Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 61-si hasaba alyndy | TDH
Ykdysadyýet

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 61-si hasaba alyndy

опубликованно 24.09.2017 // 802 - просмотров
 

Daşary ýurt walýutasyna Owganystan Yslam Respublikasyndan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýe Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan we beýleki ýurtlardan gelen işewürler daşary ýurt walýutasyna arassalanan pagta ýagyny, jinsi matasyny we nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 37 million 111 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Hindistandan Respublikasyndan gelen täjirler jemi bahasy 8 million 71 müň manatlykdan gowrak bolan arassalanan pagta ýagyny we saryja goýunlaryň ýüňüni satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 1 million 308 müň manatlykdan gowrak azyklyk bugdaý satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter