Milli göreş boýunça türkmen türgenleri 23 altyn medal gazandylar | TDH
Aşgabat-2017

Milli göreş boýunça türkmen türgenleri 23 altyn medal gazandylar

опубликованно 19.09.2017 // 1208 - просмотров
 

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda 18-nji sentýabrda milli göreş boýunça bäsleşikler tamamlandy. Ol Türkmenistan üçin şowly boldy – biziň türgenlerimiz sportuň bu görnüşinde 23 altyn, 14 kümüş we 9 bürünç medal gazandylar.

Bu üstünlik ýadawsyz türgenleşikler hem-de uly tejribe netijesinde gazanyldy. Milli türkmen göreşi boýunça ähli päsgelçilikleri ýeňip geçir ýeňşe çenli baryp ýetdiler.

100 kilogramdan ýokary agram derejede göreş boýunça iki altyn medalyň eýesi R.Orazalyýew “Aşgabat 2017” oýunlarynyň sylaglarynyň özi üçin has gymmatlydygyny, sebäbi olary Olimpiýa şäherjiginiň ajaýyp desgasynda, öz ýakynlarynyň gatnaşmagynda gazanandygyny aýdýar.

57 kilogram agram derejede iki altyn medala eýe bolan A.Goçow bäş ýylyň dowamynda yzygiderli türgenleşendigini, Oýunlaryň başlamazyndan öň ýany şikes alandygyna garamazdan ýeňiş gazanandygyny guwanç bilen aýdýar.

Göreşiň erkin we nusgawy görnüşleri boýunça zenanlaryň arasynda 70 kilograma çenli agram derejede iki gezek ýeňiji bolan Nasiba Surkiýewa tutuş toparyň sazlaşykly işländigini, munuň bolsa üstünlige getirendigini belleýär.

Daşary ýurt sport synçylary ýaryşlaryň jemlerini teswirläp, göreşiň Türkmenistanda sportuň milli görnüşi bolup durýandygyny,türgenleriň Aziadada gazanan ýeňşiniň bolsa türkmen milli göreşini ösdürmäge we bütin dünýäde wagyz etmäge itergi berjekdigini belleýärler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter