Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň Prezidentiniň ýörite wekilini kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň Prezidentiniň ýörite wekilini kabul etdi

опубликованно 26.05.2015 // 848 - просмотров
 

Aşgabat, 26-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlary boýunça ýörite wekili Mohammad Şaker Kargary kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyny düýn bellenilip geçilen Aşgabat şäheriniň güni bilen gutlady we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň mähirli salamyny hem-de dostlukly türkmen halkyna bagt, parahatçylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň barşynda Owganystanda türkmen Lideriniň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna ýokary baha berilýändigi nygtaldy. Bu syýasat bolsa sebitde geosyýasy deňagramlylygy, parahatçylygy we howpsuzlygy saklamagyň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Jenap Mohammad Şaker Kargar öz ýurdunda parahatçylykly durmuşy pugtalandyrmakda we durmuş-ykdysady taýdan ösmekde berýän uly goldawy üçin Türkmenistanyň hökümetine hem-de halkyna hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanynyň owgan meselesini çözmek babatda teklip edýän ählumumy çemeleşmeleriniň öz Watanynda parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Bu çemeleşmeler bolsa möhüm halkara başlangyçlarda öz beýanyny tapdy.

Öz nobatynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Bitarap Türkmenistanyň Owganystan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygyny, şeýle hem goňşy ýurduň ykdysady we medeni taýdan ösmeginde mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ýardam etmäge taýýardygyny tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz taraplaryň tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň bähbitlerine doly laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga we hemmetaraplaýyn ösdürmäge taýýardygyna ýokary baha berip, Owganystanyň durnukly ösüşine uly gyzyklanma bildirýän Türkmenistanyň öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny we usullaryny ulanmak arkaly goňşy ýurtda dörän ýagdaýy parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmagyň hem-de raýat ylalaşygyny berkarar etmegiň tarapdary bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň BMG-niň howandarlygynda owganara parahatçylykly gepleşiklerini geçirmek üçin özüniň syýasy giňişligini bermäge hem-de bu meseläni çözmegiň täze syýasy-diplomatiki gurallaryny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşmaga taýýardygy ýene-de bir gezek beýan edildi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna eýerýän Türkmenistan umumy serhediň uzak aralyga uzalyp gidýändigini, şeýle hem türkmen we owgan halklarynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklaryny nazara almak bilen, daşary syýasat strategiýasynda özüniň günorta goňşusyna möhüm orun berýär.

Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz öz döwründe Owganystanyň içindäki gapma-garşylyklary parahatçylykly ýol bilen çözmek baradaky başlangyjy öňe süren esasy döwletleriň biri bolmak bilen, şu geçen ýyllaryň dowamynda Owganystana anyk kömek berip, goňşy ýurda elektrik energiýasyny we suwuklandyrylan gazy iberýär, senagat we durmuş maksatly desgalary gurýar, serhetýaka sebitleriň ilatyna ynsanperwerlik kömegini yzygiderli berýär.

Duşuşygyň barşynda milli Liderimiz we Owganystan Yslam Respublikasynyň ýörite wekili esasy ugurlaryň birnäçesinde döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.

Iki ýurduň ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda, has takygy, türkmen tarapynyň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisini gurmak we Türkmenistandan Owganystanyň üsti bilen Täjigistana demir ýoly çekmek babatda başyny başlan giň möçberli taslamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmekde özara gatnaşyklary bilen baglanyşykly mesele hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu taslamalar hakyky hoşniýetli goňşuçylygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşany bolup durýar.

Taraplaryň ylalaşmagyna görä, bu demir ýoluň Andhoýa çenli bölegini soňky ýyllarda uly tejribe toplan türkmen tarapy gurar. Demir ýoluň bu bölegi Owganystanyň çäginde ýerleşýär. Umumy pikire görä, täze bilelikdäki düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagy owgan ykdysadyýetini ösdürmäge, durmuş meseleleriniň üstünlikli çözülmegine ýardam eder. Munuň özi Owganystandaky we tutuş sebitdäki ýagdaýa oňyn täsirini ýetirer.

Netijeli häsiýete eýe bolan şu duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanda öndürilýän ýangyç serişdeleriniň, hususan-da, nebit önümleriniň we suwuklandyrylan gazyň Owganystana iberilýän möçberini artdyrmak barada ylalaşyldy. Ýangyç serişdeleriniň bahalary baradaky meseleleriň ylalaşykly bolmagy wezipäni üstünlikli çözmäge ýardam eder.

Taraplaryň elektrik energetikasy ulgamyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly ähmiýet berýändigi nazara alnyp, türkmen elektrik energiýasynyň Owganystana iberilýän möçberlerini artdyrmak mümkinçilikleri barada özara gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Munuň özi soňky ýyllarda ýurdumyzyň energetika pudagynyň kuwwatynyň barha artýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy bolup durýar. Goňşy döwletler energiýa serişdeleriniň durnukly iberilmegini üpjün etmekde ýurdumyzy ygtybarly we uzakmöhletleýin hyzmatdaş hasaplaýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň ýörite wekili Mohammad Şaker Kargar hoşlaşanlarynda duşuşygyň jemini jemläp, türkmen-owgan gatnaşyklarynyň asyrlaryň dowamynda emele gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanyp, mundan beýläk-de ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohammad Fazil Saýfi gatnaşdy.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň we myhmanyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň Teswirnamasyna gol çekildi. Teswirnamada 2018-2027-nji ýyllarda Türkmenistandan elektrik energiýasyny ibermek we şol döwürde eksport edilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini dört esse artdyrmak baradaky çözgüt beýan edildi.

Taraplaryň pikirine görä, bu resminama gol çekilmegi tutuş sebit üçin uly ähmiýete eýedir. Çünki, ýokarda bellenilişi ýaly, täze giň möçberli bilelikdäki taslamanyň durmuşa geçirilmegi günorta goňşularymyza eksport edilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän energetika syýasatynyň uly üstünlige eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüler we energiýa serişdelerine baý ýurt hökmünde Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da artmagyna ýardam eder.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter