Özbek Lideri Türkmenistanyň Prezidentini “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylmagy bilen gutlady | TDH
Syýasat habarlary

Özbek Lideri Türkmenistanyň Prezidentini “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylmagy bilen gutlady

опубликованно 17.09.2017 // 1104 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli görşüp, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Türkmenistanyň Baştutany özbek kärdeşini Aşgabatda kabul etmäge örän şatdygyny belläp, türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň häzirki ýokary derejesiniň we netijeliliginiň iki tarapyň ähli ugurlar boýunça özara hereketleri hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga berk syýasy erkiniň bardygyny görkezýändigini nygtady.

Goňşy ýurduň Baştutany ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly goşandy nygtap, möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça garaýyşlaryň ýakynlygy ýa-da gabat gelýändigi bilen tapawutlanýan özbek-türkmen gatnaşyklaryny kanagatlanma bilen belledi.

Özbek Lideri pursatdan peýdalanyp, türkmen Liderini Aziada-2017-niň açylmagy bilen gutlady hem-de Merkezi Aziýanyň taryhynda şeýle derejedäki ýaryşlaryň ilkinjisi boljak bu yklymlaýyn oýunlaryň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini belledi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň Baştutanlary ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi babatda täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Şawkat Mirziýoýew özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň işjeň ösdürilmegi, ýygjam işewür aragatnaşyklaryň höweslendirilmegi hem-de däp bolan ynsanperwer gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagy ugrunda pikirlerini aýtdylar.

Medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi söhbetdeşligiň aýratyn meselesi boldy. Kökleri asyrlaryň çuňluklaryna uzap gidýän iki döwletiň medeni we taryhy umumylygy onuň esasy bolup durýar. Iki halkyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek maksady bilen, medeni alyş-çalyşmalary hem-de ylmy gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegiň wajypdygy bellenilip, yzygiderli esasda iki ýurduň alymlarynyň we hünärmenleriniň gatnaşmagynda halkara maslahatlarynyň geçirilmegine özara gyzyklanma beýan edildi.

Belent mertebeli myhman ýokary derejede ösdürilmegine üns berilýän sport ulgamyndaky özara gatnaşyklar barada aýdyp, Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň türgenleriniň iki ýurtda geçirilýän ýaryşlara däp boýunça işjeň gatnaşýandygyny belledi. Özbek Lideri Aziada-2017–niň açylyşyna bagyşlanyp Aşgabatda geçiriljek dabaralaryň ähmiýetine degip geçip, bu ýaryşlaryň sebitiň we dünýäniň dürli döwletleriniň arasynda sport gatnaşyklaryny pugtalandyrmak babatda nobatdaky ädime öwrüljekdigini nygtady.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter