Halkara tejribesi sport lukmançylygynyň iş tejribesinde | TDH
Jemgyýet

Halkara tejribesi sport lukmançylygynyň iş tejribesinde

опубликованно 22.09.2017 // 830 - просмотров
 

Ýokary hilli lukmançylyk hyzmaty islendik uly sport çäresi ýaly, “Aşgabat 2017” oýunlaryny hem üstünlikli geçirmegiň möhüm we aýrylmaz bölegidir. Ministrler Kabinetiniň 22-nji sentýabrda bolan giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oýunlary guramagyň hili babatda bu meselä aýratyn üns berip, Olimpiýa şäherçesiniň Dikeldiş merkezinde lukmanlaryň gije-gündiziň dowamynda nobatçylygyny ýola goýmagy tabşyrdy.

Türkmen halkynyň ajaýyp myhmansöýerlik däplerini, ak mermerli paýtagtymyzyň ösen düzümini, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ýokary derejesini, sport ulgamyndaky uly kuwwatyny görkezmek bilen, “Aşgabat 2017” türgenlere ýokary derejede lukmançylyk hyzmatyny guramak arkaly saglygy goraýyş ulgamymyzyň ösen kuwwatyny äşgär etmek üçin ýene-de bir mümkinçilikdir.

Şu maksatlar bilen öz döwründe Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň hem-de “Trivandi Chanzo Limited” kompaniýasynyň arasynda üçtaraplaýyn şertnama baglaşyldy.

Bu şertnama laýyklykda, Olimpiýa şäherçesiniň ýaryş geçirilýän desgalarynda hem-de Dikeldiş merkezinde zerur lukmançylyk kömegini bermäge tejribeli daşary ýurtly hünärmenleriň hem 34-si çekildi. Olaryň hatarynda trawmatologlar, hirurglar, neýrohirurglar, ortopedler, reanimatologlar, kardiologlar, oftalmologlar we beýlekiler bar.

Şeýle hem Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe ýörite çakylyk boýunça nemes lukmanlary geldiler. Olar Halkara lukmançylyk merkezleriniň müdirliginden türkmen kärdeşleri bilen bilelikde ýüz tutan türgenlere maslahatlary hem-de zerur gaýragoýulmasyz kömegi berýärler. Şu güne çenli oýunlara gatnaşyjylara lukmançylyk hyzmatlarynyň 800-e golaýy ýerine ýetirildi. Şol hyzmatlaryň aglabasy uly bolmadyk ýeňil şikesler we beýlekiler bilen baglanyşyklydyr.

Olimpiýa şäherjiginiň lukmançylyk nokady bolan Dikeldiş merkezi türgenleriň güýjüni dikeltmek maksady bilen, ýaryşlardan boş wagtyny rejeli ulanmaga niýetlenendir. Munuň üçin bu ýerde suwa düşülýän howuz, sirkulýar duş, şarko duşy, umumy we ýerli wannalar, trenažýor zaly, fizioçäreler otagy, bedeni owkalamak üçin niýetlenen otaglar, garbanyşhana hem-de beýlekiler bar. Lukmanlaryň otaglarynyň ählisinde halkara derejeli hünärmenler tarapyndan ýokary derejeli kömek berilýär. Oýunlara gatnaşyjylara hödürlenilýän lukmançylyk maksatly serişdeleriň hem-de derman serişdeleriniň ählisiniň Ýewropa ülňüli önümlerdigini bellemek möhümdir.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamy Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna çenli uly taýýarlyk işlerini, şol sanda türkmen lukmanlarynyň hünärini ýokarlandyrmak boýunça işleri geçirdi.

Olimpiýa şäherjiginiň Dikeldiş merkezinde daşary ýurtlardan gelen iň gowy hünärmenler bilen birlikde, biziň sport lukmanlarymyz hem işleýär. Olar Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň howandarlygynda halkara akkreditasiýasyndan geçdiler.

Hormatly Prezidentimiziň ýakyndan goldaw bermegi netijesinde, Türkmenistanda sport lukmançylygy kuwwatly ösüşe eýe bolup, hünärmenleri taýýarlamagyň hil taýdan täze derejesine çykdy. Milli Liderimiz ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmekde iň döwrebap hyzmatlary etmek üçin öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, lukmançylyk ylmynyň we tejribesiniň ähli ugurlarynda dünýäniň iň gowy tejribesini özleşdirmäge uly üns berýär.

Bu ugurlaryň ählisi lukmançylyk we ykdysady ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, daşary ýurtlaryň köp sanly uniwersitetleriniň, institutlarynyň, halkara akademiýalarynyň professory hem-de doktory hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan we durmuşa geçirilýän “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň esasyny düzdi. Maksatnamanyň çäklerinde ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny etmäge hem-de adamlaryň ömrüniň ortaça dowamlylygyny artdyrmaga mümkinçilik berýän saglygy goraýyş ulgamynda özgertmeler amala aşyryldy.

Milletiň saglygy barada alada etmek döwlet syýasatynyň derejesine çykaryldy, onuň çäklerinde halkyň saglygyny goramagyň esasy ugurlary kesgitlenildi, degişli strategiýalar işlenip taýýarlanyldy. Sagdyn durmuş ýörelgeleri berkidildi, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamynda netijeli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny guramak, dolandyrmak we maliýeleşdirmek işi täze çemeleşmeler esasynda amala aşyrylýar. Jemgyýetçilik saglygy goraýşynyň ilkinji ulgamy bolan Saglyk öýleriniň işi döwrebaplaşdyryldy, hassahanalaryň we şypahanalaryň hyzmatlary hil taýdan kämilleşdirildi, şypahana ulgamy täzeden döredildi.

Şunuň bilen birlikde, arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň işi kadalaşdyryldy, derman senagaty giňeldildi hem-de halkara derejesine çykaryldy, saglygy goraýyş ulgamy ýokary hünärli işgärler bilen üpjün edildi. Bu işleriň ählisi, şol sanda kanunçylyk binýadynyň berkidilmegi tapgyrlaýyn, yzygiderli, oýlanyşykly, ylmy esasda amala aşyryldy we olaryň netijeliligi abraýly halkara düzümleri tarapyndan ykrar edildi.

Baryp 1995—1997-nji ýyllarda ýurdumyzda maşgala lukmançylygy ulgamy ornaşdyryldy, raýatlaryň meýletin lukmançylyk ätiýaçlandyrmasy girizildi. 1998—2000-nji ýyllarda iň öňdebaryjy täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen saglygy goraýyş edaralarynyň toplumy guruldy we şypahana ulgamy döredildi, derman senagaty ösdürildi.

2001-2004-nji ýyllarda saglygy goraýşyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilmegi netijesinde, esasy üns keselleriň öňüni almaga gönükdirildi. 2005—2010-njy ýyllarda saglygy goraýyşda ykdysady usullar giňden ornaşdyryldy, keselleriň öňüni almak ýaýbaňlandyryldy. 2010—2014-nji ýyllarda saglygy goraýyş ulgamy dünýä ülňülerine laýyk derejede yzygiderli ösdürildi, halkara hyzmatdaşlygy giňeldildi. Ýurdumyz ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça öňdebaryjylaryň hataryna goşuldy.

Ýurdumyzda ýokanç keselleriň birnäçesiniň ýok edilendigi baradaky halkara güwänamalary hem-de türkmen lukmanlarynyň bu ulgamdaky tejribesiniň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň ýurtlarynda ýaýradylmagy üçin maslahat berilmegi saglygy goraýyş boýunça wezipeleri çözmekde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň üstünlikleriniň ykrarnamasydyr.

Şeýlelikde, 2015—2017-nji ýyllar üçin “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň meýilnamasy doly ýerine ýetirildi. Şol döwrüň içinde Aşgabatda we welaýatlarda dünýäniň esasy önüm öndürijilerinden getirilen öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen keseli anyklaýyş hem-de bejeriş merkezleri guruldy we ulanmaga berildi. Milli amaly lukmançylygymyza öň Türkmenistanyň çäginde edilmeýän onlarça täze kesel anyklaýyş we bejeriş usullary ornaşdyryldy. Bu bolsa işe ukyply raýatlarymyzyň saglygyny gaýtadan dikeltmäge we durnukly işe ukypsyzlygyň, maýyplygyň öňüni almaga ýardam berdi.

“Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň ynsanperwer ugry Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giňden açyldy, şonda ilatyň saglygyny goramak meseleleri diňe bir lukmançylyk ulgamyna degişli bolmak bilen çäklenmän, jemgyýetçilik, döwlet we şahsy ileri tutulýan ugurlaryň hataryna goşuldy hem-de durmuş-ykdysady ösüşiniň ähli ugurlaryny gurşap aldy. Bu ösüşiň esasynda bolsa adam, onuň abadançylygy, mynasyp durmuşy durýar. Häzirki wagtda saglygy goraýyş ulgamynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan syýasat, bir tarapdan her bir adamyň öz saglygy baradaky jogapkärçiligiň ýokarlandyrylmagyny göz öňünde tutýan bolsa, beýleki tarapdan döwletimiz munuň üçin giň mümkinçilikleri we uly goldawy berýär.

Şeýlelikde, saglygy goraýyş syýasaty daşky gurşawy goramak, ykdysady hem-de bilim, medeni we ruhy, sport ulgamlarynda hem durmuşa geçirilýär. Bir söz bilen aýdylanda, adamlaryň doly derejeli beden we ruhy saglygy üçin ähmiýete eýe bolan ähli ugurlarda amala aşyrylýar. Köpçülikleýin bedenterbiýe hereketi, ýurdumyzda azyk önümleriniň düzüminiň we görnüşleriniň gowulandyrylmagy, arassaçylyk-ekologiýa kadalarynyň üpjün edilmegi, adamlaryň zähmet, okuw, durmuş hem-de dynç alyş şertleriniň gowulandyrylmagy, maşgalanyň mertebesiniň ýokarlandyrylmagy, ahlak gymmatlyklarynyň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar bolmagy – bularyň ählisi milletiň sagdynlygy nukdaýnazaryndan jemgyýete hem-de adama ägirt uly peýda getirýär.

Döwlet Baştutanymyz sagdyn durmuş kadalaryny berkarar etmek bilen, ildeşlerimize şahsy görelde görkezýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow boş wagtyny işjeň geçirmegiň, sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň tarapdary bolmak bilen, öz sözüniň hiç haçan işden aýra çykmaýandygyny aýdyň subut edýär. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ilaty bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek boýunça görülýän çäreleriň netijeliligi oňyn görkezijileri gazanmagyň esasy şertleriniň birine öwrüldi.

Hazaryň kenarynda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda sagdynlygyň we dynç alşyň giň möçberli düzümi peýda boldy. Saglygy goraýyş merkezleriniň, kaşaň myhmanhanalaryň, şypahanalaryň hem-de dynç alyş öýleriniň keselleriň öňüni alyş we bejeriş babatda iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegi deňiz şypahana zolagynyň halkara derejesine laýyk gelýändigine şaýatlyk edýär. Keselleri bejejişi guramak rnukdaýnazaryndan, türkmen şypahanalary häzirki wagtda dünýä derejesine çykýar, şol sanda ýurdumyzyň lukmançylyk hyzmatlarynyň, melhemlik serişdeleriniň eksport gymmatlygyny ýokarlandyrýar. Şol serişdeleriň köpüsi örän täsindir. Bu barada milli Liderimiziň “Türkmenistan — melhemler mekany” kitabynda jikme-jik gürrüň berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy işleri ýurdumyzyň lukmanlarynyň işinde uly goldaw berýär. Milli Liderimiziň kitaplary adamy şahsyýet hökmünde kemala getirmäge, ýaşlary milli däp-dessurlaryň esasynda terbiýelemäge ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, saglygy berkitmek, keselleriň öňüni almak, dikeldiş-bejeriş boýunça ylmy gollanma bolup hem hyzmat edýär. Bu kitaplaryň dünýäniň dürli dillerine terjime edilmegi netijesinde, olar halkara ylmy toparlarda uly meşhurlyga eýe bolup, hyzmatdaşlygyň hem-de özara düşünişmegiň ösdürilmegine ýardam edýär. “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltlik ensiklopediýa ägirt uly meşhurlyga eýe boldy. Onda fitoterapiýanyň aýratynlyklary jikme-jik beýan edilýär.

Döwlet Baştutanymyz tutuş durmuş-ykdysady gurluşykda saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn orun berip, ony lukmançylyk kömeginiň häzirki zaman standartlaryna, ýurdumyzyň lukmançylyk däpleriniň we dünýäniň häzirki zaman tejribesiniň gazananlarynyň utgaşdyrylmagyna, ilatyň saglygyny goramaga toplumlaýyn çemeleşmäge gönükdirýär. Munuň özi bolsa tutuşlygyna ýaşaýyş-durmuşyň ähli görkezijileri babatda has-da gowulandyrylmagyny göz öňünde tutýar.

Saglygy goraýyş ulgamynyň kämilleşdirilmegi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüş strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhüm şertidir, ilatyň saglygy, her bir raýatymyzyň abadançylygy bolsa bu ösüşiň esasy maksadydyr. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täzeçillik işi bilen durmuşa geçirýän, halkymyzy has-da jebisleşdirýän milli ideýasydyr.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter