Türkmenistanyň halkara düzümlerde wekilleri bellenildi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň halkara düzümlerde wekilleri bellenildi

опубликованно 10.10.2017 // 1046 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara düzümlere wekilçilik etmegine degişli birnäçe kararlara gol çekdi.

Hususan-da, Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Ezizgeldi Orazmuhammedowiç Annamuhammedow Halkara pul gaznasynyň Türkmenistandan dolandyryjysynyň orunbasary wezipesine bellenildi.

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Batyr Aganazarowiç Bazarow Türkmenistanyň Hökümetinden Ýewropa Bileleşiginiň halkara tehniki kömek baradaky milli utgaşdyryjysy we Bütindünýä bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipesine bellenildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter