Şeýle hem okaň
05.12.2019 | Döwrebap ýyladyşhana açyldy
28.11.2019 | Türkmenistan Ýewraziýanyň telekommunikasiýa aragatnaşyk merkezine öwrülýär
23.11.2019 | Birža täzelikleri
21.11.2019 | Lebap welaýatynyň şalyçylary döwlet tabşyrygyny amal etdiler
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Täjigistandan we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, ýangyç mazudyny satyn aldylar. Mundan başga-da, Russiýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Kiprden, Gruziýadan, Pakistandan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçilere tüýjümek önümler, nah ýüplük, pagta süýümi, azyklyk bugdaýy ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 14 million dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine BAE-niň we beýleki ýurtlaryň işewürler toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 1 million 852 müň manatlyk ýod erginini we saryja goýnunyň ýüňüni satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 2 million 450 müň manatdan gowrak polipropileni (TNGIZT) we azyklyk bugdaýy satyn aldylar.
Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün