Türkmenistan Merkezi Aziýada Russiýa bilen ýygjam syýasy-diplomatik gatnaşyklary dowam etmäge taýýar | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistan Merkezi Aziýada Russiýa bilen ýygjam syýasy-diplomatik gatnaşyklary dowam etmäge taýýar

опубликованно 02.10.2017 // 1129 - просмотров
 

Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň Merkezi Aziýadaky ýagdaýlary ösdürmek babatda hyzmatdaşlygy ýokary derejedäki türkmen-russiýa gepleşikleriniň aýratyn meselesi boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, taraplar bu ýerde pugta parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi ugrunda yzygiderli hem-de maksada okgunly işleýär. Bu bolsa iki tarapyň strategiki bähbitlerine laýyk gelýär hem-de özara gatnaşyklarymyz bu maksada ýetmegiň möhüm şerti bolup çykyş edýär.

Türkmenistan Russiýanyň Merkezi Aziýadaky syýasy, ykdysady, ynsanperwer bähbitlerine hormat goýmak we düşünmek bilen garaýar, Russiýanyň sebitdäki ýagdaýlary ösdürmäge bolan çemeleşmelerine durnuklaşdyryjy, oňa sazlaşyklylyk berýän ýagdaý hökmünde garaýar diýip, türkmen Lideri aýtdy.

Türkmen tarapy bu ugurda Russiýa bilen ysnyşykly hem-de udgamlaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary dowam etmäge taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň fewralynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýadaky ýagdaýlar boýunça syýasy geňeşmelere bildirilen özara düşünişmä hem-de netijelilige ýokary baha berdi.

Biziň ýurdumyz Russiýa bilen owgan meselesini gyzyklanma bildirip ara alyp maslahatlaşmagy dowam etmegi möhüm hasaplaýar, şunda hem taraplaryň maksatlary gabat gelýär. Türkmenistan hem, Russiýa Federasiýasy hem Owganystandaky ýagdaýyň tiz kadalaşdyrylmagy, bu ýurtda milli ylalaşygyň diňe syýasy-diplomatik serişdeleri arkaly gazanylmagy ugrunda çykyş edýärler. Bu ýurdy parahat we durnukly, doly bahaly, deňhukukly hyzmatdaş hem-de sebitleýin we halkara ykdysady işlerine gatnaşyjy hökmünde görmek isleýärler.

Gepleşikleriň barşynda owgan meselesi babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky özara hereketler arkaly mundan beýläk-de saklanylmagynyň maksadalaýyk hasaplanýandygy nygtaldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter