

... Aşgabatdaky “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň meýdançasynda dabaraly çäräniň başlanýandygyny alamatlandyryp, Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Soňra halkymyzyň Watan üçin şirin janyny gurban eden gerçeklerimiz baradaky hakydasyny özünde jemleýän matam sazy ýaňlanýar.

“Baky şöhrat” ýadygärliginiň etegine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ajaýyp gül dessesi goýulýar. Soňra uruş weteranlary, Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly diplomatlar, şeýle hem edara-kärhanalaryň, guramalaryň köp sanly wekilleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolan gahrymanlara çuňňur hormat-sarpanyň nyşany hökmünde ýadygärlige gül desselerini goýdular. Ýygnananlar bir minut dymmak bilen, Beýik Ýeňiş üçin şirin janyny gurban eden türkmen topragynyň şöhratly ogullaryny hatyraladylar.

Sanlyja minutyň içinde ýadygärligiň etegi ajaýyp gül desselerinden doldy. Hormat garawuly rotasynyň esgerleri ýadygärligiň öňünden dabaraly ýöriş bilen geçýärler.

Häzirki döwürde biziň ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýär. 1995-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan türkmen döwletine berlen hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan döredijilikli daşary syýasat ugry türkmen halkynyň giň goldawyna, şeýle hem ähli halkara jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna mynasyp bolýar. Çünki Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi türkmenistanlylaryň parahat we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň kepili bolup durýar.

Ýurdumyzyň sebitdäki parahatçylyk döredijilik merkezi hökmünde ykrar edilmegi türkmen halkynyň iň gowy däpleriniň dowamatlylygynyň aýdyň beýanyna hem-de ata-babalarymyzyň edermenligine hormat-sarpanyň nyşanyna öwrüldi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli öňe sürýän başlangyçlary parahatçylygy pugtalandyrmaga, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmäge, dünýäniň ýurtlarynyň we halklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir.

Beýik Ýeňşiň 70 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralary şu gün ýurdumyzyň ähli ýerlerinde giňden bellenilip geçilýär. Sabyrsyzlyk bilen garaşylan Ýeňiş gününi ýakynlaşdyrmak üçin wepat bolan gerçeklerimiz baradaky hakydany geljekki nesillere geçirmek türkmenistanlylaryň her biriniň mukaddes borjudyr. Biziň ählimiz türkmen halkynyň şöhratly ogullarynyň öňünde bergidardyrys. Şoňa görä-de, olaryň söweş meýdanlarynda faşizme garşy görkezen edermenligi we gahrymançylygy baradaky ýatlamalary aýawly saklamak biziň borjumyzdyr.

Şanly senäniň baýramçylygy mynasybetli mähriban Diýarymyzyň ähli künjeklerinde şäherleriň we obalaryň ýaşaýjylary edermen Watan goragçylaryna hormat-sarpanyň nyşany hökmünde 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gaýduwsyz söweşip, wepat bolan Milli Gahrymanlarymyzyň hormatyna bina edilen ýadygärliklere gül desselerini goýdular. Welaýatlaryň we etraplaryň merkezlerindäki konsert meýdançalarynyň ählisinde döredijilik toparlarynyň çykyşlary guraldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter