Aşgabatda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Wladimir Putiniň arasynda gepleşikler başlandy | TDH
Syýasat habarlary

Aşgabatda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Wladimir Putiniň arasynda gepleşikler başlandy

опубликованно 02.10.2017 // 998 - просмотров
 

Şu günüň ikinji ýarymynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin paýtagtymyza resmi sapar bilen geldi.

Iki dostlukly döwletiň baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde RF-niň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Belent mertebeli myhmanyň gelmeginiň hormatyna uçaryň ýanyndan gaýdýan haly ýodajygynyň ugrunda Hormat garawuly nyzama düzüldi.

Howa menzilinden Russiýanyň Prezidentiniň ulag kerweni “Oguzhan” Prezident Köşkler toplumyna tarap ugrady. Bu ýerde, merkezi girelgäniň öňünde rus kärdeşi Wladimir Putini Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady.

Iki ýurduň Liderleri dostlarça görşüp, “Oguzhan” zalyna geçdiler. Ol ýerde belent mertebeli myhmanyň resmi garşylanyş dabarasy geçirildi.

Hormat garawulynyň rotasynyň serkerdesi hasabat bereninden soň, Russiýe Federasiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow rus kärdeşini Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrdy. Belent mertebeli myhmany şeýle hem ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary mübäreklediler. Öz gezeginde Prezident Wladimir Putin Türkmenistanyň Baştutanyny Russiýa Federasiýasynyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrdy.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde däp boýunça surata düşmek dabarasyndan soňra, türkmen Lideri mertebeli myhmany “Altyn” zala geçmäge çagyrdy. Şol ýerde ikiçäk görnüşde ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.

Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde – iki tarapyň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda dowam eder. Şondan soň ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy bolar.

Iki ýurduň Liderleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde ýüzlenme bilen çykyş edreler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter