Türkmenistanyň Prezidenti Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärlerini bu gullugyň döredilmeginiň 26 ýyllygy bilen gutlady | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärlerini bu gullugyň döredilmeginiň 26 ýyllygy bilen gutlady

опубликованно 30.09.2017 // 1131 - просмотров
 

Hormatly Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri!

Sizi Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň döredilmeginiň 26 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Şu dabaraly pursatda size eziz Watanymyzyň milli howpsuzlygyny iipjün etmek, jemgyýetimiziň asudalygyny, jebisligini goramak ugrunda alyp barýan jogapkärli gullugyňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Hormatly Watan goragçylary!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her bir güni şanly senelere we taryhy wakalara beslenýän eziz Watanymyz şu günler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk toýuna ýokary ruhubelentlik we zähmet üstünlikleri bilen barýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda ähli ugurlarda uly ösüşler gazanylýar. Ýurdumyzy senagat taýdan kuwwatly, durmuş-ykdysady taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça kabul eden maksatnamalarymyz üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu ýyl ýurdumyzda sebitde iri Garlyk kaliý dag- magdan toplumynyň açylyp, ulanmaga berilmegi hem ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde örän uly ähmiýetli waka boldy. Şonuň ýaly-da, geçen bir ýylyň dowamynda Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyry bolan «Atamyrat - Ymamnazar - Akina» demir ýolunyň, Amyderýanyň üstünden geçýän «Türkmenabat - Farap» awtomobil we demir ýol köprüleriniň açylyp, ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň halkara derejesinde möhüm ulag-üstaşyr merkezine öwrülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Biziň durmuşa geçirýän bu özgertmelerimiz halkymyzyft ýaşaýyş-durmuş derejesini öftküden-de ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Yakyn wagtda biz Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Türkmenistanyň Yaşulularynyň nobatdaky maslahatyny geçirip, il-ýurt bähbitli möhüm çözgütleriň ýene-de birnäçesini kabul ederis. Bu çözgütler raýatlarymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, göwnejaý dynç almaklary, öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin giň mümkinçilikleri döreder.

Biziň alyp barýan hoşniýetli goňşuçylyk, hemişelik Bitaraplyk syýasatymyz Türkmenistanyň dünýä syýasatynda eýeleýän möhüm ornuny has-da berkidýär. Şu ýyl Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan her ýylyň 12-nji dekabrynyň Halkara bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi hem ýurdumyzyň halkara derejesindäki ýokary abraýynyň, hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň ýene-de bir gezek ykrar edilendigini görkezýär.

Döwletimiziň halkara abraýynyň artýandygyna ýaňy-ýakynda ýurdumyzda yklymyň iri halkara sport ýaryşy bolan Yapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi hem şaýatlyk edýär. Bu halkara sport ýaryşyny geçirmek üçin sebitde ilkinji bolup Türkmenistanyň saýlanyp alynmagy Bitarap Watanymyzyň dünýäde parahatçylygy, sport hereketini ösdürmäge goşýan uly goşandynyň, ýurdumyzyň gülläp ösüşiniň halkara derejesinde nobatdaky gezek ykrar edilmegidir. Biz bu halkara ýaryşynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etdik. Ussat türgenlerimiz bolsa, bütin yklymyň türgenleriniň arasynda birinjiligi eýeläp, ýurdumyzyň abraýyny has-da belende göterdiler. Bu taryhy sport çäresiniň geçirilýän günlerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça geňeşi tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakyndaky» jarnamanyň biragyzdan kabul edilmegi biziň dost-doganlyk we ynsanperwer syýasatymyzyň hem-de sport diplomatiýamyzyň uly üstünligidir.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň howpsuzlygyny üpjün edip, ýaryşlaryň üstünlikli geçirilmegine goşan goşandyňyz üçin size minnetdarlyk bildirýärin!

Milli howpsuzlyk ministrliginiň merdana işgärleri!

Berkarar Watanymyzda gazanylýan uly ösüşler, ýetilýän belent sepgitler ýurdumyzyň howpsuzlygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, siz ýurdumyzyň abadançylygyny, halkymyzyň asuda durmuşyny öňküden-de berk goramalysyňyz. Döwletimiziň howpsuzlygyny, konstitusion gurluşyny, çäk bitewüligini, ykdysady bähbitlerini, ylmy-tehniki we goranmak kuwwatyny gorap saklamakda siziň üstüňize aýratyn borç, uly jogapkärçilik düşýär. Ýurdumyzyň mundan beýläk-de çalt depginler bilen ösmegi üçin amatly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy üpjün etmek siziň möhüm wezipäňizdir. Siz häzirki döwrüň ählumumy wehimleri bolan halkara terrorçylygy, ekstremizm, kiberjenaýatçylyk ýaly howplaryň ýurdumyza aralaşmagyna asla ýol bermeli dälsiňiz. Beýleki hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde ýurdumyzda korrupsiýa, parahorluk ýaly ýagdaýlary düýbünden ýok etmek ugrunda alyp barýan işleriňizi has-da güýçlendirmelisiňiz.

Bu jogapkärli wezipeleriň hötdesinden gelmek üçin siz syýasy, hünär taýýarlygyňyzy, hüşgärligiňizi has-da artdyrmalysyňyz. Häzirki zaman ylymlaryndan, innowasion tehnologiýalardan gowy baş çykarmalysyňyz. Sagdyn durmuşyň kepili bolan sport bilen üznüksiz meşgullanyp, beden taýdan has-da kämilleşmelisiňiz.

Geçmişde ata-babalarymyz ýurt goragyny iň edermen, sagdyn, harby taýdan taýýarlykly, paýhasly ogullaryna ynanypdyrlar. Siz hem beýik pederlerimiziň, ýurt goran gerçeklerimiziň asylly ýörelgesine eýerip, eziz Watanymyzy, mähriban halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşyny ýokary hüşgärlik bilen goramalysyňyz. Kanunçylygyň goragynda berk durup, islendik hukuk bozulmalara we jenaýatlara garşy barlyşyksyz göreş alyp barmalysyňyz. Siziň şu möhüm wezipeleri mundan beýläk-de uly abraý bilen ýerine ýetirjekdigiňize berk ynanýaryn!

Eziz Watanymyzyň wepaly ogullary!

Biz Watan goragçylarynyň öz gulluk borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirmekleri we abadan durmuşda ýaşamaklary üçin oňaýly şertleri döretmek ugrunda yzygiderli tagalla edýäris. Bu işleriň çäginde Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň maddy- enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, şahsy düzümiň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini öňküden-de ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrýan düýpli işlerimizi geljekde hem dowam ederis.

Hormatly Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri!

Sizi Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň döredilmeginiň 26 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan jogapkärli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter