Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munuň duşuşygy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munuň duşuşygy

опубликованно 13.06.2015 // 1245 - просмотров
 

Aşgabat, 13-nji iýun (TDH). Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Munuň arasynda gepleşikler geçirildi.

Irden belent mertebeli myhman özüne bölünip berlen kabulhanadan Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumyna tarap ugrady. Bu ýerde, merkezi girelgäniň öňünde BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Muny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli we tüýs ýürekden garşylaýar. Türkmen döwletiniň Baştutany belent mertebeli myhmany ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Öz gezeginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary türkmen Liderini BMG-niň wekiliýetiniň agzalary hem-de BMG-niň Türkmenistanda işleýän düzümleriniň ýolbaşçylary bilen tanyş edýär.

“Oguzhan” zalynda Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň we BMG-niň baýdagynyň öňünde däp boýunça resmi surata düşüriliş dabarasyndan soň, türkmen döwletiniň Baştutany iri halkara guramasynyň ýolbaşçysyny ikitaraplaýyn gepleşikler geçirilýän zala geçmäge çagyrdy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti bilen BMG-niň Baş sekretarynyň arasyngda ikiçäk gepleşikler geçirildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany türkmen topragynda mübärekläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baştutanyny Aşgabatda ýene-de kabul etmäge tüýs ýürekden şatdygyny nygtady. Bu gurama bilen Türkmenistany strategiki häsiýete eýe bolan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Türkmen döwletiniň Baştutany BMG-niň Baş sekretarynyň şu saparyna ýurdumyzda uly ähmiýet berilýändigini belläp, şu duşuşygyň ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän däp bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

BMG-niň Baş sekretary bildirilen myhmansöýerlik we göwünaçyk kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistana ýene-de gelmek mümkinçiligine örän şatdygyny nygtady. Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga örän uly üns berýär. Belent mertebeli myhman şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolandygyna 20 ýyl dolýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy bu şanly sene bilen mähirli gutlady. Şu ýyl BMG-niň döredilmeginiň 70 ýyllygynyň hem bellenip geçilýändigi bellärliklidir we munuň özi örän wajyp waka bolup durýar diýip, Pan Gi Mun aýtdy.

BMG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baştutanynyň örän oýlanyşykly döredijilikli içeri we daşary syýasatyna ýokary baha berdi. Şol syýasat netijesinde ýurtda durmuş-ykdysady ösüşde uly sepgide ýetildi, iri möçberli maksatnamalar we taslamalar durmuşa geçirilýär, halkyň abadan durmuşy üçin hemme zerur şertler döredilýär diýip, ol belledi.

Soňra jenap Pan Gi Mun Aşgabat barada özünde galan täsirlerini aýdyp, türkmen paýtagtynyň gün-günden gözelleşýändigini, munuň hem ýurtda amala aşyrylýan özgertmeler ýaly Türkmenistanyň saýlap alan ýolunda gazanan belent üstünliklerine şaýatlyk edýändigini belledi.

Milli Liderimiz we belent mertebeli myhman duşuşygyň dowamynda Türkmenistan-BMG hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşyp, köptaraply mümkinçilige eýe bolan netijeli özara hereketleri mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak we ösdürmek barada pikirlerini aýtdylar.

Dünýä derejesinde durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi hökmünde ekollogiýa meselesi hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde atlandyryldy. Mälim bolşy ýaly, bu ulgamda ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň we Rio-de-Žaneýrodaky (Braziliýa) “Rio+20” Bütindünýä maslahaty, BMG-niň Sendaýdaky (Ýaponiýa) Tebigy betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak boýunça III Bütindünýä maslahaty hem-de Tegudaky (Koreýa Respublikasy) VII Bütindünýä suw maslahaty ýaly beýleki iri halkara maslahatlarynyň münberlerinden beýan eden birnäçe anyk başlangyçlaryň awtory bolup durýar. BMG-nyň, beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde bu möhüm ugurda oňyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak ugrunda çykyş edip, Türkmenistan bütin adamzady tolgundyrýan meseleleriň sazlaşykly çözgüdini işläp düzmekde işjeň orny eýeleýär.

Daşky gurşawy goramak, biologiýa köpdurliligi goramak, tebigy serişdenleri aýawly peýdalanmak, ýaşyl innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we umuman ekologiýa howpsuzlygy üpjün etmek ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine çykaryldy. Türkmenistanda ykdysadyýet we durmuş ulgamynda durmuşa geçirilýän uly möçberli milli özgertmeler maksatnamalarynyň ählisi adamlaryň ähli babatda durmuşynyň abadançylygynyň möhüm şerti hökmünde ekologiýa aladalary bilen ykjam baglanyşyklydyr. Her ýyl Türkmenistanda umumymilli bag ekmek möwsümi geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde emele gelen uly möçberli gök zolaklar onuň netijeleri boldy.

BMG-niň tebigaty goramaga degişli esasy maksatnamalaryna goşulyp, ýurdumyz bu resminamalaryň düzgünlerini milli kanunçylyga ornaşdyrmak boýunça maksada laýyk işleri alyp baryp, öz üstüne alan borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär.

Häzirki ýagdaýlar babatda Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda ýöriteleşdirilen düzümi—Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjy möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şol merkeziň işi üçin türkmen tarapy Aşgabatda zerur bolan düzümleri bermäge taýýardyr. Kanunçylyk derejesinde howanyň üýtmegi boýunça milli strategiýanyň kabul edilmegi hem bu ulgamda ýurdumyzyň umumy tagallalara hakyky goşandy bolup durýar.

Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler gönüden-göni suw serişdelerini goramak we aýawly peýdalanmak wezipeleri bilen utgaşyklydyr we türkmen döwleti bu ulgamda gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygy ýola goýmaga örän işjeň gatnaşýar. Şu babatda Türkmenistan köptaraply gatnaşyk etmegiň täze syýasy -diplomatik görnüşi hem-de halkara derejesinde ulgamlaýyn gepleşikler hökmünde “suw diplomatiýasy” pikirini işjeň öňe ilerletmek üçin şertleri döretmegiň zerurdygy barada ençeme gezek beýan etdi, şeýle hem BMG-niň Suw Strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjy öňe sürdi.

Şunda ýurdumyzyň suwdan netijeli we aýawly peýdalanmak işinde uly tejribä eýedigini bellemek gerek. Şuňa degişli däpler türkmen halkyna gadymy asyrlardan bäri mahsusdyr. Şu ýerde Garagumyň jümmüşinde täsin “Altyn asyr” Türkmen kölüni gurmak boýunça durmuşa geçirilýän uly möçberli taslamany aýdyň mysal hökmünde getirip bolar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň ekerançylyk ýerlerinden lagym suwlaryny ýygnamak üçin amala aşyrylýan bu taslamanyň ilkinji nobatdakysy 2009-njy ýylda ulanmaga berildi. Bu çylşyrymly suw tehniki ulgamynyň desgasy oba hojalyk ekinleriniň melioratiw ýagdaýlaryny gowulandyrmagy, topragyň kem-kemden ýaramazlaşmagyny goramagy, öri meýdanlaryň suwuny köpeltmegi, balyk hojalygyny ösdürmegi, suw serişdeleriniň ätiýaçlygyny döretmegi goşmak bilen, bar bolan ekologiýa, ykdysady we durmuş meselelerini üstünlikli çözmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistan Araly halas etmek ýaly sebit üçin örän wajyp bolan meseläniň çözgüdini tapmakda hem başlangyçly çemeleşmelerini görkezip, Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň gatnaşmagynda bu meselä toplumlaýyn çemeleşmek ugrunda çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Rio+20” Bütindünýä maslahatyň münberinden Türkmenistanyň BMG-niň Aral üçin ýörite maksatnamasyny işläp düzmek baradaky başlangyjy beýan etdi. Araly halas etmegiň halkara gaznasyny döredijileriň biri bolmak bilen, ýurdumyz sebitiň ýurtlarynyň hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň bu ugurdaky umumy tagallalaryny artdyrmaga ýardam etmäge ymtylýar.

Hazarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, onuň baý bioköpdürliligini we täsin ekoulgamyny gorap saklamaga aýratyn üns berip, Türkmenistan Hazar sebitinde daşky gurşawy goramak meselelerine garamak hem-de degişli teklipleri we maslahatlary işläp taýýarlamak üçin hemişelik hereket edýän edara hökmünde Hazar ekologiýa maslahatyny guramak barada teklibi öňe sürdi. Ýurdumyz şeýle hem Hazar deňziniň suw biologiýa serişdelerini goramak we oýlanyşykly peýdalanmak hakynda Ylalaşygy taýýarlamagyň başyny başlaýjy bolup çykyş etdi. Şol Ylalaşyga geçen ýylyň sentýabrynda Astrahanda /Russiýa Federasiýasy/ geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň IV maslahatynyň netijeleri boýunça gol çekildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we BMG-niň Baş sekretary şeýle hem sebit we dünýä ähmiýetli binäçe beýleki wajyp meseleler boýunça özara pikir alyşdylar.

Soňra gepleşikler “Gorkut ata” zalynda iki tarapyň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretaryny we wekiliýetiň ähli agzalaryny mübärekläp, ýurdumyza gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin belent mertebeli myhmana minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bu saparyň aýratyn ähmiýeti bar. Çünki bu sapar ýubileý ýylynda – Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 70 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmeginiň 20 ýyllygy giňden bellenilýän döwründe amala aşyrylýar.

Hut Birleşen Milletler Guramasynda biziň bitarap, parahatçylyk, söýüji, hiç bir bileleşige girmeýän döwlet bolmak baradaky islegimiz dünýä bileleşiginiň ähli agzalary tarapyndan ykrar edildi diýip, türkmen Lideri aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz howpsuzlyk, ýaragsyzlanmak we sebitde ösüşi üpjün etmek babatda Türkmenistanyň öňe sürýän halkara başlangyçlaryna berýän goldawy üçin, Birleşen Milletler Guramasyna minnetdarlyk bildirdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýalyň, bu Gurama ýurdumyza milli ösüşiň ykdysady, ekologiýa ugurlarynda we beýleki köp ugurlarda, demokratik institutlarymyzy kemala getirmekde we kämilleşdirmekde uly ýardam berýär. Biz bu abraýly halkara Guramasynyň kömegine ýokary baha berýäris.

Türkmenistanda 2015-nji ýyl Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edildi. Biziň halkymyz bu taryhy senäni tutuş dünýä bileleşigi bilen bilelikde giňden belleýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mümkinçilikden paýdalanyp, BMG-niň Baş sekretaryny Aşgabatda bu şanly senä bagyşlanyp, dekabr aýynda geçiriljek Halkara maslahatyna hem-de baýramçylyk dabaralaryna çagyrdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň belent ynsanperwerlik taglymatlary – döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylyk söýüjilik, adalatly, deňhukukly gatnaşyklary alyp barmak, birek - biregiň medeniýetine we özboluşly ösüşine hormat goýmak biziň daşary ýurtlar bilen gatnaşyklarymyzda baş ýörelgelerimizdir diýip, türkmen Lideri nygtady.
Birleşen Milletler Guramasy bilen giň gerimli, anyk maksada gönükdirilen we uzak geljegi nazara alýan hyzmatdaşlyk etmek – Türkmenistanyň saýlap alan strategiki ýoludyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk soňky döwürde has işjeň we netijeli ösdürilýändigini, bu hyzmatdaşlygyň howpsuzlyk meselelerinden başlap, demokratik institutlary ösdürmäge, daşky gurşawy goramaga we gender syýasatyna çenli möhüm ugurlaryň ählisini öz içine alýandygyny belledi.

Biziň ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň köp sanly ýöriteleşdirilen agentlikleri we institutlary hemişelik esasda işleýär. Bu edaralaryň hatarynda Ösüş maksatnamasyny, Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissaryň müdirligini, Çagalar gaznasyny, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasyny, Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi, Ilat gaznasyny görkezmek bolar. Biz şeýle hyzmatdaşlygy giňden goldaýarys diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy .

Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi eýýäm 7 ýyl bäri işleýär. Bu Merkeziň açylmagy sebitleriň parahatçylykly we sazlaşykly ösmegi, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara guramalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek üçin zerur şertleri döretmekde dünýä bileleşiginiň alyp barýan işleriniň ugrunyň birdigini ýene-de bir gezek tassyklady. Bu Sebit merkeziniň Aşgabatda ýerleşdirilmegini biz Bitarap döwletimize bildirilen uly hormat we ynam hasaplaýarys diýip, Türkmenistanyň Baştutany belledi.

Biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde halkara meseleleri çözülende syýasy-diplomatik çäreleri ileri tutmak hakyndaky Jarnamany kabul etmek baradaky başlangyjy öňe sürýr. Biz Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde hoşmeýilli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmegi maksat edinýäris. Şoňa görä-de, sebitiň döwletleriniň we goňşy ýurtlaryň, şeýle hem gyzyklanma bildirýän halkara guramalarynyň gatnaşmagynda köptaraply syýasy gepleşikleri yzygiderli geçirmegiň guralyny döretmegi teklip edýäris. Biziň pikirimizçe, hyzmatdaşlygyň şeýle görnüşi sebitde syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlardaky ýagdaýlara oňyn täsir eder diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şeýle guraly döretmek üçin ilkinji ädim hökmünde, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Merkezi Aziýada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça maslahaty geçirmegi teklip edýär. Döwlet Baştutanymyz bu başlangyjy Baş sekretaryň goldajakdygyna ynam bildirdi.

Milli Liderimiz Owganystandaky syýasy ýagdaýy düzgünleşdirmek hem häzirki döwürde möhüm mesele bolup durýandygyny, şoňa görä-de, bu ýurtda bolup geçýän oňyn özgerişleri goldamak, owgan halkyna ylalaşyga gelmäge we agzybirligi gazanmaga iş ýüzünde ýardam bermek zerur bolup durýandygyny belledi. Türkmenistan Bitarap ýurt hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda we işjeň gatnaşmagynda giň gerimli owganara gepleşiklerini geçirmek üçin öz syýasy giňişligini hödürleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada aýtmak bilen, syýasy meselelerden başga-da, Owganystana anyk ykdysady goldaw bermek, ýurdy sebit derejesindäki gatnaşyklara hem-de geljegi uly bolan taslamalara çekmek zerur bolup durýar diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýaraglary ýaýratmazlyk we ýaragsyzlanmak boýunça işjeň tagalla etmäge, bu ugurda halkara hukuk binýadyny berkitmäge gönükdirilen çäreleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça gepleşikleri dowam etmegi hem biz halkara bileleşiginiň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeleriň biri hasap edýäris diýip nygtady.

Ýaragsyzlanmak boýunça çäreleri amala aşyrmakda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümlerini kämilleşdirmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Aziýada Birleşen Milletler Guramasynyň Ýaragsyzlanmak boýunça sebit merkezini döretmek meselesine seretmegi hem maksadalaýyk hasaplaýandygyny aýtdy.

Durnukly energiýa we energetika howpsuzlygy Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň srategik ugrudyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi hem-de mälim bolşy ýaly, 2007-nji ýylda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda bu meseläni giňden ara alyp maslahatlaşmak baradaky başlangyç bilen çykyş edendigini belledi. Baş Assambleýanyň energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr ibermek baradaky iki sany rezolýusiýasynyň kabul edilmegi bu ugurda möhüm ädim boldy. Alnyp barylýan bu işleriň ahyrky maksady Birleşen Milletler Guramasynyň ähli meseleleri öz içine alýan resminamasyny işläp taýýarlamak bolup durýar. Bu resminama ählumumy energetiki giňişlikde işleri alyp barmagyň umumy düzgünlerini üpjün etmäge niýetlenendir. Şoňa görä-de, Rezolýusiýanyň düzgünlerine laýyklykda Birleşen Milletler Guramasynyň täze halkara - hukuk resminamasyny taýýarlamak boýunça bilermenler topary döredildi. Bu toparyň birinji mejlisi geçen ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirildi. Biz Birleşen Milletler Guramasy bilen energiýa howpsuzlygynyň meseleleri boýunça işjeň hyzmatdaşlygymyzy dowam ederis diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi hem-de ýurdumyzyň BMG-niň Baş sekretarynyň bu ugurda bize ýardam bermegine we goldawyna bil baglaýandygyny aýtdy.

Türkmenistan howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak meselelerinde hem Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmegi möhüm hasaplaýar. Şoňa görä-de durnukly ösüş boýunça Bütindünýä RIO+20 maslahatynda gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmekde bu Gurama uly ähmiýet berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Durnukly ösüş boýunça döwletara topary özüniň 2007-nji ýylyň iýunynda we 2008-nji ýylyň noýabrynda kabul eden çözgütleri bilen howanyň üýtgemeginiň meseleleri boýunça sebitiň döwletleriniň alyp barýan işlerini utgaşdyrmagy Türkmenistanyň üstüne ýükledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan sebitde netijeli hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Bu işe doly jogapkärçilik bilen çemeleşip, biziň ýurdumyz soňky döwürde sebitde hyzmatdaşlygy işjeň alyp barmaga, zerur ulgamlaýyn gurallary döretmäge gönükdirilen ençeme anyk başlangyçlar bilen çykyş etdi. Gürrüň, hususan-da, Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň döredilmegi barada barýar.

Milli Liderimiz bu Sebit merkeziniň talabalaýyk işlemegi üçin Durnukly ösüş boýunça döwletara toparynyň amatly şertleri döretjekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň Merkeziň işini amala aşyrmak üçin Aşgabatda zerur bolan üpjünçilik ulgamlaryny bermäge taýýardygyny tassyklady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Baş sekretara, ýakyn wagtda Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek boýunça anyk çözgütleri kabul etmek üçin bu başlangyjy goldamak baradaky teklip bilen ýüzlendi. Häzirki döwürde bu Merkeziň işlemegi bilen bagly guramaçylyk, tehniki, maliýe we beýleki meseleler boýunça resminamalar taýýarlandy. Biz bu resminamalary ara alyp maslahatlaşmak üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatyna bermäge taýýar diýip, türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem Merkezi Aziýada ýüze çykýan meseleleri çözmek üçin Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň bölümini açmagy teklip etdi. Bu bölümiň binasyny gurmak we ony saklamak bilen bagly ähli çykdajylary öz üstümize almaga taýýardygymyzy bellemek isleýärin milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasy bilen strategiki hyzmatdaşlyk etmegiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny aýdyp, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça gyşarnyksyz we anyk maksada gönükdirilen işleri alyp barjakdygyny nygtady. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu hyzmatdaşlygyň mümkinçiliginiň örän giňdigini, her ýyl geljegi uly bolan täze ugurlaryň ýüze çykýandygyny kanagatlanmak bilen aýdyp, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýetilen derejesine ýokary baha berdi.

Sözüniň ahyrynda, hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary, hormatly jenap Pan Gi Munuň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ägirt uly hyzmatyny aýratyn belledi, şeýle hem Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge köp ýyllardan bäri goşýan şahsy goşandy üçin, oňa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryna söz berilýär.
Jenap Pan Gi Mun Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berip, ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi bilen döwlet Baştutanymyzy ýene-de bir gezek gyzgyn gutlady. Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, munuň özi 1995-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Rezolýusiýanyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Türkmen Lideriniň BMG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça tagallalaryna goldawyny beýan edip, şeýle hem BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine ýakyndan goldaw berýändigine hoşallyk bildirip, jenap Pan Gi Mun Türkmenistanyň sebitde durnukly ösüşi we howpsuzlygy berkitmekde, netijeli hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmekde netijeli syýasatynyň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.

BMG-niň Baş sekretary BMG-niň Aşgabatdaky öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň netijeli işleýändigini bellemek bilen, Merkezi Aziýada suw meseleleri, şol sanda topragyň ýagdaýyny gowulandyrmak bilen baglanyşykly amala aşyrylýan taslamalaryň ähmiýetini nygtady.

Jenap Pan Gi Mun sözüni dowam edip, terrorçylyga garşy göreşmek babatda umumy tagallalary has-da birleşdirmegiň zerurdygyny nygtady. Geljekde bu ugurda BMG-niň hereket etmegiň degişli meýilnamasy möhüm ädim bolmaga hyzmat etmelidir we muňa sebit we halkara derejesinde ýokary baha berilýär diýip, BMG-niň Baş sekretary aýtdy.

Jenap Pan Gi Mun Türkmenistanyň yzygiderli ykdysady ösüşini kanagatlanma bilen nygtap, bütin dünýäde maliýe-ykdysady çökgünligiň dowam edýändigine garamazdan, ýurdumyzyň bu ulgamda uly ösüşlere eýe bolýandygyny belledi.

Belent mertebeli myhman ekologiýa meselesine degip geçip, Türkmenistanda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurduň ekologiýa abadançylygynyň pugtalanmagyna ýardam berýän amala aşyrylýan giň möçberli bagy-bossanlyga büremek maksatnamasy ähmiýetli ýagdaý bolup çykyş edýär.

BMG-niň Baş sekretary energetika ulgamynda halkara gatnaşyklary baradaky meselelere ünsi çekip, bu ugurda Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän taslamalaryň, şol sanda täzeden dikeldilýän energiýa serişdeleri babatda, hususan-da, gün we ýel energiýasyny ulanmak baradaky taslamalaryň ähmiýetini nygtady. Birleşen Milletler Guramasynyň edaralary hem öz nobatynda bu ugurda netijeli işleri alyp barýarlar.

BMG-niň amala aşyrýan işleri maliýe-ykdysady ulgamyna hem degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, jenap Pan Gi Mun BMG-niň bu babatdaky tagallalaryny hem-de tekliplerini goldamagy milli Liderimizden haýyş etdi. Bu hem Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan syýasatynyň bütin dünýäde dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüler.

BMG-niň Baş sekretarynyň belleýşi ýaly, türkmen Lideriniň durmuşa geçirýän oýlanyşykly we öňdengörüji syýasaty netijesinde 2016-2030-njy ýyllar üçin ösüş maksatnamasynyň goldanylmagyna garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, jenap Pan Gi Mun Türkmenistanyň diwersifikasiýa ýörelgelerine esaslanan ykdysadyýetiniň üstünlikli ösdürilýändigine ýokary baha berdi.

BMG-niň Baş sekretary şeýle hem Türkmenistanyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Bütindünýä banky, ÝUNESKO we beýleki düzümler bilen ýakyndan işläp, digeşil maglumatlar binýadynyň döredilmeginde goldaw berjekdigine ynam bildirdi. Dünýäniň ähli ýurtlarynyň we halkara guramalarynyň şol maglumatlardan peýdalanmaga mümkinçiligi bolar. Munuň özi biziň başlangyçlarymyzyň biridir diýip, Pan Gi Mun aýtdy hem-de bitewi utgaşdyrylan maglumatlar binýadynyň dörediljekdigini belledi. Nygtalyşy ýaly, şunuň netijesinde dürli banklaryň, hususan-da, Aziýa ösüş bankynyň, Ýewropa ösüş we özgeriş bankynyň, Orta Gündogar banklarynyň maglumatlar binýady giňeldiler.

Jenap Pan Gi Mun BMG bilen hyzmatdaşlyga ýakyndan goldaw berýändigi üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirip, şu ýyl Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 70 ýyllygynyň bellenilýändigine ünsi çekdi we Türkmenistan-BMG hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmak üçin bu iki şöhratly senäniň uly ähmiýetini aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, iri halkara guramasynyň ýolbaşçysy biziň ýurdumyzyň BMG-niň adam hukuklary baradaky degişli edaralary bilen özara hereketlerine ýokary baha berdi.

BMG-niň Baş sekretary milli Liderimize Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň işine berýän goldawy hem-de bu edaranyň binasy baradaky teklibi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Owganystanyň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly sebit maslahatyny geçirmek baradaky teklibini goldady.

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz we BMG-niň Baş sekretary “Magtymguly” zalyna bardylar, şol ýerde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiz duşuşygyň netijeleri barada aýdyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary jenap Pan Gi Muny türkmen topragynda ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mübärekledi we geçirilen netijeli gepleşikler üçin belent mertebeli myhmana we BMG-niň wekiliýetiniň ähli agzalaryna minnetdarlyk bildirdi. Bu gepleşikler özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak we açyklyk ýagdaýynda geçdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýynyň we mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, sebit we halkara meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alşylandygyny belläp, duşuşygyň Türkmenistanyň we BMG-niň dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge taýýardygyny tassyklandygyny nygtady. Hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin iki tarapyň hem uly mümkinçilikleri bar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Birleşen Milletler Guramasy bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistan üçin ileri tutulýan strategik ugur bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasynyň dünýädäki häzirki şertlerde durnukly ýagdaýy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň kepili bolup durýandygyna biz doly ynanýarys. Bu abraýly Guramanyň beýik ynsanperwer garaýyşlary, Düzgünnamasyndaky ýörelgeler bolsa, halkara gatnaşyklarynyň ahlak we hukuk esasy bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Birleşen Milletler Guramasyny özgertmek bilen bagly meselede Türkmenistan hut şu garaýyşlardan ugur alýar diýip, türkmen Lideri aýtdy we bu özgertmeleriň BMG-niň dünýädäki ornuny berkitmäge we giňeltmäge gönükdirilen bolmalydygyny nygtady. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň, onuň Baş sekretarynyň bu Guramanyň işine has depginli, netijeli, açyk, demokratik häsiýet bermäge gönükdirilen tagallalaryny goldaýar. Biz şu maksatlardan ugur alyp, Howpsuzlyk Geňeşiniň gurluşyny kämilleşdirmegiň, Baş Assambleýa bilen BMG-niň bu edarasynyň arasynda ysnyşykly we netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň zerurdygy baradaky garaýyşlary öňe sürýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şonuň bilen birlikde, esasy zat – bütin dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde halkara jemgyýetçiliginiň esasy guraly hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň köptaraply kanuny üýtgewsiz we berk bolmalydyr. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, duşuşygyň barşynda Türkmenistan-BMG hyzmatdaşlygynyň täze many-mazmun bilen baýlaşyp, netijeli, yzygiderli we özara gyzyklanma bildirilýän häsiýete eýedigi kanagatlanma bilen bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, häzirki döwürde Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň birnäçe ýöriteleşdirilen edaralarynyň – BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň, Çagalar gaznasynyň, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň, Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň, Ilat gaznasynyň hemişelik esasda iş alyp barýandygyny nygtady. Biz bu işi mundan beýläk-de dowam ederis.

Gepleşikleriň barşynda sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi we howpsuzlygy berkitmek bilen bagly meselelere aýratyn ähmiýet berildi. Türkmenistan we BMG bu ugurda mundan beýläk-de ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşyp, ähli içerki we halkara meselelerini diňe parahatçylykly ýol bilen, syýasy serişdeler arkaly çözüp bolýandygyna ynanýandyklaryny beýan etdiler diýip, döwlet Baştutanymyzyň gürrüňini dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, ştab - kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işine ýokary baha berildi.

Duşuşygyň çäklerinde Owganystandaky ýagdaýy düzgünleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Owganystanda bar bolan ähli meseleleri diňe parahatçylykly ýol bilen, syýasy - diplomatik usullar arkaly çözmäge eýerýändigi baradaky ýörelgesi beýan edildi.

Gepleşikleriň barşynda, şeýle hem ýaraglary ýaýratmazlyk we ýaragsyzlanmak işlerini güýçlendirmek, şeýle hem degişli halkara –hukuk binýadyny giňeltmäge gönükdirilen çäreleri ara alyp maslahatlaşmak ýaly, halkara jemgyýetçilginiň öňünde durýan möhüm meseleleri çözmekde bilelikdäki tagallalaryň wajypdygy nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz bu barada aýtmak bilen, Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan erkin zolak hakyndaky şertnamany durmuşa geçirmegiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi. Biziň ýurdumyz BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasarynyň edarasy bilen ýaragsyzlanmak we bu ugurda birnäçe başlangyçlary durmuşa geçirmek meseleleri boýunça işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýada Ýaragsyzlanmak boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjy öňe sürýändigini aýtdy.

Özara pikir alyşmalaryň dowamynda ýene-de bir möhüm mesele – energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna ygtybarly ibermegiň şertlerini üpjün etmek barada meselä garaldy. Bu meseläni çözmek üçin ulgamlaýyn usullary işläp taýýarlamagyň zerurdygyna dünýä jemgyýetçiliginiň düşünýändigini kanagatlanma bilen belledik diýip, milli Liderimiz aýtdy we Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmegi boýunça iki rezolýusiýanyň kabul edilmeginiň bu ugurda möhüm ädim bolandygyny belledi. Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň ählisi bu rezolýusiýalary goldady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu mesele boýunça ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etmek barada ylalaşylandygyny habar berip, taraplaryň dünýä energetika giňişliginde alnyp barylýan işleriň umumy ýörelgelerine eýermegi üpjün etmäge niýetlenen täze halkara –hukuk resminamasyny işläp taýýarlamak boýunça halkara bilermenler toparynyň işini goldamak barada bir pikire gelendiklerini nygtady.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak bilen bagly meseleler boýunça Türkmenistan-BMG hyzmatdaşlygy meselesi jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.
Durnukly ösüş boýunça “Rio+20” bütindünýä maslahatynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi, şeýle hem sebit derejesindäki özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek hem-de bu ulgamda wzipeleri çözmäge ulgamlaýyn çemeleşmeleri döretmek barada özara pikir alşyldy.

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, ýurdumyzyň BMG-niň howandarlygynda we işjeň gatnaşmagynda ýöriteleşdirilen edarany – Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmegi teklip edendigini nygtady. Bu Merkeziň esasy maksady tebigatyň üýtgemegi bilen bagly tehniki we tehnologiki hyzmatdaşlygy höweslendirmekden ybaratdyr. Şeýle hem, milli şertlere we ileri tutulýan ugurlara laýyklykda Merkezi Aziýa we Hazar sebiti ýurtlarynyň ýüz tutmagy esasynda maksatnamalary we taslamalary işläp düzmäge we amala aşyrmaga ýardam bermekdir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Umuman, BMG-niň Baş sekretary bilen geçirilen gepleşikler Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge biziň özara gyzyklanýandygymyzy we taýýardygymyzy tassyklap, ara alnyp maslahatlaşylan meseldeleriň ählisi boýunça çemeleşmeleriň ýakyndygyny görkezdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Türkmen Lideri şu duşuşygyň netijelerine kanagatlanma bildirip, onuň ähmiýetini, şol sanda duşuşygyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda geçirilýändigi babatda ähmiýetini nygtady hem-de belent mertebeli myhmany bu şanly senä bagyşlanyp, dekabrda geçiriljek Halkara maslahatynyň işine we baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.

Sözüniň ahyrynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Muna Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge we berkitmäge şahsy goşant goşýandygy we gyzyklanma bildirýändigi üçin aýratyn minnetdarlyk bildirdi.

BMG-niň baş sekretary žurnalistlere ýüzlenmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanyny we türkmen halkyny
BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň oňyn bitaraplygy baradaky Rezolýusiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy bilen gutlady.
Şu gezekki gepleşiklere hem Türkmenistanyň hökümet agzalarynyň gatnaşandygyny belläp, jenap Pan Gi Mun doly özara düşünişmek we ynam ýagdaýynda geçen gepleşikleriň jemlerine kanagatlanma bildirdi.

Belent mertebeli myhman şeýle hem Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Aşgabatdaky Sebit merkeziniň üstünlikli işleýändigini nygtady. BMG-niň baş sekretarynyň belleýşi ýaly, ýakyn wagtda Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde durnukly ösüş meselelerine bagyşlanan ýokary derejeli maslahat geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, jenap Pan Gi Mun Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçirilýän oňyn syýasatyň ähmiýetini nagtady, bu syýasat daşky gurşawy goramak ulgamy ýaly möhüm işi hem öz içine alýar.

Iri halkara guramasynyň ýolbaşçysy ýurdumyzda adam hukuklary boýunça doly hukukly wekiliň edarasyny döretmek baradaky çözgüdiň möhüm häsiýetini belläp, BMG-ni Türkmenistanyň degişli Teswirnamasyny tassyklamaga çagyrdy. Biz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleri we adam hukuklary boýunça ýörite geňeşi bilen hyzmatdaşlygyny goldaýarys diýip jena Pan Gi Mun aýtdy. Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, onuň ýolbaşçylyk edýän guramasy türkmen döwletiniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Internet we Internet hyzmatlary ulgamynda özara çemeleşmeleri beýan etmek boýunça tagallalaryny doly goldaýar we bu ugurdaky işi dowam etdirmegi göz öňünde tutýar.

BMG-niň baş sekretary çykyşynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Owganystana hem-de Nepala berilýän ynsanperwerlik kömek, şeýle hem owgan bosgunlaryna işjeň goldaw edilýändigi üçin hoşallyk bildirdi. Şunda belent mertebeli myhman raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanyň raýatlygyny bermek boýunça türkmen Lideriniň Baştutanlygynda geçirilýän möhüm işleriň ähmiýetini nygtady. Iri halkara guramasynyň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, türkmen döwleti bu ulgamda giň möçberli işleri alyp barýan öňdebaryjy ýurtlaryň hatarynda çykyş edýär. Türkmenistanyň Hökümetine raýatlaryň hukuklaryny üpjün etmek boýunça möhüm ähmiýetli çäreleri üstünlikli durmuşa geçirilmegine ägirt uly üns berilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, jenap Pan Gi Mun bu çäreleriň BMG-niň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi we türkmen döwletiniň Baştutanyny ýurduň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan uly üstünlikler bilen gutlady.

Belent mertebeli myhman sözüniň ahyrynda netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekde hem giňeldiljekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine ýokary döwlet wezipesinde jogapkärli işinde täze uly üstünlikleri, ähli türkmenistanlylara bolsa abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumyndan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine tarap ugrady, şol ýerde belent mertebeli myhmana bu ýokary okuw mekdebiniň “Hormatly doktory” diýen ady dakmak dabarasy boldy.

Bu ýokary okuw mekdebi paýtagtyň merkezinde bina edilen okuw şäherçesiniň binagärlik keşbiniň bir bölegi bolup, ýurdumyzda iň ýaş okuw binasydyr. Okuw şäherçesi özünde Türkmenistanyň DIM-niň halkara gatnaşyklar institutyny hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň toplumyny birleşdirýär.

Geçirilen söhbetdeşligiň barşynda ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylary
BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Muny Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň döreýşiniň taryhy we mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletiň maksada gönükdirilen goldawy hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli berýän ünsi we işjeň aladasy netijesinde milli ýokary okuw mekdep ýurdumyzyň we dünýäniň iň oňat tejribesine, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryna daýanyp, günüň talaplaryna laýyklykda, ylym-bilim we terbiýeçilik mümkinçiligini artdyrýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini depginli döwrebaplaşdyrmakda işgärler üpjünçiliginiň, ýurduň täze, ylma degişli pudaklaryny yzygiderli ösdürmegiň hem-de bilimlere esaslanan jemgyýeti kemala getirmegiň zerurlygy bilen baglanyşykly bolan iň täze bilim ülňüleriniň yzygiderli ornaşdyrylmagy ýokary okuw mekdebiň tutuş ulgamynyň düýpgöjter täzeden guralmagyna, soňky ýyllarda ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamagyň täze onlarça ugurlarynyň girizilmegine getirdi.

2014-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti döredilip, ýurdumyzyň bilimi ni dünýä derejesine çykarmak ýolunda, hakykatdan-da, ähmiýetli waka öwrüldi. Milli Liderimiziň Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän iri möçberli bilim özgertmeleriniň esasynda goýlan ajaýyp pikirleri bu iri taslamada şu ulgamda innowasion häsiýetli mundan beýläkki özgertmeler üçin nusgalyk görelde bolup hyzmat edip biljek hil taýdan täze keşbe eýe boldy.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti hünärleriň 14-si boýunça bilim bermek üçin her ýylda 300 töweregi talyplary kabul edip bilýär.Uniwersitetde : filosofiýa, sosiologiýa, halkara jemagat hukugy, halkara hususy hukuky, halkara gatnaşyklar we dünýä syýasaty, žurnalistika, halkara ykdysadyýeti, halkara täjirçiligi, halkara maliýe, ätiýaçlandyryş işi, halkara menežment, kompýuter tehnologiýasy, kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi, maglumat we kommunikasiýa tehnologiýasy ugurlar boýunça bilim berilýär.

Bu okuw binasynda ýurdumyzda ilkinji gezek bilim bermegiň iki basgançakly ulgamy—bakalawriat hem-de magistratura girizildi. Munuň özi bütin dünýäde ykrar edilen ýeke-täk bilim beriş ülňülerini döretmegiň talaplaryna laýyk gelýär. Bu ýerde okuwlar tölegli esasda we iňlis dilinde alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, iňlis dilini kämilleşdiriş we talybyň geljekki hünäri boýunça terminologiýalary öwreniş bir ýyllyk okuw göz öňünde tutuldy.

Ýokary okuw mekdebiniň şäherçesi bir wagtyň özünde talyplaryň 2 müňüsiniň bilim alýan baş okuw binasyny, 800 talyp üçin umumy ýaşaýyş jaýlaryň üçüsini, naharhanany, üsti ýapyk sport toplumyny, woleýbol, basketbol, tennis we beýlekiler üçin üsti açyk meýdançany özünde birleşdirýär.

Täze okuw binasynyň okuw otaglary enjamlaşdyrylanda iň döwrebap elektron tehnologiýalary—multimediýa enjamlary, Internetiň bilim serişdelerine elýeterliligi üpjün edýän öwrenmegiň interaktiw serişdeleri peýdalanyldy, bularyň hemmesi, şeýle hem uniwersitetiň elektron kitaphanasy, kompýuter we lingafon otaglary, maglumat binýady, mugallymlara okuwlary gyzykly we mazmunly geçirmäge, talyplara bolsa öwrenýän derslerini çuňňur özleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Täze ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin, şeýle hem daşary ýurtlaryň esasy okuw merkezleriniň serişdelerine goşulyp bilmek mümkinçiligi döredilendir, şeýlelik bilen, olaryň elektron binýadynda bar bolan meşhur alymlaryň we mugallymlaryň sapaklaryna ýüzlenip bolýar.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti hem bu halkara ulgamyna birigip, öz mugallymlarynyň sapaklarynyň sanly görnüşlerini hödürledi.

Tanyşdyrylyş çäresinden soň, BMG-niň wekiliýetiniň agzalary ýokary okuw mekdebiniň maslahatlar zalyna geçýär. Bu ýerde şanly waka mynasybetli türkmen paýtagtynyň ylmy jemgyýetçiliginiň, uniwersitetiň professor-mugallymlar düzüminiň wekilleri, talyplar ýygnandylar.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory E.Aýdogdyýew dabarany açyp, bu ýere ýygnananlaryň adyndan belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, häzirki günüň aýratyn ähmiýetli waka hökmünde ýokary okuw mekdebiniň taryhyna girjekdigini belledi.

Bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan döwrüň wajyp wezipelerini çözmekde işjeň orun tutýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategiki ugry bolup durýar. BMG-niň ýöriteleşdirilen esasy agentlikleri we edaralary bilen bilelikde ýurdumyzda möhüm milli maksatnamalar we taslamalar durmuşa geçirilýär. BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munuň Türkmenistana häzirki sapary hem iki tarapyň dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän köptaraply özara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ygrarlydygynyň ajaýyp subutnamasy bolup durýar.

Soňra çykyş eden BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun öz gezeginde bu ýere ýygnananlary şanly waka—Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň “Akademiki täsir hereketi” dünýä möçberli başlangyçlaryna goşulmagy bilen gutlady.

Jemgyýetçilik habarlary Departamenti tarapyndan amala aşyrylýan bu maksatnama 2010-njy ýylyň noýabrynda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda resmi taýdan badalga berildi. Ony döretmek baradaky başlangyç Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Muna degişlidir. Onuň maksady dürli ugurly ýokary okuw mekdepleri tarapyndan hödürlenýän BMG-niň adam hukuklaryna, durnukly ösüşe, parahatçylygy pugtalandyrmaga we meseleleri çözmäge, şeýle hem bilimi, medeni gatnaşyklary hem-de halkara gatnaşyklarynyň beýleki ugurlaryna degişli ýörelgelerini we başlangyçlaryny akademiki jemgyýetçilik tarapyndan goldamakdan ybaratdyr.

Häzirki wagtda dünýäniň 100-den gowrak ýurdundan ýokary okuw mekdepleriniň 900-den gowragy hem-de 40 töweregi akademiki ulgamlar bu başlangyja goşuldy.

Bu ýere ýygnananlaryň elçarpyşmalary astynda BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektoryna degişli şahadatnamany gowşurýar.

Professor-mugallymlar düzüminiň adyndan BMG-niň Baş sekretaryna ýokary okuw mekdebiniň işine beren ýokary bahasy üçin hoşallyk bildirip, rektor häzirki wakanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Birleşen Milletler Guramasy hem-de Akademiki täsir hereketine agza beýleki guramalar bilen uzakmöhletli hyzmatdaşlyk üçin binýat boljakdygyna ynam bildirdi.

Dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň ýokary attestasion toparynyň BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Muna Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda köptaraply hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşan uly şahsy goşandy üçin “Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hormatly doktory” diýen ady dakmak hakynda çözgüdi yglan edilýär.

Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly elçarpyşmagynda uniwersitetiň ýolbaşçysy BMG-niň Baş sekretaryna milli türkmen donuny we ak telpegi geýdirýär we degişli şahadatnamany gowşurýar.

BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Muna söz berilýär.

Belent mertebeli myhman ýygnananlaryň öňünde çykyş etmek bilen, Türkmenistan bilen irleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky, şol sanda ynsanperwerlik ulgamynda hyzmatdaşlygyň okgunly, netijeli häsiýetini kanagatlanmak bilen belledi. Bellenilişi ýaly, BMG parahatçylygy, durnuklylygy hem-de durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmegi özüniň baş wezipesi hasaplaýar we şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan dünýä syýasy, ykdysady hem-de hukuk giňişligine üstünlikli goşulyşmak bilen, raýatlyk jemgyýetiniň kemala gelmegine, demokratik edaralaryň işiniň kämilleşdirilmegine uly üns berýär, milli bilim ulgamyny ösdürmek boýunça netijeli çäreleri durmuşa geçirýär.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň “Akademiki täsir hereketi” atly ählumumy ösüş başlangyjyna goşulmagy bilim ulgamynda netijeli halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Munuň özi uniwersitete umumydünýä ösüş meseleleri boýunça pikir alyşmak üçin türgenleşik meýdançasyna öwrülmäge mümkinçilik berer, bu geljekki hukukçylar, ykdysadçylar we žurnalistler üçin örän möhümdir diýip, jenap Pan Gi Mun belledi.

Merkezi Aziýada we ählumumy möçberde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýän Türkmenistanyň açyk we parahatçylyk söýüjilik syýasatyna ýokary baha berip, BMG-niň Baş sekretary şu ýyl 20 ýyllygy belleniljek Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň ähmiýetini aýratyn nygtady. 2015-nji ýylyň iýun aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 69-njy mejlisinde BMG-niň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi türkmen Bitaraplygynyň oňyn ähmiýetini ýene bir gezek tassyklaýar.

Soňra jenap Pan Gi Mun 2015-nji ýylyň bütin adamzat üçin möhüm ýyldygyny aýtdy. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl 15 ýyl mundan ozal kabul edilen Müňýyllygyň ösüş maksatlarynyň möhleti dolýar. Dünýä bileleşiginiň liderleri 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ählumumy maksatlary we wezipeleri kesgitleýän täze maksatnamany kabul etmeli bolarlar. BMG-niň howandarlygy astynda tutuş dünýä boýunça degişli geňeşmeler geçirildi, oňa Türkmenistan hem gatnaşdy.

BMG-niň Baş sekretary çykyşynyň dowamynda Türkmenistanda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek we “ýaşyl ykdysadyýete” geçmek bilen baglanyşykly möhüm milli maksatnamalaryň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen bir hatarda, biziň ýurdumyz sebit boýunça goňşy ýurtlar bilen suw meselelerini çözmekde, suwdan rejeli peýdalanmak boýunça netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler häzirki we geljekki nesilleriň bilelikdäki tagallalaryny talap edýän biziň döwrümiziň ählumumy wezipeleriniň biridir.

Adam hukuklaryna hormat goýmak we olary berjaý etmek parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi üpjün etmegiň örän möhüm şerti bolup durýar diýip, Pan Gi Mun, bu ulgamda BMG-niň ýörite maksatnamasyny mysal getirdi.

Dabara tamamlanandan soň, BMG-niň Baş sekretary bu ýere ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden ugrady.

Günüň ikinji ýarymynda BMG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Mejlisine bardy. Ol ýerde milli parlamentiň başlygy we komitetiniň ýolbaşçylary duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda BMG-niň baştutany we onuň ýolbaşçylyk edýän wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň ýokary kanunçykaryjy edarasynyň esasy wezipeleri, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen kanunçykaryjylyk ulgamynda düýpli özgertmeleri geçirmek babatynda onuň işiniň ugurlary bilen tanyşdyryldy, bu işiň kämilleşdirilmegi döwlet ösüşiniň uly möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini çaltlandyrmaga ýardam berer.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda dünýä kanunçykaryjylyk tejribesiniň esasy ugurlaryny öz içine alan ygtybarly kanunçylyk binýady döredildi. Birleşen Milletler Guramasy bilen gol çekilen resminamalar we möhüm konwensiýalara goşulyşmak bilen bir hatarda alnyp barylýan işler Türkmen döwletiniň dünýä hukuk giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Işlenip taýýarlanylýan we kabul edilýän kanunçylyk namalary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we durmuş ösüşiniň wezipelerini üstünlikli çözmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, milli parlamentiň işiniň baş maksady demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak, Türkmenistanyň ykdysady hem-de durmuş taýdan ösüşine kuwwatly itergi bermek, onuň halkara abraýyny berkitmek, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, adam azatlyklarynyň we hukuklarynyň üpjün edilmegi bolup durýar.

Mejlisiň halkara derejesinde alyp barýan işlerine deglip geçmek bilen, BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri, hususan-da, BMGÖM, UNISEF, Ilat gaznasy, Türkmenistanda Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdiriýetiniň wekilhanasy, şeýle hem beýleki halkara guramalar, şol sanda ÝHHG, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasy bilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Nýu-Ýorkda BMG-niň ştab-kwartirasynda geçiriljek Parlamentleriň baştutanlarynyň 4-nji Bütindünýä maslahatyna we Parlamentleriň zenan baştutanlarynyň 10-njy duşuşygyna gatnaşmak barada aýdylyp geçildi.

BMG-niň Baş sekretary jenap Pan Gi Mun hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen şu gün geçirilen gepleşikleriň aýratyn netijeli häsiýete eýe bolandygyny onuň barşynda sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny nygtap, Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda hyzmatdaşlygyň barha ösdürilýändigini kanagatlanmak bilen belledi hem-de biziň ýurdumyzyň häzirki döwrüň ählumumy meselelerini çözmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýandygyny aýtdy.

BMG-niň baştutany türkmen parlamentiniň kanunçykaryjylyk we halkara işine oňyn baha berip hem-de Türkmenistanyň mundan beýläk-de demokratik ýol bilen ösdürilmegine we şahsyýetiň hukuklarynyň ileri tutulmagyna ygrarlydygyny aýdyp, Mejlisiň alyp barýan giň göwrümli işine ýokary baha berdi, milli kanunçylyga adam hukuklarynyň halkara kadalarynyň ornaşdyrylmagy, şeýle hem ýurdumyzyň möhüm halkara konwensiýalaryň birnäçesine goşulyşmagy bu işiň möhüm netijeleri bolup durýar. BMG-niň Baş sekretary parlament tarapyndan alnyp barylýan işiň ählumumy parahatçylygy we abadançylygy pugtalandyrmakdaky ähmiýetini nygtap, bu maksatlara ýetmek üçin umumy tagallalary geljekde hem birleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Şu gün saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde BMG-niň Baş sekretary Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasyna bardy, şol ýerde BMG-niň biziň ýurdumyzda resmi taýdan bellenen agentlikleriniň işgärleri, şeýle hem ýurdumyzda ýerleşýän jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen duşuşdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçirilýän Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň toplumlaýyn, hemmetaraplaýyn ösmeginiň ygtybarly binýadyny goýan iri möçberli özgertmelere,şeýle hem hormatly Prezidentimiziň sebitde we tutuş ýer ýüzünde ählumumy howpsuzlygyň täze keşbini kemala getirmäge we durnukly ösüş üçin oňyn şertleri döretmäge gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha berip, BMG-niň baştutany köp ýyllyk gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi. Soňky ýyllarda üstünlikli amala aşyrylan bilelikdäki taslamalar we maksatnamalar üçünji müňýyllygyň Ählumumy maksatlaryna ýetmek üçin milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine gönükdirilen beýleki iri çäreler bu hyzmatdaşlygyň netijelidiginiň subutnamasydyr.

Bagtyýar geljegiň bähbidine tagallalary birleşdirmegiň möhümdigini ýene bir gezek bellemek bilen, belent mertebeli myhman BMG-niň Aşgabatda ýerleşýän düzümleriniň işgärlerine Türkmenistan bilen barha işjeňleşýän hyzmatdaşlygyň çäklerinde üstünlikli işlemegi arzuw etdi.

BMG-niň Baş sekretarynyň şu gezekki saparynyň maksatnamasynda Milletler Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezine baryp görmegi göz öňünde tutuldy, dünýäniň iri halkara guramasynyň ýolbaşçysy BMG-niň Hemişelik wekilhanasynda geçirilen duşuşyk tamamlanandan soň bu ýere geldi.

Bu ýerde daşary ýurt we türkmen žurnalistleri bilen geçirilen duşuşykda BMG-niň Baş sekretary Birleşen Milletler Guramasynyň 2007-nji ýylyň dekabrynda döredilen we häzir sebitiň möhüm meselelerini çözmekde, özara ynam we hormat goýmak gatnaşyklaryny kemala getirmekde Sebit merkeziniň uly orun eýeleýändigini aýtdy.

Sebit merkezi özüniň hereket edýän ýyllarynyň dowamynda BMG bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda suw-energetika meseleleri, ykdysady we durmuş, neşelere garşy we halkara terrorçylygyna garşy göreş ýaly möhüm meseleleriň birnäçesi boýunça gyzyklanma bildirilip, oňyn gepleşikler geçirilýän meýdança öwrüldi. Umumy pikir boýunça, tebigy serişdelere örän baý bu sebitiň durnukly ösüşi bar bolan meseleleriň çalt çözülmegini talap edýär, olar goşulyşmak hereketini we sebitiň döwletleriniň durmuş-ykdysady ösüş depginlerini togtadýar. Şu maksatlar bilen BMG-niň Sebit merkezi sebitiň ýurtlary, şeýle hem iri halkara guramalary, şol sanda ÝHHG, ŞHG we GDA bilen köptaraplaýyn duşuşyklary, maslahatlary we beýleki çäreleri yzygiderli geçirmek arkaly ýakyn hyzmatdaşlykda üstünlikli işleýär.

--Men şu ýyllaryň içinde bitirilen uly işleri gyzgyn mübärekleýärin diýip, jenap Pan Gi Mun nygtady hem-de BMG-niň Sebit merkeziniň sebitiň ýurtlary üçin gymmatly hyzmatdaşa öwrülip, olaryň transmilli wehimlere garşy göreşmäge gönükdirilen tagallalaryny goldaýandygyny we höweslendirýändigini kanagatlanma bilen belledi. Bular çylşyrymly çagyryşlardyr, emma biziň bilelikdäki möhüm başlangyçlarymyzy öňe ilerlemäge ýardam bermäge başarnygymyzyň oňat netijeleri berjekdigine ynanýaryn diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň ýolbaşçysy aýtdy.

Belent mertebeli myhman şeýle hem özüniň Türkmenistana bolan ilkinji saparyndan bäri geçen bäş ýylyň içinde ýurdumyzyň ýokary depginli ösüşini, şol sanda ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň berkarar bolmagyna hem-de durnukly ösüş üçin şertleri döretmäge netijeli we has täsirli gural hökmünde özüni görkezen öňüni alyş diplomatiýasy babatda ösüşini aýratyn belledi.

Şu geçen ýyllarda beren kömegi we goldawy hem-de Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň netijeli işlemegi üçin döredilen ajaýyp mümkinçiliklere Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk sözlerini aýdyp, BMG-niň Baş sekretary ýurdumyzyň eýeleýän işjeň ornunyň täze bilelikdäki taslamalaryň çäklerinde mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat boljakdygyna ynam bildirdi.

Bu ýere ýygnanan žurnalistler hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işgärleri bilen hoşlaşyp we olara işlerinde täze uly üstünlikleri arzuw edip, BMG-niň Baş sekretary öz kabulhanasyna ugrady.

Agşam hormatly Prezidentimiz belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi, onda türkmen döwletiniň Baştutany we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary söz sözlediler.

BMG-niň ýolbaşçysynyň biziň ýurdumyza häzirki saparynyň onuň doglan güni bilen gabat gelmegi bellärliklidir. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhmanyň adyna gutlaglar hem-de berk jan saglyk, abadançylyk we onuň jogapkärli işinde uly üstünlikler baradaky arzuwlar aýdyldy.

***

Şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Munuň maşgalasy hanym Pan Sun-Taek Türkmenistanyň Jemgy ýetçilik guramalarynyň merkezine bardy, şol ýerde ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşinde duşuşyk geçirdi. Belent mertebeli myhman üçin medeni maksatnama guraldy, oňa bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşlyk çäresi, aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary, şeýle hem Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Gülzaman” modalar öýi tarapyndan taýýarlanan lybaslaryň nusgalarynyň görkezilişi girizildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter