Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjiginiň işini üýtgedip guramagy tabşyrdy | TDH
Jemgyýet

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjiginiň işini üýtgedip guramagy tabşyrdy

опубликованно 29.09.2017 // 831 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hökümete Aşgabadyň Olimpiýa şäherjininiň işini üýtgedip guramagyň maksatnamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz hökümet mejlisinde çykyş etmek bilen, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli tamamlanandygyny nazara alyp, oýunlara taýýarlyk baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň ýatyrylýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Ýerine ýetiriji komitetiň maliýe we beýleki meselelerini kadalaşdyrmak hem-de onuň işgärlerini işe ýerleşdirmek bilen bagly meseleleri bir aýyň dowamynda çözmek barada degişli görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz Olimpiýa şäherjiginiň sport bilen meşgullanmak we türgenleri taýýarlamak üçin oňyn binýat bolup durýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Olimpiýa şäherjigini düýpli üýtgetmek boýunça degişli maksatnamany düzmelidigini, bu ýerde Milli sport we syýahatçylyk instituty üçin okuw-türgenleşik binýadynyň döredilmelidigini tabşyrdy.

“Paýtagtymyzyň islendik ýaşaýjysy şäherjige gelip, abonement satyn alyp, sportuň öz höwes bildirýän görnüşi bilen meşgullanyp biler” diýip, döwlet Baştutanymyz degişli resminama gol çekdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter