Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Baku — 2015” birinji Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşar | TDH
Syýasat habarlary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Baku — 2015” birinji Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşar

опубликованно 11.06.2015 // 890 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Baku şäherine ugraýar, döwlet Baştutanymyz Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýewyň çagyrmagy boýunça hormatly myhman hökmünde “Baku — 2015” ilkinji Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşar.

Häzirki döwürde sport dünýä halklarynyň hoşniýetli erk-isleglerini baglanyşdyrýan özboluşly dostluk köprüsi bolmak bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýar. Dürli medeniýetleriň we sebitleriň jebisleşmeginde barha uly orun eýelemek bilen, sport parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna we ählumumy bagtly geljegiň bähbidine oňyn gatnaşyklary ýola goýmaga hyzmat edýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ruhubelentligiň we sagdynlygyň ykrar edilen merkezi hökmünde dünýä sport giňişliginde barha öňdäki orunlary eýeleýändigini bellemek gerek. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçirilýän, milletimiziň saglygyny berkitmäge, beden taýdan kämil we sagdyn ruhly täze nesli kemala getirmäge gönükdirilen syýasatyň ileri tutulan ugry hökmünde çykyş edýär.

Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirmek barada çözgüdi kabul etmegi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň belent halkara abraýynyň, onuň sport ulgamynda gazanýan ýokary netijeleriniň nobatdaky ykrarnamasydyr. Türkmenistanyň Orta Aziýa döwletleriniň arasynda şeýle iri sport çärelerini geçirmek hormatyna eýe bolan ilkinji ýurtdygyny bellemek buýsançlydyr.

Mälim bolşy ýaly, Aziýa we Okeaniýa ýurtlaryndan müňlerçe türgenleriň çykyş etjek bu sport ýaryşlary üçin ýörite ak mermerli türkmen paýtagtynda sebitde iň iri köpugurly sport toplumy bina edilýär. Ýakyn geljekde bina edilýän ajaýyp sport desgalary diňe bir Aziada — 2017-niň geçiriljek ýerine öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem, eýýäm iri halkara ýaryşlarynda ýokary netijeler görkezýär türkmen türgenleri üçin ähli şertler döredilen türgenleşik meýdançasy bolup hyzmat eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar, olaryň barşynda möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleri, şol sanda sport ulgamynda gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter