Guşakly göreş boýunça ýaryşlarda türkmen pälwanlary 5 bürünç medal gazandylar | TDH
Aşgabat-2017

Guşakly göreş boýunça ýaryşlarda türkmen pälwanlary 5 bürünç medal gazandylar

опубликованно 20.09.2017 // 980 - просмотров
 

V Aziada guşakly göreş ýaryşlarynyň ikinji güni nusgawy görnüşdäki tutluşyklar bilen dowam etdi. Biziň türgenlerimiz sportuň bu görnüşinde ýokary netijeleri görkezýärler.

Türkmen pälwanlarynyň 14-si final duşuşygyna çykdylar, özi-de iki finalda diňe ildeşlerimiz gatnaşar. Bu bolsa ýygyndy toparymyza altyn we kümüş medallary kepillendirýär. Ýeňijiler günüň ikinji ýarymynda kesgitlener.

Nusgawy görnüşde bürünç baýragynyň eýeleri eýýäm kesgitlendi. Türkmen türgenleriniň arasynda bürünç medallary Myrathan Azadow (55 kg), Agajan Täçmuhammedow (60 kg), Orazmyrat Orazmyradow (70 kg), Gulfiýa Jumaýewa (55 kg), Dinara Hallyýewa (65 kg) dagy eýeledi.

Şu gün başa-baş söweşleriň ýene-de biri bolan kuraş boýunça ýaryşlar başlandy. Bu ýaryşda hem milli ýygyndymyz ýokary netijelere dalaş edýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter