Oýunlaryň ikinji gününde futzal, tennis we taýboks boýunça ýaryşlar geçirildi | TDH
Aşgabat-2017

Oýunlaryň ikinji gününde futzal, tennis we taýboks boýunça ýaryşlar geçirildi

опубликованно 17.09.2017 // 934 - просмотров
 

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ikinji gününde futzal boýunça oýunlar dowam etdi, uly tennis hem-de taýboksy boýunça ýaryşlar başlandy.

Türkmen tennisçisi Isa Mämmetgulyýew Olimpiýa şäherjiginiň merkezi tennis meýdançasynda iki döwde 6:2; 6:0 hasaby bilen Kiribatiden gelen türgen Bira Tebatibungdan üstün çykdy. Milli tennis mekdebimiz öz derejesini görkezdi, indi Isa ýaryşlaryň ikinji aýlawynda bäsleşigini dowam eder.

Ikinji iki duşuşyk zenanlaryň gatnaşmagynda geçirildi hem-de olaryň netijeleri boýunça Indoneziýadan Aldila Sutžiadi hem-de Fijiden Rubi Koffin ikinji aýlawa çykdy.

Taýboksy boýunça ilkinji tutluşyklaryň altysy geçirildi. Olara iki sany türkmenistanly hem gatnaşdy. 81 kilograma çenli agram derejesinde HHR-dan bolan Du An Döwletmyrat Güýjewiň öňünde durup bilmedi. Indi biziň boksçymyz çärýek final duşuşykda hytaýly ýene-de bir türgen, ýagny owganystanly Farid Bahary ýeňen Luo Kan bilen duşuşar.

60 kilograma çenli agram derejesinde taýboksy boýunça tutluşykda biziň pälwanymyz Maksatmyrat Alyýew 27:30 hasap bilen yrakly Ahmed Al-Saýediden asgyn geldi.

Taýboksy boýunça tutlyşyklar ertir dowam eder we şonda çärýek finala çykmak üçin öz agram derejelerinde ýene-de birnäçe türkmen türgenleri bäsleşer.

Futzal boýunça zenanlaryň arasyndaky ýaryşlarda şu gün toparçalardaky ýarym finalçylar kesgitlendi.

Futzal boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy 3:1 hasaby bilen HHR-iň toparyndan ýeňildi. Biziň toparymyz üçin ýaryş dowam edýär, “A” toparçasynda soňky tapgyrda öňdebaryjy Ýaponiýanyň toparyna mynasyp garşylyk görkezmäge çalyşmaly. Şu gün ýapon futzalçy gyzlar 3:2 hasaby bilen Gonkongyň toparyndan üstün çykyp, jemi alty utuk toplady. “A” toparçadan ýaprym finalda oýunlary dowam etmek üçin ikinji ýollanmanyň ykbalyny HHR-iň hem-de Gonkongyň toparlary özara tutluşygynda çözer.

“B” toparçasynda bolsa eýýäm ýarym finalçylaryň ikisi hem kesgitlenildi, olar Tailandyň hem-de EYR-nyň toparlary bolup, özara tutluşykda toparçanyň öňdebaryjysy belli bolar.

Ýaryşlaryň birinji gününiň netijeleri boýunça türkmen ýygyndy toparynyň medallaryň 37-si, şol sanda 16 altyn medal bilen ilkinji orunda ynamly barýandygyny ýatladýarys. Toparymyzyň yz ýanyndan gelýän Özbegistanyň ýygyndy toparynda jemi 13 medal bolup, şolaryň ikisi altyn medaldyr. Ýaryş tertipnamasynda üçünji orunda ýedi medal (iki altyn) bilen Tailandyň ýygyndysy barýar.

Ertir, 18-nji sentýabrda tennis, taýboksy hem-de futzal boýunça ýaryşlar dowam eder. Ýene-da ýeňil atletika, jiu-jitsu, taekwondo, trek welosiped ýaryşlary, milli türkmen göreşi we agyr atletika boýunça medallar ugrunda ýaryşlar ýaýbaňlanar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter