Hormatly Prezidentimiz we Okeaniýa ýurtlarynyň Milli olimpiýa komitetleriniň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça pikir alyşdylar | TDH
Syýasat habarlary

Hormatly Prezidentimiz we Okeaniýa ýurtlarynyň Milli olimpiýa komitetleriniň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça pikir alyşdylar

опубликованно 27.09.2017 // 952 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Okeaniýa ýurtlarynyň Milli Olimpiýa komitetleriniň ýolbaşçysy jenap Robin Mitçelli kabul etdi.

Myhman döwlet Baştutanymyzy Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde geçirilýän “Aşgabat 2017” oýunlarynyň ýapylyş dabarasynyň gerimine haýran galýandygyny nygtady. Okeaniýa ýurtlarynyň Milli Olimpiýa komitetleriniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentine şeýle iri bäsleşige Okeaniýa ýurtlarynyň gatnaşmagy baradaky çözgüdi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi hem-de bu işiň halklaryň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi berkitmekde, parahatçylygy pugtalandyrmakda hem-de bu oýunlaryň hukuk derejesini we ähmiýetini täze derejä çykarmakda uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň olimpiýa hereketiniň beýik ynsanperwer ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklady we sport ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw bermäge gönükdirilen özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz hem-de Okeaniýa ýurtlarynyň Milli olimpiýa komitetleriniň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri boýunça pikir alyşdylar we gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

V Aziýa oýunlarynyň bu ýaryşlaryň taryhynda Okeaniýa ýurtlarynyň we bosgunlar toparynyň gatnaşmagy bilen iň giň möçberli bäsleşiklere öwrülendigi nygtaldy. Aşgabatda şeýle iri ýaryşlaryň geçirilmegi Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna, tutuş dünýäde sportuň giňden wagyz edilmegine ýardam eder.

Myhman türkmen sportunyň ýokary ösüş depginlere eýedigini nygtap, munuň bu ugruň ösdürilmegine ägirt uly üns berýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy goşandydygyny belledi. Aziýa ýaryşlarynda türkmen türgenleriniň eýelän medallarynyň sany boýunça birinji orna düşmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Jenap Robin Mitçell Okeaniýa ýurtlarynyň sport guramalarynyň adyndan bu oýunlaryň ýokary guramaçylyk derejesi üçin döwlet Baştutanymyza ýene bir gezek hoşallyk bildirip, milli Liderimize berk jan saglyk, alyp barýan giň möçberli işlerinde uly üstünlikler, Türkmenistana hem-de tutuş türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter