Türkmenistanyň DHÇMB-niň geleşikleriniň jemi bahasy ABŞ-nyň 23 million 931 müň dollaryndan gowrak boldy | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistanyň DHÇMB-niň geleşikleriniň jemi bahasy ABŞ-nyň 23 million 931 müň dollaryndan gowrak boldy

опубликованно 30.09.2017 // 841 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna arassalanan pagta ýagy, nah ýüplük, pagta süýümi, dokma önümçiliginiň galyndylary ýerlenildi. Olary Russiýa Federasiýasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şweýsariýadan, Singapurdan, Türkiýeden, Owganystandan, Gruziýadan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 23 million 931 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 3 million 302 müň manatdan gowrak arassalanan pagta ýagyny, lukmançylykda ulanylýan sargy serişdelerini we pagta soapstogyny satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 274 müň manatlyk azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter