“Garaşsyzlygyň merjen däneleri” çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi | TDH
Medeniýet

“Garaşsyzlygyň merjen däneleri” çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi

опубликованно 29.09.2017 // 1160 - просмотров
 

Maslahat köşgünde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk baýramyna bagyşlanan zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşýanlaryň gala- konserti geçirildi.

Şanly Garaşsyzlygymyzyň hormatyna guraljak dabaralaryň öňüsyrasynda geçirilen bäsleşige gatnaşmak üçin paýtagtymyza ýurdumyzyň dürli künjeklerinden zehinli çagalar ýygnandylar. Olar ýurdumyzyň baş sahnasynda çykyş etmäge we ýurdumyzyň estrada ýyldyzlary bolmak ugrunda ilkinji ädimleri ätmäge mynasyp hukuk gazandylar. Jemleýji bäsleşige ýaş ýerine ýetirijileriň 15-si, tans, aýdym-saz we halk döredijiligi toparlarynyň bolsa 23-si gatnaşdylar. Geljekde milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň abraýyny belende göterjek zehinli çagalaryň 730-sy paýtagtymyza ýygnandylar.

Ýeňijiler diýen ada eýe bolan zehinli ýaş ýerine ýetirijileriň atlary yglan edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan olara gymmat bahaly sowgatlar we bäsleşigiň ýeňijileriniň şahadatnamalary gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisine ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy, olar körpeleriň geljekki bäsleşiklerde üstünlikli çykyş etmegine höwes döreder.

Ýurdumyzyň Bilim we Medeniýet ministrlikleriniň hem-de teleradio ýaýlymlaryň Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň altyn asyry” umumy milli döredijilik bäsleşiginiň çäklerinde her ýylda zehinli çagalaryň arasynda geçirýän bilelikdäki döredijilik gözden geçirilişi asylly däbe öwrüldi. Saýlama tapgyrlary ýurdumyzyň şäherlerinde, etraplarynda, welaýat merkezlerinde geçirildi we olarda jemleýji tapgyra gatnaşyjylar kesgitlenildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter