Müňýyllyk dostluk gatnaşyklaryna esaslanýan hyzmatdaşlyk | TDH
Syýasat habarlary

Müňýyllyk dostluk gatnaşyklaryna esaslanýan hyzmatdaşlyk

опубликованно 19.05.2015 // 872 - просмотров
 

Şu gün, 20-nji maýda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen türkmen paýtagtyna resmi sapar bilen gelýän Pakistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nawaz Şarifiň arasynda gepleşikler geçiriler.

Dostlukly ýurduň hökümetiniň baştutanynyň bu sapary Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistan bilen syýasy we ykdysady gatnaşyklary ikitaraplaýyn bähbitlere hem-de döwrüň talabyna laýyk gelýän has ýokary derejä çykarmaga bolan hemmetaraplaýyn gyzyklanmasynyň ýene bir aýdyň subutnamasydyr.

Iki döwletiň netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmalary, şeýle hem diňe bir hoşniýetli goňşy däl-de, eýsem, ygtybarly hyzmatdaşlar bolup durýan iki halkyň taryhy taýdan medeni we ruhy ýörelgeleriniň umumylygy, birek-birege ynanyşmak esasynda ýokary derejede ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň möhüm şerti bolup durýar.

Öňde boljak türkmen-pakistan gepleşikleri uzakmöhletleýin, deňhukukly we milli bähbitleri, iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm wezipelerini nazara almak arkaly ýola goýulýan köpýyllyk gatnaşyklaryň mundan beýläk-de artmagyna kuwwatly itergi berer.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Pakistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nawaz Şarif sebit we halkara syýasatynyň möhüm meselelerini, birnäçe kesgitleýji şertleri, şol sanda bar bolan ägirt uly ykdysady, serişde kuwwatyny we müňýyllyk dostluk hem-de hyzmatdaşlyk däplerini nazara almak bilen ýola goýulýan köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny we onuň geljekki ýagdaýlaryny ara alyp maslahatlaşarlar. Şunda ýangyç-energetika, söwda-ykdysady we ulag ulgamyndaky gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryna aýratyn ähmiýet berler. Durnukly ulag we energetika düzüminiň döredilmegine ýurtlaryň ikisi-de möhüm ähmiýet berýär.

Günorta Aziýa ýurtlary, şol sanda Pakistan soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän we ähluimumy abadançylygyň, şol sanda energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlaryna hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Olary yzygiderli durmuşa geçirmek arkaly Türkmenistan halkara jemgyýetçiligine häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň has oňyn çözgüdi baradaky garaýyşlaryny äşgär edýär.

Ählumumy ähmiýeti bolan iri möçberli taslamalaryň öňe sürülmegi we yzygiderli durmuşa geçirilmegi barada aýdylanda bolsa, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy barada aýratyn bellemeli. TOPH gaz geçirijisiniň amala aşyrylmagy bu taslama gatnaşýan taraplaryň ählisiniň pikirine görä diňe bir sebitiň ykdysady ösüşiniň we durmuş abadançylygynyň däl, eýsem, onuň sebitde howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilendigi bilen has-da ähmiýetlidir.

Şeýlelikde, şu gün Aşgabatda başlanýan türkmen-pakistan gepleşikleri netijeli syýasy gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň köpugurly esasda giňeldilmegine we iki ýurduň hem-de dostlukly halklaryň arasynda köpasyrlyk medeni-gumanitar gatnaşyklaryň berkidilmegine gönükdirilen netijeli çäreleriň işlenip taýýarlanylmagyny üpjün eder.

Gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, öňi bilen bolsa iri halkara guramalarynyň hem-de abraýly düzümleriniň çäklerinde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagyny şertlendirer we uzakmöhletleýin, özara peýdaly esasda ýola goýulýan gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine kuwwatly itergi berer.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter